"Sabyr etgin!" diýme eje!
Boldy besdir cekenlerim.
Gark eýledi takatymy
Mañlaýymdan cykan derim.

Umydymy sabra baglap
Munda sessiz durup bilmen.
Öñden kineli ýüregmi
Bir söz bilen yryp bilmen.

"Sabyr etgin!" diýme eje !
Sabyr bilen mütdet ötmez.
Gol gowşuryp,çetde dursa
Señ gyzyña ömür ýetmez.

Sabyr bilen dişim gysyp
Döken ýaşlam siñip gitdi.
Men ýagyşa ezilýänçäm
Ol bireýýäm diñip gitdi.

Sabyr etdim ençe gezek
Ylgamaly wagty durdym.
Gidenden soñ arzuw otlym
Başym ýaýkap,dyzym urdym.

Dünýäñ özem sabyr etmän
Elde barym aldy nije!
Boldy besdir,mejalym ýok
"Sabyr etgin!"diýme eje!
Awtor:Nurekowa Gülnäz

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, GlnzNurekowa tarapyndan 3-06-2024, 22:41

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler