Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
(Garaşsyzlygyň on bäş ýyllygyna)


Arşdan saýasyn salmyş döwlet guşum-humaýym,
Gül Diýarym toý tutýar, toýuma gel, toýuma!
Ýolumyzy bir edip, rowaç kylmyş Hudaýym,
Külli türkmen toý tutýar,
Toýuma gel, toýuma!



Dagy-düzi genji-kän,alalary lälezar,
Bu mukaddes Watandan keramatly näme bar?
Ýeňiş üstüne Ýeňiş,şöhrat bile şana ýar,
Gül Diýarym toý tutýar,
Toýuma gel, toýuma!



Dünýä gerip gujagyň, ýazyp supra saçagyň,
Allam arşdan açypdyr sahawatyň sakasyn.
Altyndyr elwan Şaban,altyndandyr şalaryň,
Döwletli il toý tutýar,
Toýuma gel, toýuma!



Toý tuglary parlaýar Balkandadyr Ahalda,
Daşoguzda, Lebapda, Maru-şahu-jahanda,
Şalyk serpaý ýapylsyn toýa gelen mähellä,
Külli türkmen toý tutýar,
Toýuma gel, toýuma!



Her bir kendiň atarsyn kyrk gulak kyrk gazanyn,
Dal bedewler çapdyryp,atsyn tylla gabagyn.
Bu gün ýurdy toý tutýar babam Salyr Gazanyň,
Gül Diýar toý toýlaýar,
Toýuma gel, toýuma!



Bitarap Türkmenistan berkarardyr, bakydyr,
Howalaly ak daglar ak altynyň dagydyr.
Jigerde janym Watan, ýüregimiň ýagydyr,
Türkmen ogly toý tutýar,
Toýuma gel,toýuma!



Bäş müň ýyllap jahanda tug parladan halkym bar,
Maksadyn hasyl eýläp, däli sil deý galkynýar.
Röwşen ýolly Diýarym Hak-Subhandan ýalkanýar,
Türkmenistan toý tutýar,
Toýuma gel, toýuma!



Mähribansyň, muhabbetsiň, mukaddessiň, Watanym,
Haýran eýle halkyny Gündogar-Günbataryň.
Tutuň,uludan tutuň halk toýunyň tutumyn,
Gül Diýarym toý tutýar,
Toýuma gel, toýuma!

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Allaş tarapyndan 6-06-2024, 13:42

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler