Hawa, Çingiz kyrk ýaşyna ýetip her bir adamyň özüne berýän soragyny berdi. Men kim? Näme üçin bu dünýä geldim. Maksadym näme?
Bu soraglar onuň ilkinji gezek özüne çynlakaý beren soragydy. Ençeme wagt bu soragyň üstünde kelle döwdi. Ýöne netije tapman
geziberdi. Çölde mal bakyp ýörende bu soragy özi bilen mal bakýan çopanlara berdi. Olar hem degerli jogaplar bermedi. Biri, garnyň
dok bolsa bolany, ýene bir aýal diýdi, üçünji bolsa kesellemek ýaman diýdi. Seredip otyrsa bu hili soraglary onuň duşan adamlary
özlerine bermändir ýada olar hem onuň özi ýaly jogap tapmandyr. Şeýdip wagt geçiberdi. Çingizi bolsa dert basmarlaberdi.
Göwnüne bolmasa ol beýik bir hyýalda duran ýalydy. Ýöne bu hyýal näme? Ýene jogap ýok. Çingiziň bu wagt üç oguly we iki gyzy bardy.
Çagalaryň ulusy Iluş murty çykan ýetginjekdi. Çingiziň gün ötelgesi bolsa mal bakmak bilen dolanýardy. Atasy sürüni köplenç oňa ynanyp
Iluş bolsa hemişe dawa tapyp gelýärdi. Gowy grýän käri uruşmakdy. Ýöne öýe taýak iýmän gelýärdi. Uruşan günleri bolsa mallaryny
ýitirýärdi ýada mallaryň özleri Iluşsyz agylyna dolanyp gelýärdi. Bu gün bolsa Iluşda ýok. Mallarda ýok. Gün bolsa ýaşmana golaýlady.
Çingiziň aýaly Aýdan oglunyň häli gelmändigini mallaryň bolsa özleriniň dolanmandygyny ärine aýydan wagtynda Çingiziň özi olaryň
gözlegine çykdy. Ol oglunyň mallary nirede bakýandygyny bilýärdi. Dogry şol tarapa ýol aldy. Ullakan ädimleri ätläp derrew diýen ýaly
geldi. Emma bu ýere malda ýok adamda ýok. Yzyna dolanmakçy wagtynda ses eşidilen ýaly boldy. Duryp böwrüni diňledi. Ses ýok ýaly.
Ýöne eşidelen ýaly. Alasarmyk bolup yzyna dolandy. Durmana bolsa wagt ýokdy. Garaňky düşüp başlady. Mallary tapmaly. Iluşyň bolsa
özi dolanar. Ýene ses eşidildi. Bu gezek ses dälde yňňyldy. Anyk ses. Iluşyň sesi. Çingiz iki bökende Iluşyň gana bulanyp ýatan
ýerine bardy. Oguly öldür ýaly urulan. Näme etmeli. Elbetde Iluşy alyp gaytmaly öýe. Arkasyna aldy. Oguly agyrja eken. Öýe getirýänçä
suw der boldy. Aralyk hem ol diýen ýakyn däl. Öýe getirip orta taşlady. Derrew adam bary üýüşdi. Tebibi çagyrdylar. Bir sagat emden soň
Iluş özüne geldi. Näme bolanyny soradylar ondan. Ol meni tuwanlar urdylar. Mallarymy bolsa alyp gitdiler diýdi.
Olar meniň ýekedigimi yzarlan ekenler diýdi. Palçyny çagyrdylar. Ilki bilen mallaryň nirededigini tapmaly. Onsoň tuwanlar bilen
hasaplaşmaly. Palçy ilki bilen ýedi goýun gumalagyny taşlady. Bir zatlar diýip samyrdady. Ýiten mallary gözledi. Her gumalak bir ýana gitdi.
Bir ýere düşen iki gumalak ýok. Palçy gumalaklara seredip ýene bir zatlar samyrdady. Onuň boluşyna seretseň ol Çingizň ýiten
mallaryny uzak ýerlerden gözläýän ýaly boldy. Bolmady gerek. Gumalaklary aýyryp ýedi sany it dişini taşlady keçe üstüne. Gözle diýip
gygyrdy palçy. Özi hem hellesläp mallary gözledi. Arasynda gygyrdy.
Mallar tapyldy. Muňa palçynyň ýüzünde dörän ýylgyryşy görüp ynansaň boljakdy.
Indi ýöne mallary alyp giden adamlar kim?. Bu gezek palçy üç sany ýaldyrap duran daşy ýaýmanyň üstüne taşlady. Daşlar ýaldyrap
özünde töwerekdäki zatlary her hili edip görkezip başlady. Seretseň mese-mälim bir zatlara meňzetse boljak.
Ýöne bu zatalry bu ýerdäki
adamlar hiç görmändi. Görünen zatlary diňe palçynyň özi bilýärdi. Ähli zatlar görünip bolandan soň daşlaryň ýüzünde ullakan ýangynlar
göründi. Bu zatlary gören palçy kellesini tutdy. Hamala kellesi güýçli agyrýan kimin ahh sesini çykardy. Yz ýanyndan bolsa ýalyn
bolsa ýangyn görkezýän daşlary aýaklary bilen depip göýberdi. Bir minut hassyladap otyryp Çingiziň ýüzüne seredip, ullakan uruşlar,
ullakan weýarançylyklar görýärin. Yzyndan bolsa Çingizden sorady. Bu uruşlaryň sebäpkäri sen bolma! Ýiten mallaryňy biz öz
mallarymyzdan bereli emma bu hili uruşlar bize gerek däl. Çingiz egnini gysdy. Häzirlikçe onuň oguly turyp gitse bes. Dogry mallar hem gerek.
Iluşyň öýlenmeli wagty geldi. Mallar şoňa gerek.
Gije bir çene bardy. Sorap gelen adamlar öýli-öýüne dargady.Uklap gizjäni öndermeli wagt boldy. Ýogsa gije gutarmaz. Bu gamly
hem aladaly gijeler. Uklap bilse ne ýagşy. Dem almaly. Ertir irden turyp ýiten mallary gözlemeli. Palçy mallar tapylar diýidi.
Bu sözler oňa teselli berýär. Ýöne Iluş kimden taýak iýdi. Ýogsa bu gezek ol uruşy özi başlamandyr, olar başlapdyr, tuwanlar.
Çingiz tuwanlar barada oýlanyp başlady. Olar başga tireden. Şol bir millet biz ýaly ýöne tapawut berýär olar däbinde. Pikirler
şu ýere gelende uklap galypdyr. Ertesi irden hasanaklap turdy. Ilki Iluşdan habar aldy. Oguly ýaman däl ýaly. Ep-eslije gowulaşypdyr.
Ondan ynjalyp mallaryň gözlegine ugrady. Dogry tuwanlaryň ýaýlagyna ýol aldy. Bir dem alman bardy olaryň obalaryna. Öňünden ilki
çykan tuwandan mallaryny sorady. Ol öz dili bilen Çingiziň dilini garjaşyk edip bir süri eýesiz mallaryň olaryň
ýaýlagyna gelendigini aýytdy.Onda Çingiz ondan ýolbelet bolup mallaryny alyp gitmäne kömek etmegini sorady. Tuwan oňa ýok diýmedi.
Bir sagat geçmän Çingiz tapan mallaryny öz ýaýlagyna tarap sürdi. Hemme zat gowy gidip barýan ýalydy. Çingiziň aladasy azaldy. Ýadyna
Iluş düşdi. Ony öýlendirmek gerek diýi özüne. Agşam enesi bilan maslahat ederinde ogluna gelinlik tapmagyny talap ederin.Şu pikirlere
beriip öňünden çykan adamy görmän galypdyr. Orta ýaşdan ep-esli geçen. Gara uzyn sakgally, kellesinde gara goýun telpek, gözi
ullakan, ýüzi inçetap adam. Gülende ullakan dişlerini ýaldyradýar. Gülmegi gowy görýän adama meňzeýär.
Gelmişekdigi, bu ýeriň adamy däldigi görünip duran adam. Ol Çingize
dik duryp salam berdi. Salamaleýkumsalam!. Çingiz özüne salam berilýänini bildi. Öz gezeginde ol hem salam berdi. Ikisi elleşip
salamlaşdylar.Gelmişek ýylgyryp onuň yzyna düşdi. Çingiziň dilini bilýän ekeni! Ýaýlagyny sorady. Uzak däl diýip Çingiz jogap berdi.
Seniň bilen gitsem bolarmy diýdi gelmişek ýylgyryp. Çingiz ýöräber diýdi. Mallary getirip agyla dykdy.
Iluşdan habar alaýyn diýdi. Gelmişek
hem onuň yzyna düşdi. Gelende Iluşyň ýagdaýy irden görendäki ýaly däldi. Ol gyzdyryp ýatyrdy. Ýüzleri gyp-gyzyl, dodaklary gurap
galypdyr. Tebip bolsa başyny ýaýkap otyrdy. Oglunyň teň halyny gören ata bu halat elbetde ýokmady. Häzirje onuň toýyny
etmek hyýalyndady. Indi bolsa ogly demini sanap ýatyr.Kemala geljegi nämälim. Çingiz öz derdi bilen gelmişegi indi bolsa myhmanyny
ýatdan çykardy. Ýöne ynha ýanynda otyran myhman onuň oglunyň elini eline alan wagty Çingiz gelmişgiň elleriniň
onuň eline meňzemeýändigini aňdy. Şol bir el ýaly ýöne näme üçindir gelmişegiň elleri howada jadyly ýaly hereketleri edýän ýaly.
Myhman hiç zat diýmän meýdana çykdy. Suw sorady. Oňa şu ýerden akýan çeşmäni görkezdiler.Salym geçmän myhman Iluşyň gapdalyna geçdi.
Ýüzüni ilerä öwürdi. Soňra, Augzibillähi hemine şeýtan rejim diýip öz dilinde dogany okap başlady. Her gezek bir dogany okap
Iluşyň ýüzüne seretdi. Haýsy doga oňa täsir eder diýýän ýaly. Bir sagat okalan dogalardan soň okalan doga Iluşy gozgandyrdy. Gözüni
açdyrdy. Myhman dogany okamany dowam etdi. Çingiz myhmana içer ýaly bir zatlar getirip goýmany aýalyna buýurdy. Dogalar elbetde
myhmanyň agzyny guradar. Ýene bir sagat okalan doga Iluşyň ýüzüni ýagtyltdy. Onuň gyzgyny gaçyp başlady. Myhman bolsa okamasyny dowam etdi.
Indi Çingiziň muhmana haýpy gelip başlady. Okamak ony ep-esli egreldeni görünip durdy. Dem alyp okasaň bolmaýarmyka diýip Çingiz
ýanyndakylardan sorady. Olar egnini gysdylar. Gelmişegiň dini başga.Çingiz özge dinleriň bardygyny bilýär emma dini başga bilen bir ýerde
otyryp görmändi. Bir çen boldy gerek, özge dinli ýerinden turyp keselbentden daşa çykdy. Çingiz hem onuň yzyndan ylgady. Ogluma hiz zat
bolmaz gerek diýip sorady. Gelmişek ýylgyrdy. Gorkma ogluň häzir bir derlär onsoň ýerinden turyp meýdana çykar. Şundan soň Çingiz
myhmany öz ýanynda alyp barmagy ýüregine düwdi. Ony myhmançylyga çagyrdy. Bolmandada bu mürähete garaşýan ýalydy. Ýadawdy ahyry ol.
Boş duran öýleriň birine gelmişegi ýerläp Gingiz oňa hyzmata başlady. Bu ýere ýygnanan againileriniň her haýsyna bir iş buýrup özi myhmanyň
garşysynda çökdi. Seretse özi hem ýadan eken. Orta derrew iýer-içer ýaly zat geldi. Hem gürrüňe başladylar hemde iýdilar.
Meniň kimdigim bilen gyzyklanýan bolsaň gerek diýdi myhman Çingize. Çingiz hawa eýsem näme.Onda diňle diýdi myhman oňa. Men Horezm
şalygyndan. Yzyma barýan. Bu ýerde uýgurda boldum. Din byradarlarym bilen. Dogry gidilýan ýol bekli diýdiler. Garakçylar doly diýen
habar geldi ol ýerde. Şonuň üçin siziň ülkäňizden aşyrma ýol arkaly yzyma gaýdyp barýan. Bar bolany şu. Çingize gelmişegiň habary ýokdy.
Göwnüne oýlap ýören soragyna şu adam jogap berjek ýaly bolup göründi. Ýöne çem gelen wagtynda söz açybermeli däl. Çoý ilki myhman syryny
açyp bolsun onsoň gezek meniňki. Myhman bolsa gizleýän zady ýok ýalydy. Bir meýdan din barda sözledi. Onsoň däp-dessura geçdi. Gepleşik
uzak wagta dowam ediberjek ýaly göründi. Çingiz myhmana ýatyp demiňi al onsoň söhbet ederis diýen manyda ümledi. Özüniň bolsa ony taşlap
gidýändigini aýdyp daş çykdy. Bu ýerden çykyp Iluşdan habar aldy. Dogrydanam oglynyň haly indi ep-esli gowy. Garbanypdyr. Meýdana
çykypdyr. Indäm bolsa öz inileriniň edýän bezzatlygyna goşulyp oýnap otyrdy. Öýde hemme zadyň gowydygyny gören mallary meýdana kowasy geldi.
Kiçi ogullarynyň ikisini ýanyna alyp olara mallary sürüň diýdi. Özi hem olara goşulyp eline taýagyny aldy. Ine giden boşluk meýdan.
Aňyrysy görünmeýän. Birden Çingiziň hyýalyna şu zatlar geldi. Ilki ilerä seredip duryp bu tarapda kimler bar diýip sorag berdi. Soňra çepine
aýlanyp, bu tarapda kim bar diýdi. Onsoň arka aýlanyp, bu tarapda buzluklar bar diýdi. Indi bir tarap galdy. Günüň batýan tarapy.
Megerem bu tarapda tuwanlar ýaşaýar diýdi. Yzyndan bolsa tuwanlardan aňyrda kimler bar diýdi. Soraglara jogap tapyp berip bilman durdy.
Ol taraplarda kimleriň bardygyny baryp görmeseň bilmersiň diýdi özüne. Hä, hawa, myhman bilýändir ol taraplarda kimleriň ýaşaýanyny. Agşam
soraryn.Şeýdip gün ýaşdy. Mallar öýe sürüldi. Mallary ýerlemek üçin gerekli buýruklary çagalaryna berdi. Özi bolsa myhmanyň ýanyna girdi.
Myhman bolsa ýene ýüzüni kybla berip doga okaýan bolup çykdy. Doganyň gutaryna garaşdy. Oňa çenli agşamlyga taýynlyk gördi. Çingiziň
hojalygy garyp däldi. Bir-iki myhmany saklamak onuň üçin hiç zat däldi. Myhman jaýyna geçip otyrandan soň onuň kimdigini bilmek üçin
Çingiziň againileri, goňşylary geldi. Hemmeden soň derdinden açylan Iluş hem üýüşmeleňe goşuldy. Oglunyň sag aman galandygyny gören atasy
Çingizň keýpi kök boldy. Güni bilen gamaşyp ýören Çingiz adamlara goşulyp gülüp otyrdy. Myhman bolsa gören-eşidenlerini aýytmana
başldy. Haçanda ol özge ýurtlaryň patyşalarynyň ýaşaýan köşklerini suratlandyran pursady bu ýerde otyranlaryň göhi geldi, olar hem
köşklerde ýaly duýdy özini. Her hili gürrüňlerden soň çynlakaý sorag-jogaplarada geçildi. Ýurtlardaky gidip duran uruşlar barada,
haýsy halklar nähili dinlere ynanýarlar, halklaryň tire-taýpalary barada hem aýdyldy. Gije şeýdip ep-esli boldy. Ukusy gelenler
turyp gitdiler. Iň soňunda hemmeler gidip myhman bilen Çingiziň bir özi galdy. Myhman hem uka meýilli ýaly göründi. Myhman
uklasa bolmaz. Çingiziň ondan bilmeli zady bar. Birazajyk säginip durdy ol pikirini jemläp, biljek zadyny anyk aýytmakçy bolup. Onsoň
bolandyrda şu düzlänim diýip, myhman aýyt hany, ine sen hemişe ýolda, öýüň ýok, öwzaryň ýok. Sen dogry ýaşaýaňmy ýada men diýdi Çingiz
oňa. Myhman şol bir gülümjiremesini edip, aslynda sen dogry edýäň emma seniň dogry ýaşamagyň üçin biz alada edýäris. Eger biz ýurt gezip
bu ýerde bolýan wakalary dünýä jar etmesek adamlar mundanda beter wagşy bolarlar. Ol halda siz perzent diýip hem oýlamarsňyz. Siz
olary bu dünýä gelenden öldürersiňiz. Şeýle halklar hem bar diýdi. Diýmek seniň maksadyň bu adamlary ýabany bolmakdan daş etmek
şeýle dälmi?. Ýok häli doly däl. Adamlary ýabany bolmakdan daş edýän bu din işi. Emma dini adamlara aýytmazdan ozal olaryň agzyny bir ýere jemlemek
gerek. Ýogsa adamlar bir jem bolmasa barybir olar wagşy bolarlar. Myhmanyň bu sözlerini eşiden Çingiz onuň işini öz edip ýören işi
bilen deňeşdirdi. Mal bakmak bilen. Kyrk ýaşyna çenli mal bakdy. Onuň eden işi bilen myhmanyň edýän işi bilen umuman bir ýere syganok. Çingiz
hiç haçan halk barada oýlanmandy. Diňe mallarynyň baş sanyny bilýardi.Onsoň perzentlerini ulaltmak. Perzentler hem malyň yzynda
ulalmalydy. Iň soňky soragy beresi geldi emma onuň üçin bu sorag däldide ýada myhmandan bilim almak däldide myhmanyň ondan üstün
tarapany aňlasy bilesi geldi. Adamlaryň agzyny bir ýere jem etmek üçin näme etmeli myhman. Hä, diýdi myhman. Iň degerlisi uruş.
Uruşdan beýleki zatlar adamy wagtlaýyn birleşdirýär. Onda Çingize myhmanyň öňki aýydany bilen häzirki aýydany gapma-garşy ýaly bolup
göründi. Uruş hem öz gezeginde wagşylyk dälmi? Myhman, hawa wagşylyk emma milleti bir ýere jemläp bir bitewi döwlet gursaň, döwlet
ýolbaşçysy adalatly höküm ýöretse, adamlary bir bitewi Hudaýa ynansa eýýäm eden wagşylygyň öwezini doldurýar. Onsoňam uruşda
hökmany suratda gyrgynçylyk etmeli diýen ýeri ýok. Uruş kim bitewilige garşy çykyp eli ýaragly köp adamy öldürse şolara jeza
hökmünde alynyp barylýar. Çingiziň ýenede sorag beresi geldi. Emma özüni hiç zady bilmeýäne salmana utandy. Ol öz ýurdyna baranda men barada
aýydar diýip sesini goýdy. Myhman bolsa kellesini ýassyga goýup Alla diýdi. Bu onuň Hudaýynyň çyn ady bolsa gerek diýip Çingiz oýlandy.
Bir sellem irkilen ýaly boldy, ýöne ynha gözlerini giň açyp Çingize seredip şeýle diýdi.Siziň halkyňyz irte döwürde biz tarapdan,
Horezm şalygyndan gaýydan türkmen taýpalarynyň biri. Näme üçin bu ýerdedigiňizi bilýäňizmi? Hawa biz türkmenleriň hemmesine
degişli patyşamyz bardy. Onuň üç ogly hem bardy. Iki ogly atasynyň gepine gidip butlara ynandylar. Ol halda onuň üç oglunyň biri bir
Hudaýa ynandy ýagny Alla onuň kalbyna girdi we maňa ynan diýdi. Onuň ady Oguzdy. Oguz özüniň bir Alla ynanýandygyny aýydanda atasy
beýleki iki ogullary we galan ähli nebereleri bilen Oguzyň üstüne süründi. Öz ogluny öldürjek boldy. Oguzda başga alaç galmady. Goranmakdan
başga. Olar köplük bolsa-da Oguz öz az sanly tarapdarlary bilen atasyny we agalaryny söweşde ýeňdi, çünki oňa Allanyň özi kömek berdi.
Oguz ýeňilen garyndaşlaryny bir ýere jemlap ýeke Hudaýa ynanmagy olardan talap etdi. Emma olar buýruga boýun bolmadylar. Şonda Oguz olary
Horezm şalygynda alyp galyp bolmajakdygyna düşündi we olary şu ýerlere sürgün etdi. Indi bolsa siz Horezmden gaýdyp bu ýerlerede
ýaşamaly bolýaňyz. Çingiz bu wagt myhmana ynanmady. Bu hili gepleri biziňkiler hem samahyllap ýörler. Bir eşiden täzeligim hemde
gulagyňa ýokýan zat bu biziň halkymyz bir wagtlar Hörezmde ýaşapdyrys. Ýogsa ol ýere baryp Horezm şalygyny görsem näme bolar.
Çingiziň birden gelmişegiň yzyna düşüp gidiberesi geldi emma öýi, maşgalasy, mallary ýadyna düşüp gidip oýlan pikiri öçüp galdy.
Uklap galypdyrlar. Gijäniň haýsy wagty belli däl. Çingiz oýandy. Myhmanyň yňňyldysyna. Ol yňňyldy bilen garyşykly Alla sesini gaýtalap
ýatyrdy. Gursagyndan bolsa derä dokalan suratmydyr, harpmydyr şekil Çingiz tarapa sallanyp ýatyrdy. Üç sany tegelek,
ortasynda nokatlar,
ýöne nokatlar her tegelegiň bir ýerinde dälde üç tarapynda bardy. Edil şu hili surat Çingizde hem bardy. Ýöne Çingizdäki bu surat
şekil däldi. Ol guýma galaýydandy. Diýmek biz ikimizde bir meňzeşlik bar. Ertir myhman tursa sorap görerin. Turdylar. Myhman namazayny
okamana durdy. Uzyn sesleri bilen Allahu Ekber diýip üç gezek gygyrdyda yzy bilen teýine taşlan donuny galdyrdy. Ertir çaýyny içmäne
otyrdylar. Myhman indi ýola düşmekçi. Çingiz oňa ýagşylyk etmekçi boldy. Sürüsiniň içinden bir tulpary tutyp ony myhmanyň eline tutdyrdy.
Elbetde myhman begendi. Tulpara ätläp mündide hoş diýýip ugrajak wagty Çingiz onuň eline surat şekilindäki galaýyny
tutdyrdy.Bu zat maňa garanda saňa köpräk gerek bolar. Mende bahana ýok. Özge ýurtlara gitmäne diýdi. Myhman galaýyny elina aldy.
Bir sekunt oňa serdip durdyda galaýyny yzyna gaýtarayp berdi. Onsoň, saňa gerek bolmasa ogluňa gerek bolar diýdide bir
gülümjiräp ýola düşdi. Şeýdip gelmişegiň garasy ýitdi. Çingiz oňa soňra hiç wagt dogry gelmedi emma onuň donuna çekilen surat bolsa Çingiziň
ýadynda hemişelik galdy.
Ýene şol birsyhly aladalar Çingizi basmarlady. Myhman bar wagty onuň aladay paýlaşylan ýaly boldy. Bu gün geçip agşam düşdi. Agşam dem
alyşda Iluş hemişekisi ýaly inilei bilen oýnap otyrdy. Çingiziň ýadyna oglany öýlendirmek düşdi. Enesi Aýdan bu wagt şu
ýerdedi. Ol hem oglunyň beladan sowulandygyna begenip otyrdy. Çingiz söz gatdy aýalyna. Ogluňa bolaýjak gelinligi tapda ony öýli etmäniň
ugryna çyk. Tizara yzyndakylar ýeter. Üçüsini yzma-yz öýlendirmek kyn düşer diýdi.Aýaly başyny yrap makullady. Indi Iluşy mala göýbermek
atasy Çingize ýokmady. Oňa belli bir öý işlerini tabşyryp özi kiçi ogullary bilen mal bakyp başlady. Öz ýanyndan näçe wagt baksam gerek
Indi men garrap barýan diýdi. Şeýdip üç-dört aý geçip gitdi. Iluş öýlendi. Oňa aýaly bilen ikisine täze öý dikip berdiler. Ullakan
aladadan dyndym diýip otyrdy Çingiz. Ýüzi ýyrş-ýyrş etdi.
Bu gün hem hemişekisi ýaly mallar örä sürüldi. Hiç bir galagopsyz mallar otlady. Gezekleşip ýaýlaga gelip garnyny doýyryp geldiler
ogullary. Gün günortandan aşyp ugrady. Çingiz nahara gitmejegini emma şu ýerde mallaryň yzynda biraz irkilip aljakdygyny turýança
mallary ýoklaman seretmelidigini aýdyp kllesini sähel beýige goýyp derrew irkilip galdy. Uklany hem şol Çingiz düýş görüp başlady.
Ullakan gyzyl ýylan ýaldyrap oňa topuldy. Çingiz başagaý bolup ýylandan bir gaçdy birde basalaşdy. Ukudan oguly oýardy. Ata, tur!
Bu tarapdan güpürdi sesi eşidilýär. Belki mallary oba süreris sil geljekdir. Çingiz hem düýşüň täsirine hemde oglunyň galagopuna tasanjaklap
ýerinden turdy. Dogrudanam günbataradan gelýän güpürdi tizlik bilen olara ýakynlaşýardy. Asmanda bolsa birjikde bulut ýokdy. Emma gara
bulut diýilýäni salym geçmän ýerden ýakynlap ugrady. Hamala gara ýylan ýöne adamlardan durýar san-sajaksyz. Ýylanyň kllesi süýnüp
Çingize ok ýaly bolup ýakynlady. Haçan ýylanyň kellesi onuň maňlaýynda adam bolup togtanda onuň teni ikä bölünip
Çingiziň iki egninden geçip başladyalr. Çingiz ogullary ortada galyp hamala ýylany ortadan
bölýän ýaly boldy. Indi ýylanyň kellesi Çingiziň ýaşaýan ýaýlagyna ýetdi we ony gap-gara bolup gurşap aldy. Çingiziň ogulary atasyna
gysymyljyrap durdylar. Elbetde, Çingiz ogullaryny gaýgy etdi. Indi bu goşun bulara zyýan etmän gitse ne ýagşy. Çingiz indi iki sany
atlynyň maňlaýynda galdy. Galan goşun bolsa ýaýlakda. Çingiziň göwüni ýaýlaga bökdi/ Ol ýerde maşgalasy bar. Gaşynda duranlaryň biri
serkerde bolsa gerek, onuň eginindäki harby geýim durşuna gymmatbaha deriden diklilendi. Mäkämdigi görünip dur.Döşünde demir sowut.
Sowudyň depesinde derejesini aňladýan bellikler. Egninde ýene sowut. Telpegi gara guzynyň derisinden. Maňlaýynda altyn ýarym aý şekil/
depesi ýene sowutly. Tirsegine çenli ýene sowut. Sag elinde ullakan egri gylyç, guşagynda iki sany uzyn pyçak, yz tarapynda ok ýaý halta,
Egninden bolsa ok ýaý asylan. Bu ýaraglaryň hemmesi täp-täzeje ýaldyrap dur. Şundan artykmaç ony synlamana goýmady serkerdäniň
ýanydaky ýigit. Ol atdan ondada beýik atdan böküp düşdide Çingizi uryp ýykmak üçin gürzä meňzeş ullakan çokmar taýagy oňa somlady emma
serkerde oňa, ol biziň adamymyz degme diýdi. Onda bu ýigit onuň elini daňdyda ata süýräp Çingiziň ýaýlagyna tarap atyny sürdi. Çingiziň
ogullary mallary sürdiler. Salym bermän ýaýlaga geldiler. Olar gelen wagty ýaýlagyň uludan-kiçisi bir ýere jem bolan eken. Çingizi
olaryň öňünde goýdylar. Serkerde atdan böküp düşdi. Ol ýanbaşyndan alyp edil Çingiziň galaýy şekiline meňzeýän şekili oňa görkezdi.Sende
bar diýdiler şu şekilden dogrymy? Çingiz hawa diýýän halda başyny yralady. Bar getir göreli! Çingiz aýalyna buýruk berdi. Aýaly
sermenip tapyp getirende serkerde şekili garbap onuň elinden aldy. Ähha diýdi ol, megerem bu altyndan. Eger şeýle bolsa sen onda'Oguz
han atamyzyň doganlaryndan gaýydýäň. Eline bilindäki hanjary aldy. Hanjaryň häli gany hem guraman eken. Ol galaýyny gan gatyşykly edip kesende
onuň aşagyndan altyn ýalpyldady. Bu demir altyndyr diýip Çingiziň özi hem bilmeýärdi. Hää diýdi serkerde onuň şekilini yzyna
gaýdyp berip. Biziň kimdigimizi bilýäňizmi diýdi ol bu ýere sürülip getirilen adamlardan. Siz indi hemmäňiz Horezm şalygynyň raýatlary.
Milletiňiz hem türkmen. Nägile ýeriňiz barmy? Hiç kim men nägile diýmedi. Diýmek hemmäňiz razy. Şeýle gerek. Ýene hiç kim ýok diýmedi. Hawa
diýdi serkerde. Elimizdäki ýaraglardan gorkýan bolsaňyz aýdyň. Ýaraglary ýygnaň diýdi ol esgerlere. Biz bu ýere talaňçylyga gelmedik
tersine sizi goramak üçin geldik. Siziň ileri tarapyňyzda paklar halky ýerleşýär. Olar öz patyşalryny öldürip dürli taraplara çozup durlar.
Olary togtatmak gerek. Biziň ýolumyz şol tarapa. Bu ýere bolsa size ýolbaşçy goýmana geldik. Onsoňam biziň aňyrymyz bir halk.
Bizde dawa etmäne esas ýok. Içiňizden size şu adamy, ol Çingizi olara görkezip ýolbaşçy edip goýup gidýäris. Onuň borjy sizi
paklardan goramak. Siz onuň buýruklaryny ýerine ýetirmeli bolarsyňyz/ Şunyň bilen birlikde
Çingiziň size ýersiz-ýere azar bermäne haky ýok. Eger
ol şunyň ýaly ýaramaz iş etse biraz wagtdan bu ýere geleris we ony derňäris. Ol Çingize seretdi. Sen eşitdiňmi diýen halda. Häzir bolsa biz sizi
taşlap gideris. Içiňizde mert ýigit bar bolsa ol şu wagt bize goşulyp biler.
Biz ony şu esgerleriň geýinişi geýindiris. At-esbap bereris. Iluş orta böküp çykdy. Onuň orta çykanyny gören gelini Aýsun aglap ol
hem orta çykdy. Ol Iluşdan gitmezligini sorap ýalbaryp başlady. Serkerde Aýsuny tutmagy aýallara tabşyrdy,
Iluşa bolsa harby geýimi geýmäne rugsat berdi. Ol öz çatmasyna gitdi. Ony geýindirdiler.
Ähli ýaraglar bilen üpjün edilip çatmasyndan çykan üç ýigidiň haýsy Iluşdygyny anyklamaly bolanda Aýsunyň
özäm öz adamyny tanaman aljyrady.
Indi Iluşa at berdiler. Beýik hem uzyn aýak at. Ol ata atlananda bu ýerdäki duranlar ahh diýip agzyny açdylar.
Ýaldyrap duran ýaraglar. Köp görnüşli. Hatda ot atýan fitil hem bardy onuň elinde. Edil erteki gören ýaly boldy. Gyssag bolsa serkerde
türkmen ýigitleriniň at üstündäki söweş sungatyny bu ýerde duran halaýyga görkezmeli boldy ýogsa olaryň çynlakaý urşyjydygyna
entek nämälim halkyň olar gidenden soň pikirini üýütgetmegi mümkindi. Iki sany taňkany her gapdaldan asdylar. Ortadan at çapdyryp
gelýän esger iki taňkany yzma yz atyp ýetişmelidi. Bu görkezme üstünlikli ýerine ýetirildi.
Indiki görkezmede dört sany at çapdyryp gelýän ýigit özara gepleşmezden ýedi sany taňkany taňkany gapdalda duran ýerinde urmalydy.
Bu görkezmäniň kynlygy şundan durýardy. Her bir urşyjy öz dört ýoldaşynyň ok ýaýynyň nirä garaýandygyny gysga wagtyň içinde aňyp
ýetişip nyşanlary ýok etmelidi. Şolardan üçüsi birbada iki gezekden atmalydy eger oklaryň biri degmän galsa onda dördünji urşyjy
hem iki gezekden atmana ýetişmelidi. Şundan soň buýruga görä goşun gozgandy.Ýaragly esgerleriň yz ýany olary suw we iýim-içim, derman-däri
bilen üpjün edýän harbylar hem olaryň yzyna düşdi.Olary uzaga göýbermän bir topar arabalar, düýeler, hatda piller hem köp ýükleri ýükläp
uruşýan esgerler üçin gerekli zatlar bilen üpüjün etmek üçin olaryň yzyna düşdi. Olaryň arasynda Iluş hem bardy. Ol elini galgadyp
hoşlaşyp gidip galdy. Aýaly, enesi we jigileri elbetde gözýaş etdiler. Çingiz bolsa oglum diri bolsa bolany indi, ony görmek barmyka
diýip pikir edip galdy.
Teswirlere garaşýan. Yzyny ýazmaly bolsa aýdarsyňyz. Elbetde, häzirki döwür üçin döwrebap däldir taryhy eserler.
Müň ýyldan soň ýene bile
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
10-05-2024, 17:59