Uly Balkanyň dag gerişleriniň jülgelerinde we eteklerinde 250 töweregi çeşme bar.
* * *
Hünärmenler 2050-nji ýylda dünýä ilatynyň 9,3 milliard adama ýetmegine garaşylýandygyny aýdýarlar.
* * *
Dünýäniň iň uzyn deňizüsti köprüsi Hytaýda ýerleşýär. 36 kilometr uzynlykdaky bu köpri ýurduň Şanhaý şäherini Ningboi şäheri bilen birleşdirýär. Köpriniň gurluşygy bäş ýyl (2003-2008ý) dowam edipdir.
* * *
Türkiýäniň Deňizli welaýatynyň Çiwril etrabynyň ýaşaýjylary tigir sürmäni örän gowy görýärler. 65 müň ilatly bu etrapda 30 müňden gowrak tigir bar.
* * *
Bütin dünýäde gawunyň 1600-den gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Şolaryň 400-e golaýy naýbaşy türkmen gawunlarynyň görnüşleridir .
* * *
Bütindünýä Gyzyl kitaby 1966-njy ýyla çenli döwürde çatylan kagyzlaryň galyň toplumy şeklinde bolupdyr. Onuň ilkinji görnüşinde süýdemdirijileriň 211 we guşlaryň 312 görnüşiniň ady bar eken.
* * *
Ýer ýüzündäki süýji suwlaryň,takmynan,97 göterimi ýerasty suwlardan durýar.
* * *
Dünýäde ilkinji haýwanat bagy 15-nji asyrda Awstraliýada açylypdyr.
* * *
Köýtendag etrabynyň Köýten obasynda ösüp oturan täsin "Gyzyltut baba" tut agajynyň 800-e golaý ýaşy bar.Ýerli ilat ony mukaddes hasaplaýar.
* * *
Pissede 60 göterime çenli ýag we 20 göterime çenli belok bar.Munuň özi azyk senagaty üçin gymmatly çig maldyr.
Muny bilmek gyzykly (2)
Bilim,
Allaş
tarapyndan
25-05-2024, 01:53