Täze ýyly dünýäniň her ýurdy özüçe, öz däplerine, yrymlaryna görä garşylaýar.
Täze ýylda ýargije Ýaponiýadaky ähli buthanalarda zatlar 108 gezek urulýar. Adamda alty sany ýaman häsiýet betnebislik,betpällik, pekgelik,ýeňilkellelik, ýaýdanjaňlyk we doýmaz-dolmazlyk bar. Olarňam öz gezeginde her haýsynyň on sekiz dürli öwüşgini bar diýlip hasaplanylýar.Zaňyň owazlary ýaňlandygyça ýaman häsiýetlerden arassalanmak bolup geçýärmişin.
Iň soňky urgy ýaňlandygy uklamaly. Säherde turup, köçä çykmaly-da, Täze ýyly dogup barýan Günüň ilkinji şöhleleri bilen garşylamaly.
Golaý döwre çenli Ýaponiýada öz doglan günlerini bellemek däbi ýok eken. Täze ýylda ýargije urlan zaňlaryň 108-nji urgusy ähli ýaşdaky adamlaryň bir ýaşyny artdyrýan eken. Meselem, şonuň öňküsi gün dünýä inen bäbejigem ertesi irden bir ýaşly çaga hasaplapdyrlar.
Italýan çagalary Täze ýyl gijesinde jahan ýagtylýança pejiň turbasyndan nazarlaryny sowanoklar. Hut şonuň üsti bilen öýe jadygöý zenan Befana girip, olaryň paşmajyklaryna höwes edilen sowgatlary goýýarmyşyn.
Baýramçylygyň öň ýanyndaky gün Kolumbiýanyň şäherlerinde ýa-da obalarynda siz gollarynda elde ýasalan uly gurjakly adamlary görersiňiz. Şol gurjaklar köne ýylyň nyşanydyr. Olar adamlar bilen hoşlaşýarlar. Adamlar bolsa özlerinde bolup geçen ähli oňatlyklar, gowy zatlar üçin minnetdarlyk bildirýärler.
Angliýada gadymy däbe görä ,sagat 24:00-da öýüň arka gapysyny açýarlar. Şeýdip, köne ýyly geçirip goýberýärler. Öňki gapyny açyp bolsa, Täze ýyly garşylaýarlar.
Wengriýada Täze ýylyň ilkinji sekuntlarynda adamlar çaga tüýdüklerini we jürlewükleri çalýarlar. Wenger halky şolaryň öýdäki erbet ruhlary kowup, bagt we abadançylygy çagyrýandygyna ynanýarlar.
Rumyniýada durmuşa çykmadyk gyzlar guýynyň ýanyna gelip, şol ýerde şem ýakýarlar we guýynyň düýbüne seredip, özleriniň geljekki ykbalyny gözleýärler.
Ispaniýada Täze ýyl gijesi üzüm iýmek däbi bar. Sagat 24:00-a çenli 12 üzüm dänesini iýmeli. 12 üzüm dänesi 12 aýy alamatlandyrýar.
Şotlandiýada Täze ýyl özboluşly çäreler bilen garşylanýar. Şotlandlar garaýag çeleklerini ýakyp, olary köçelerde tigirleýärler.Şeýdip,şotladlar köne ýyly ýakyp, Täze ýyly şöhlelendirýärler.
Hytaýda Täze ýyl baýramçylygy-fonarlaryň baýramy hasaplanýar. Täze ýyl gijesi köçelerde we meýdançalarda kiçijik fonarlar asylýar. Şol fonaryň şöhleleri erbet ruhlary kowýar.
Mongoliýada Täze ýylyň birinji güni ählihalk gezelençler guralýar.
1-nji ýanwar-Täze ýyl baýramçylygy hökmünde bellenilýär. Şol gün Aý-Gün senenamasyna görä, "Sagana sar " diýlip atlandyrylýar. Ýurduň däp-dessuryna görä, her maşgala köne ýyly dabaraly ugradýar. Şol gün jedelleşmek, gaharlanmak ,käýişmek we kimdir birini aldamak gadagan we uly günä hasaplanýar.
Kubada Täze ýylyň öň ýanynda öýdäki ähli gap-çanaklary suw bilen doldurýarlar. Şol günüň ýarygijesinde bolsa äpişgeden gap-çanaklardaky suwy döküp başlaýarlar. Şeýtmek bilen Kubanyň ýaşaýjylary Täze ýylda suw ýaly arassa we dury ýol arzuw edýärler.
Wenesuelada hem Täze ýyly gutlamagyň özboluşly däpleri bar.Ähli dogan-garyndaşlar bir ýere üýşüp "la hallaca "tagamyny taýýarlaýarlar. Ol örän lezzetli tagam.Ony Täze ýyl gijesi işdämenlik bilen iýýärler,biri-birini baýramçylyk bilen gutlaýarlar we öz aralaryndaky bar bolan öýke-kinäni unudýarlar.
Nepalda Täze ýyly günüň dogmagy bilen garşylaýarlar. Täze ýyl gijesi bolsa nepallylar uly ot ýakyp, şol ýere gerek däl zatlaryny zyňýarlar. Ertesi gün boýag baýramçylygy başlanýar. Adamlar ýüzüni, elini reňkleýärler.
Soňra aýdym aýdyp, tans edip şatlanýarlar.
Panamada Täze ýyl gijesi jaňlar kakylýar. Panamalylar bolsa sesiniň ýetdiginden gygyrýarlar.
Russiýada Täze ýyl baýramçylygy uly şatlyk we şagalaň bilen bellenilýär. Ýurduň köp ýerinde arça agaçlary bezelýär ,feýerwerkler atylýar,medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Allaş tarapyndan 26-05-2024, 14:22

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler