Şeýleikde mongollar Çingizhanyň baştutanlygynda türkmen döwleti bolan Horezm şalygyna ilkinji zarbany urdylar. Horezm şalygy
şol döwür üçin mahsus bolan uruş alyp barmagyň ähli tärlerini ulanmak arkaly şalygy goramak üçin elinde baryny edýärler.
Birinji yza çekilmek,
ikinji galada gabawda durup uruş etmek, üçünji açyk meýdanlarda hüjüme geçmek. Horezm şalygy ullakan döwletdi. Onuň
goşunynyň sag ganaty Rus döwletine baryp dirense onuň çep ganaty Hindistanda durdy. Şunyň ýaly giň meýdany birbada basyp
alyp bilmek Çingizhanyň elinden gelmejek zatdy. Häzirki döwüriň taryhçylary Horezm şalygyny mongollara garşy durmakda
nalajedeýin edip görkezmekçi bolaýrlar. Olaryň bu islegleri umuman biderek zat. Çingizhanyň özi türkmenleriň dolandyrýan
bu äpet döwletini özüne tabyn etmek isläni anyk ýagdaý emma Çingizhanyň özi bu türkmen döwletini tabyn edip bilmän ölüp gitdi.
Ol Hindistanda duran Jeleleddin hany yzarlap onuň yzyndan bardy. Emma Jelaleddin han oňa tutdyrmady. Ol aýlaw ýol bilen yza ýene
Horezme gaýytdy. Çingizhan ony yzarlamagyny dowam edip ol hem öz gezeginde Hindistandan yzyna gelýärkä ýolda öldi. Ýöne onuň nämeden
ölendigi hiç kime aýan däl. Şol sanda Jelaleddiniň nämeden ölendigini hiç kim bilmeýär emma hemma aýan Jelaleddin Çingizhandan soň
gaty köp wagtdan soň aradan çykdy. Jelaleddin diňe Çingizhandan yza tesdi bir-iki gezek emma
onuň özünden başga hiç kim Jelaleddini yza
çekdirip biljek serkerde ýokdy. Diýmek Çingizhan ölenden soň Jelaleddin mongol goşunlaryny söweşiň hemme ýerinde ýeňildi we mongol
goşunlary Horezm şalygyny ýeňip bilmän Jelaleddin hana boýun egdiler. Indi Horezm şalygynyň paýtagty täze Ürgenje
göçürildi. Bu wagta çenli Çingizhanyň ogullarynyň türkmen aýallaryndan dogulan nebereleri Gül han we Batyr
han täze serkerdeler bolup ýetişdiler.
Rus döwletinde bolsa ol wagtlar türkmen taýpalary bolan torklar, peçenegi, polowesler durdy.
Bu taýpalar Rus döwleti bilen oňuşykly ýagdaýdady. Bu ýerde hem ilkinji zarbany türkmen taýpalary özüne çekdiler.
Emma ol döwüre gelip köp zat üýütgedi. Rus ýazyjysy Ýanyň ýazmagyna görä Rus döwletine çozanlar eýýäm Hörezmden baran türkmen
taýpalyrynyň täze bir görnüşidi. Türkmen taýpalarynyň köpdügini özüňiz hem bilýäňiz. Bu gezekki çozan türkmenlere ruslar
tatarlar diýip at berdi. Rus döwleti bilen oňuşykly bolan türkmen taýpalary torklar, peçenegiler we polowesler we ýenede
birnäçe türkmen taýpalary ruslar tarapda duryp Horezmden baran türkmenlere garşylyk görkezdiler.
Bü gürrüňden soň size käbir zatlar düşnükli bolandyr. Soňra Mamaý han bilen Togtamyş hanyň ady
tutylaýndyr. Togtamyş hanyň asly teke-türkmenlerden. Tekede häzir hem togtamyş tiresi bar. Bilýän bolsaňyz. Şeýlelikde ruslar bilen
türkmenler hemişede biri-birini gowy tananlar. Emma ruslar Petr1 döwründe azyp gidýär. Ol nemesleri ýurda sürüp getirip olardan ýarag, korabl
ýasamany öwrenýär. Üstesine rus goşunynyň generallaryň aglabasy nemesler bolan. Şundan soňky rus patyşalary nemes we fransuzlara
ýykgyn edip olar bilen dil birikdirip Gündogara ýagny türkmenler tarapa gaýydýarlar. Ilki bilen Mangyşlaga çozýar. Ol ýerdäki
türkmenleri gysyp çykarýar. Türkmenler ol döwürde parahatçylyk ýagdaýynda bolýarlar.
Ruslar bolsa bu döwürde basybalyjylyk syýasatyna geçýär.
Kem-kemden türkmen taýpalary Mangyşlakdan gysylyp san taýdan azalyp başlaýar. Oňa jogap edip Mangyşlak türkmenleri ruslara garşy çapawulçylyk
syýsatyny goldaýar. Türkmenleriň ruslar tarapyndan ýekelenmegine angliçanlar hem günäkär. Iňlisler ýalandan türkmen tarapynda duryp
türkmenler baradaky harby, ykdysady we beýleki naglumatlary ruslara satýarlar. Ilkibada Eýran türkmenleriň arkasyny alýar emma
uzak gitmän Eýran hem, Hywa hanlygy hem türkmenleri ruslara satýarlar. Dogrysyny aýdanda on dokuzynjy asyra gelip türkmenleriň
ahli goňşy ýurtlary ruslar tarapyndan ilki basylyp alynan bolaýr. Olar ruslardan öler ýaly gorkup olara hyzmat edýär we goňşysy
bolan türkmenleriň üstüne rus goşunynyň düzüminde sürünip gelýärler. Ýöne barybir türkmenler ýeňilmedi. Bu barada biljek bolsaňyz
meniň ýazanlarymy ürç bilen okaň.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 8-05-2024, 22:24

  • Khanture Khanture off № 1 8 мая 2024 23:26
    Maladis dowam et 🙌
    Jogap
  • Гость Гость off № 2 9 мая 2024 10:20
    Taryhy özümize görä ýazmalyňla! Taryhy ýazaňda patriotçylygy bir gyra zyňmaly.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler