Men oýlardym açgöz dogan-garyndaşlar seriallarda bolýar sebäbi serialy gyzykly edip görkezmak üçin diýedim emma ýalňyşýan ekenim. Bir brazil seriýalynda garyp gyz bolýar. Bu gyz kijijik wagtynda dogan-garyndaşlaryndan zulum baryny görýär. Emma gyz ulalyp bir baý ýigide durmuşa çykýar. Ine, onsoň ony hemme tanap başlaýar. Şol sanda ony çaga wagtynda horlan garyndaşlary hem. Meniň düşen ýagdaýym hem edil şu serildaky wakalara meňzeýär.24 ýyldan soň meni hem gözläp geldiler bir wagtlar meni enem bilen ikimizi köçä zyňanlar. On alty ýaşyma çenli Kazanda ýaşadym.Enem meni örän irte 18 ýaşynda dünýä inderipdir.Derrew mekdebi gutarandan. Kakam menden şolbada ýüz öwüripdir. Men onuň özünide, suratynyda hiç haçan görmedim. Çagalygymdan enemi gaýgy etdim. Kijijik bolsamda ýanynda bolup hemme işlerine kömek edip geldim. Ol maňa hemişe aýdardy, diňe okuw seni adamlar bilen deň eder ýogsa adyň-soryň bilinmän bu durmuşdan gömüsge ýaly ýok bolup gidersiň. Enemiň aýdanyny edip okap mekdebi otliçno gutardym we Moskwanyň neft we gaz instituna girdim. 2-nji kursda wagtymda geljekki durmuşa çykjak ýigidime duşyp galdym. Ol menden üç ýaş uly bolup asly belli nebitçiler maşgalasyndandy. Birinji, gezek onuň ata-enesi bilen tanyşmaly bolanymda örän aljyradym. Ullakan köşgüň gapysynda ýigidimiň atasy meni gülüp garşylady. Ol aýy ýaly daýaw adamdy. Biz öňden tanyş adam ýaly ol maňa:- Gel, gyzym gel. Sen barada oglum aýdyp berdi. Sen indi biziň gelinligimiz diýdi. Onuň bu sözleri meniň ýüregimi ynjaltdy. Toýymyzy Kiprde geçirdik. Adamym işlemäne başlady. Men bolsa galan kurslary okap insitut diplomyny aldym. Diplomy alyp Kazana enemi görmäne gaýytdym. Öýde enem bilen çaý içip otyrdyk mazaly toşap bilen. Şol wagt gapymyza jaň geldi. Men turyp baryp gapyny açdym. Gapyny açsam semiz bir aýal meni gujaklap öpüp ýatyr. Bir topar hoşamaý sözleri aýdyp.Men seni tanadym görenimden diýýär. Hut kakaňa meňzäp dursyň diýýär. Öpýär, gujaklaýar. Men oňa:- Siz enemiň tanyşymy diýip soradym. Ol aýal: Ýokla, gyzym seniň ýanyňa geldim.Sen meniň agtygym ahyry. Meniň gyzjagazym ahyry diýýär. Bir seretsem enem atylyp aşhanadan çykdy. Ol gele-gelmäne gapyda duran bu aýala:- Hany çyk şu öýden diýip daşary çykardy. Enemiň bu boluşyny görüp doňup galypdyryn. Horja enemiň munyň ýalay gazaba münenini öň görmändim. Eneme ýüzlenip:-Ene saňa näme boldy? Nämä gaharlanýaň. Bu aýal kim? Onda enem:-Ol bize hiç kim däl diýip özüni ýere taşlady. Onda men eneme:-Nätanyşa ýumruk bilen topylynmaýar. Bu kim? Näme boldy sizň araňyzda diýip enemden anyklap başladym. Enem köp wagtlap ýüzüme seredip galdy. Onsoň:- Bu aýal, seniň mamaň, kakaň enesi! Onda men eneme:- Häli meniň mamam hem barmy? Kakam hem barmy? Onda enem:-Seniň millionere äre çykanyň baradaky myş-myş bu ýerlere hem ýetip geldi. Indi sen haçan baý öýüň gelini bolanyň üçin zat tamakin bolup gelip dur ýogsa haçan biz garyp wagtymyzda, maňa garamat ýapdy. Seni öz oglundan dälde, meni syrmandalykda aýyplady. Seni öz oglundan däl diýip ýüz öwürdi. Men seni elimde göterip köçä gidip galdym. Bu gün bolsa haçanda sen atly gyz bolanyňda seniň adyňdan gomparmak isleýär. Ertesi mamam bolup gelen aýalyň öýüni gözläp tapdym. Birbada gaharymy sowyp gepleşip otyraýyn, kakamy göreýin diýdim emmä näme üçindir gazabym öz-özünden gaýnap gitdi. Gapyny açan düýnki aýala gygyryp başladym. – Hä, garyndaş diýseňizle! Hä, mamam diýsene! Haçanda men köçede ulalyp özüme gelenimde. Haçanda men baý öýüň gelini bolanymda. Haçanda men millonerler maşgalasyna degişli bolanymda. Emma näme üçin menden ýigrimi dört ýyldan soň habar alýaňyz? Enemi bolsa syrmandalykda aýyplap menden ýüz öwürýäňiz. Onda mamaň diýen bu aýal özüni aklap başlady. Gyzym, ataň öljek bolup ýatyr. Şony aýydaýyn diýdim. Barsaň gowy bolardy. Onuň sanaglyja güni galdy!. Onda meniň öňküdende beter gaharym geldi. – Enemde, men hem sizden irte ýüz öwürdik. Bu bolan ýagdaýa özüňiz günäkär. Onda mamaň diiýän bu aýal:- Bolan bolup geçdi gitdi. Biz size ýamanlyk eden bolsakda ynha sen ullakan gyz bolupsyň. Maşgalaň bar. Indi biziň günämizi geçiräý. Ataň hem ýaşlyk edipdir!. Onda men oňa:- Siz meniň eneme gaty köp ýamanlyk etdiňiz. Onuň adyny ýere sokduňyz!. Masgara etdiňiz. Eneme eden şunça ýamanlygyňyzy men geçirip biljek däl. Hiç haçan. Şonuň üçin hiç haçan bize garyndaş diýmäň diýdimde yzyma dolanyp gaýytdym. Mamaň men seniň diýýän aýal bolsa yzymda aglap galdy.
File engine/modules/thanks.php not found.Baý bilen garyp garyndaş bolup bilermi?
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
28-05-2024, 22:11