Häli köp wagt geçenok Katýa atly goňşym bilen gülala-gül bolup gepleşip, iç döküşip otyranmyza. Bizi birleşdirip dost eden zat,köp etajly jaýlaryň ortasynda ýerleşen çagalar oýnaýan meýdança boldy. Ýaz geldi her kim öz gyzjagazyny alyp şu meýdança geldi. Onsoň biz şu ýerdäki bar bolan otyrgyçlarda otyryp hem çagalarymyzy oýnatdyk hemde söhbet etdik. Özüňiz düşüniň.Adamlarymyz işden ýadap gelýär we şonuň üçin olar bilen iç döküşmäne wagt ýok. Katýa maňa garanda has ykjam aýal bolup göründi. Gyzjagazy arassaja, akyllyja, aýdanyny edýär, gepe düşünýär. Oýnanda ýykylmaýar. Enesi Katýa bolsa çagasyndan gözüni aýyrman ätiýaç bolýar. Menem seredýän çagama şuňa garamazdan ýöne çagam köp ýykylýar we teninde gök tegmil galdyrýar. Katýa bilen häsiýetimiz dogry geldi, ol indi meniň çyn joram diýip oýlap oňa telefon nomerimi berdim. Çagalarymyzy alyp çykmak üçin ikimizden birimiz hökman jaň edýäris we özara ylalaşyp otyrýan otyrgyjymyza gelýäris.Howanyň ýaramaz günleri bolsa çagasyny alyp Katýa meniň öýüme gelýärdi. Şeýdip wagt geçiberdi. Biz Katýa ikimiz biri-birimize öwrenişip galdyk. Katýadan öwrenerlik zat köpdi. Esasanam çagasyna terbiýe berişinden. Göze görünip durdy onuň çagasynyň gowydygy ýogsa seredýäň welin köp eneleriň ýaltalygyndan çagasy joçga ýaly kir-kimir, üstesine dynman çyrlaýarlar. Ine, bir gün men edaralaryň birinden dokument doldyryp almaly boldym. Elbetde, ol ýerde nobata durmaly. Gyzjagazymy alyp giderdim ýanymda nobata bile durardyk. Ol bolsa, ene haçan öýe gideris diýip bizar ederdi. Bu gezek Katýa maslahat saldym. Nobata duran wagtym gyzjagazymy näme bilen güýmesem bolar diýip soradym. Onda Katýa şeýle diýdi. -Näme çagany gynap nobatada durup. Gowusy işiňi bitirip gelýänçäň çagaňa özüm seredip duraýyn. Sag bol diýseň bolýar. Hiç zadyň gerek däl. Begenip gitdim. Katýa men gaýdyp gelýänçäm çagama gerek boljak zatlaryň nirede durýandgyny aýytdym. Aç bolsa kotlet bar, kolbsa bar, syr bar sowutgyçda. Alda beriber diýdim. Kelläme pikir gelip gitdi. Öz çagasyna gowy sereden aýal meniň çagamy hem hor etmez diýdimde Katýany öz çagasy we meniň çagam bilen birlikde öz öýümde galdyryp dokumenti düzetmäne gidip galdym Birnäçe sagatdan öýe dolanyp geldim. Gelsem, Katýanyň çagama serdilşi ýaman däl. Aglaman, aç bolman otyrypdyr. Gelip Katýa we onuň çagasyna hödür kerem etdim. Ortada kotlet, salat süýji-köke goýyp hyzmat etdim. Içmäne şerbet suwyny goýdum. Soňra Katýany öýüne ugradyp öýi tertibe salyp başladym. Iň soňunda sowutgyjy açdym. Açanym şol seretsem sowutgyjyň içindäki gymmatbaha iýmitleriň mukdary ýarpydanda azalyp galypdyr. Boş sowutgyjy görüp gözüm tegelek teňňä öwrüldi. Syr ýok, kolbasa ýok, rulan bişrme ýok. Indi agşam adamyma näme hödürlärin. Ol aç galsa maňa hoňňurdanar. Satyn alaýyn diýsem bu gymmat iýmitleri satyn almana bizde artyp ýatan pul ýok. Zordan sowutgyjy doldurypdym indi bolsa bu ýerde şemal öwüsýär. Gaharym gelip Katýa dostyma jaň etdim. -Bu näme etdigiň boldy diýdim. Men saňa sowutgyjy boşat diýmändim ahyry. Men saňa diňe hödür edipdim.Indi bu edeniňden ärim maňa gygyrar diýdim. Onda Katýa maňa näme diýdi. Bilýäňizmi? -Ine ýagşylyga ýamanlyk diýip şuňa aýdylýar. Men seniň çagaňa seredip otyrdym. Gyzjagazlar bolsa iýmäne zat soradylar. Özüň hödür et diýensoň çagajyklara alyp berdim. Olaryň bolsa garny doýmady. Şol iýjek diýdi otyrdylar. Şeýdibem sowutgyjyňy boşatdylar. Onda men Katýa şeýle diýdim. -Mümkin däl,kijijik çagalaryň şunça zady iýmegi. Diňe kotletiň özi üç-dört güne ýetmelidi bütün maşgalamyz bilen iýenimizde hem. Bu sözlerime Katýa menden öýkelän boldy ýöne men duýýardym Katýa sowutgyçdaky iýmitleriň hemmesini öýüne äkitdi. Onsoň edenime puşman etdim. Beýdip bigänäni öýüme göýberip öýümi taladandan, iki sagat üçin ýörite işleýän studentlere çagamy goýup gidenimde arzan düşerdi. Ýöne indi giç boldy. Aldananymy indi bilip galdym. Daşyndan guwanyp tama eden dostym meni talap gitdi. Şeýdip men ýeke galdym emma puşman etmedim çünki her hili ýaramaz adamlardan ýagşylyga garaşmaly däldigine ýene bir gezek göz ýetirdim. Tizara dogry ýola düşdim.Adamym hoňňurdanmasyny goýdy. Ýeke galanymada gynanmaýan. Onsoňam men indi ýeke däl ekenim. Töweregimde adam köp eken. Muňa haçan Katýa dostymyň eden dönükliginden soň düşünip galdym. Şol otyrýan otyrgyjyma häli hem barýan. Katýa bolsa gelmesini goýdy. Onuň nirä gidýänini bolsa bilmeýärin. Emma onsuz ýüregim gysmaýar. Bu ýere gelen adamlaryň hemmesi bilen dost bolup galdym. Katýanyň edenlerini bolsa içime sygman şu ýere size ýazdym.
Hekaýany rus dilinden terjime eden Kelleagyryk.
Dostuň hemme zadyňy iýip galanynam torbasyna salyp göterip gitmelimi?
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
28-05-2024, 06:51