Hut dogrymy aýytsam, munyň ýalyy adamlaryň ýalançyda bardygyna haýran galýan. Ine, birden goňşym bolan erkek adam bize zat sorap gatnaýan boldy. Öňlerem gelerdi ýöne seýrek, onsoňam gymmat zat soramazdy. Ýöne ynha ol bir gezek ezilen ýaly bolup ýaly geldi bize.-Birje nahar bişirjek bolýan şoňa ýumurtga ataýsam diýýän ýöne özümde ýok. Gynanmasaňyz birje ýumurtga beräýseňiz gowy bolardy.Birje gyz myhmançylyga geljekdi şoňa bişirip beräýsem gowy bolardy ýogsa gowy däl, myhmany tagamsyz nahar bilen ugratmak.Dukana baryp gelmänede wagt ýok. Onsoňam birje ýumurtgaa üçin dukana baryp ýöremegem gelişiksiz. Goňşymyz şu hili sözleri aýdyp ärim bilen meni yrdy. Göwnümize adama kömek etsek ýaman däl ýaly. Özi birje ýumurtga bolsa bary ýogy. Şeýdip oýlanyp adamym bilen ikimiz soraýan ýumurtgasyny berip göýberdik. Emma ýalňyşan ekenik.Goňşymyz şol ýumurtgadan soň günde-günaşa gelip bizi bizar edip başlady. Bir hepde geçip-geçmän işden gaýdyp gelýärdim. Şu wagt ýolda adamymdan jaň geldi. Telefony galdyrdyrdym gulagyma. –Ýol ugryňa bir baklaşka ýag alyp gaýyt. Men ärime gatyrgandym. Öýde ýag gutaranak ahyry. Azanda seredenimde ýarym baklaşka ýag bardy. Adamym sesini çykarman telefony öçürdi. Ýagy aldym ýöne öýe gelip ýarym baklaşka ýagyň ýokdygyny görüp adamymdan sebäbini soradym. Ol, goňşymyza berdim diýdi. Geldi bir gaharym. Ärime gygyryp başladym. Goňşymyz bizi akmak saýýar, şonuň üçin bizden zat soraýar diýdim. Şundan soň goňşymyň päli öňküdende beter azdy. Zat sorap gelmeýän güni ýok. Oňa gerekmejek zadyň özi ýok. Öýüni ot alan ýaly. Açzyna gelen zady soraýar. Makaron, sabyn,baterýa.Düýn bolsa bizi irden oýatdy. Blinçik bişirip iýmäne smetanym ýok. Azrak smetan beräýseňiz?. Menä ol gelende ýüzümi turşardýan. Soraýan zadyny bermejek bolup çytalaşýan emma ärimiň eli açyk. Ol näme zat sorasa berip göýberýär. Men bolsa oňa gygyrýan. Hiç zat berme diýip. Emma ol meni diňlemeýär. Zadymyz köp. Berenimizde tükenjek bolup duranok diiýär. Ýöne aslynda oňa eli açyklygy üçin durmuşa çykypdym. Ýöne bu ýagdaý näçe uzak dowam etdigiçe meniň kelläme şu pikir gelýär! Goňşymyz biziň hasabymyza mugt ýaşamakçy bolýar. Ol meniň adamymy sada görýär. Şonuň üçin bize gatnap dur, ýogsa başga goňşylara barmaýar zat sorap. Şeýdip kelle döwüp başladym. Näme edenimde bu goňşyny öýe getirmän bolar diýip.Ine, bu gün adamymyň öýde ýok güni tötänleýin ol gelip galdy. Öz ýanymdan häzir gygyryp içimi boşadaryn, gaýdyp zat soramaz ýaly ederin diýip oňa gygyryp başladym.Özäm şu wagt hem näme sorap gelendir öýüdýäňiz? Birje bölek saryýag. Utançsyz diýsäni. Meni akmak diýip oýlama diýdim. Gitde öz pulyňa dukandan satyn al diýdim. Eger baryp bilmeýän bolsaň özleri getirip berýänlere jaň et! Ýöne meniň kellämi majar etme özüňe gerek zat üçin diýdim. Goňşym özüni aklajak boldy emma men ony birjikde diňlemän gapyny tark edip ýapdymda jaýymda otyrdym. Şu sözleri eşiden goňşy gaýdyp gelmez diýip mes bolup otyrdym. Şundan soň goňşy ärimiň öýde bar wagtyny peýläp gelip ondan zat soraýan boldy. Ýöne gelmesini goýmady. Içim jyzzyk boldy. Onuň utançsyzlygyna! Hatda adamymyň işden geljek wagtyny belläp goýana meňzeýär, haýwan diýsäni. Indi men ony söz bilen ýeňip bilmejegime düşündim. Degerli bir zat etmeli ýogsa ol bizden gitmez diýdim. Köp oýlandym adamym bilen uruşmazdan goňşyny öýden näme edip kowsam boljagyny. Ine, bir goňşynyň özi maňa şu ideýany orta taşlady. Hemişekisi ýaly adamym bar wagtynda bir banka mürepbe sorap geldi. Adamym bolýar diýdide bankalaryň duran ýerine sümüp girdi. Onuň yzyndan men hem girdim. Meniň etjegim içimdedi. Bankanyň duran ýeri garaňky bolansoň adamyma sen dur, men özüm oňa alyp çykyp bererin mürepbäni diýdimde derrew garaňkyny peýläp, geçen ýyldan galan, köne, gapagy çişeni üçin iýilmän duran mürepbeli bankany aldymda goňşynyň eline tutdyrdym. Ol bolsa hiç zada seretmän bankany alyp güm boldy. Ol gidenden soň oýlanyp başladym. Häzir gelerde gapagy çişik bankany beripsiň diýip. Emma näme üçindir ol gelmedi. Onsoň men ony içi zaýa bolan bankaly müräpbäni iýip zäherlenendir. Häzirem içini tutyp ýatandyr ýada keselhana düşendir diýdim. Şundan soň ol bir hepde görünmedi. Bu wagt aralygynda adamym mes bolup otyrdy. Goňşa wagyrdymyň kesileninden. Indi ýöne ýörite meýilnama düzüp goýdum. Eger bu gezek hem gelip zat sorasa adamym bilen gygyryşjagym hak. Elbetde dawamyz aýrylaşmana baryp ýetmez. Emma wagyrdy asmanda bolar!
File engine/modules/thanks.php not found.Nädip goňşyňy zat sorap gelmez ýaly etmeli
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
28-05-2024, 10:29