Obajyklarynda mekdep ýokdy.
Kolhoz, etek çölde üzümdarçylyk açypdy.
Bularyňkam şoň üstünde ýaşap ideg etmek üçin göçürilip getirilen ýaş çatynjalaň ýigrimi töweregi öýli, oýnamça obajygydy.
O zamanlar awtobus ýok.
Bu wagtky ýaly iki ýaňa ibirt-de-zibirt gatnap duran ulag kökem heniz gögermedik.
Mekdepli düýp oba çenli ýedi-sekiz kilometrlik ýoluňam ýarys-a çarkandak-çägelik.
Galanam, ilk-ä tekizinden çukury gür daşlyk. Soňam ýygyrt atyşyna doňup galan, oýmur-oýmur asfalt.
Alajyň ne?
Günde gerşinde päpge.
Gatnaýmaly.
Öwrenişensoň-a bu wiçjigem bolup galdy.
Iň ketje ýeri, burum-burum mele suwuny niredendir näbelli bir ýerden-ä alyp gaýdyp, nirädir nämälim alysa-da akdyryp äkidýän mähnet nowhana ýoluň bilini döwýär.
Oň üstünde-de köpri.
Tutuş süňňi betondan.
Bärsinden dähedem-dessemläp aňyrsyna çykaýýançaňam aýagyň ysgynyny alýar.
Dogrusy, ilki-ilkiler bu köpri onuň piňine-de däldi.
Ýöne, birinji klasyň ortasyny haýalladyberen gyş günleriniň birinde, gündeki hemsaýasy hem klasdaşy, mydama dili dek durmaz ýeserligini etdi-de, bolgusyz gep tapdy oturyberdi.
Mekdebe barýardylar. Ilkinji iküç aý ellerinden tutup diýen ýaly ýanlary bilen iden goňşularyň özlerine görä ekabyrrak çagalaram indi bulary ymykly “başyny özi çaraýa” hasabyna geçiren.
Hol öňdäki bir ýerden ýegdekleşip barýandyrlar, şomat.
...diýib-ä çaklaýalar öz ýanlaryndan.
Sebäbi alagaraňky bolansoň, garagörnümleri gaty daşda däl.
Alkymda.
Ulular çalt ýöreýär.
Ädimlerem giň.
Bu ikijigem olar özlerini gollaryndan şapyladyp, “maýyşgak tirkege” alaýmasalar, näçe garader bolşup gybyrdyklasalar-da, olaň aýagyna eýgermeýärler.
Şoň üçinem bu wagt diňe ikisi maýdalyna mytdyllaşyp gelýär.
Beýlebir kesip barýan bolmasa-da, sowuk şemala düýrügip, ýaňybir köprä gadam basdylar. Birdenkä gapdaly bilen egin deňläp aýak urýan deňdeşi, şuguldadyp sümügini çekdi-de, oslagsyz hümürdäp goýberdi:
-Şü köpriň aşagynda kim ýaşaýarkar-aý?!
Oň kiçijik gursagyndaky kindiwanja ýüregi, hut şu jümlä garaşyp, desbi-dähil duran dek, dessine “jig-g” edip gitdi.
Çar-töweregi gabsaýan alabeder gyş alagaraňkylygy zerarly öňem-ä beýlebir giň däl dünýä, ýüzüniň ugruna hasam beter daraldy-da, onuň bilen alkymma-alkym boldy duruberdi.
Hamana onda asyrlyk ahmyry köýüp ýatan deý, göze görünmeýän bolsa-da, mährewsiz gorkunç garaçygynam ojagazyň edil bäbenegine dikdi.
Hyýalbent oglanjygyň gözüniň öňünde kakasydyr uýalarynyň okap berýän ertekilerindäki, telewizorda tomaşa edýän ertekili multikleridir kinolaryndaky eýmenç mahluklar janlandy.
Köpri.
Aşagam şeýlebir garaňky, şeýlebir tüm.
Şol tümlükde-de haýsydyr bir, öň ýer ýüzünde yns-jyns döräp, görlüp-eşidilmedik elhenç mahlugyň köz kibi gözleri, gyzyl ot bolup, köräp, lowurdaýar.
Kim ol, aýylganç garaçyklaň hojaýyny?
Al-arwahmy?
Jynmy?
Ýa albassymy, aýjynmy, eýemi?
A belkem şo ertekilerdäki agzy gowak ýaly, dişi töňňe, dyrnaklary myh kibi garadöwdür?!...
...Köpriň astyndaky çägesöw kenarjygyň iki ädim öňünde-de tümlük sebäpli syýa deýin gök-gara bolup görünýän suw, sütünleri süsüp, iniňi tikeneklediji “şyr-şyrlap” akýar.
Aram-aramam şo gara suwuň içinde nämedir bir zat duýdansyz şapyrdaýar.
Nämekä?
Tüýlek, dyrnaklak el bolaýmasyn?!
Kimiň eli?
Elbetde suw eýesiniň eli bolar-da.
Dagy kimiňki bolsun?!
Endam-jany ýaşyl gurbaga pohuna beslenen, porsy suw arwahy.
Wäkgiş...
Ol o taýda näme işleýä?
Nämişlesin-aý?
Elbetde, her gözüne ilen çagajygy, hususan-da hut birinji klasa ýekkeje özleri şu köpriň üstünden gatnamaga het edýän, sammyjak oglanjyklary garbap tutaga-da, çuňňullyga dartyp äkitmek üçin, taýýarjak oturandyr-da.
Äkidip nätjekmiş?!
Aşyk oýnamajag-a belli.
Pejiniň körügine dykyp, çala daşyny çirkizer-de, açlygyndan ýaňa howlugyp, şo çig-çarsylygyna lak-luk atar-da.
Ýa-da ondanam beterini nemeder...
...Demsalymda şu oýlanmalardyr hyýallar aňyndan tazygan keýik sürüsi deýin zymdyrylyp öten oglanjyk, nädip ädimini batlandyryp, birdenkä ýaman aýylganç bolan köprüni kesip geçeninem duýmady.
*****
Boldy.
Şodur-da şodur, şol günden başlabam onuň mekdep ýolundaky iň uly gaýgysy, şo köpri boldy.
Irden gelşinem, ýolboýy kellejiginde şo sakyrtga-jümle:
“Köpriň aşagynda kim ýaşaýarka?”.
Itmi, pişikmi?
Belki, obama-oba aýlanyp dilegçilik edip, surnugandan soň sygan aýal, şo taýda özüne hin gazynandyr.
Şolaň-a gözüňi iýip gelýän reňbe-reň reňkli, üpül-sapyl sypatlaram ýaman mojug-aý!
Dilegçilik edere üýşüp ýatan tam ýogam bolsa, öwran-öwran şulaň obasyna-da ýetýä şolar.
Öz lüli dillerinde nämedir bir zatlar sarnaşdyryp, oýnamçaň ýalňyz köçesiniň aňrybaşyndan göründikleri, bü-ýä nähili gyzykly oýun oýnap oturanam bolsa, tapyrra taşlaýar-da, zut gaçýar öýlerine garşy.
Dagy nätjek?
Hemme kişi bilýä: sygan aýallar göwünlerine ýaran oglanjygyny garagäz haltalaryna hasyr-husur dykýarmyş-da, ogurlap gidýärmiş-ä.
Äkidibem wurup-ýenjip, aç-hor saklap, hijem haçan suwa düşürmän, gowuja kirledibem, olara dilegçilik etdirýämişler.
Onsoň göz öňüňe getir: on-a sygan aýal ogurlap äkidip, dilegçilik etdirse. Olam günlerde bir gün özüni ýitireli bäri ýarym-ýaş aglamjyrap ýören ejesiniň gapysyndan elini somlap: “Genneje ja-a-a-n! Birje kökesi bilen ýigrimje köpüjek berdisi bar edäý-dä-ä-ä-ro-o-ow!!!” diýip gelse...
Nähili bolar-aý?
Utanjyndan ýaňa ölüp bilmez-ä-how.
Özem.
Ejesem.
Kakasam...
*****
Soňra, ýarym günläp, mekdepde sapaklarda otyrka-da, küýi-köçesi yzyna gaýdyşyn ýene şol köprini kesip geçmelidigi hakyndaky iňkise başagaý.
Beýnisinem şo jümle üznüksiz-tükezziban çokjalap dur:
“Köpriň aşagynda kim ýaşaýarka?”.
Ýa çyndanam eýe ýa-da şaýly gelinmikä?
Aýdyşlaryna görä şoň ýaly hapa, buljum ýerlerde hökman şo taýynyň eýesi ýaşaýamyş-a.
Bilden ýokarys-a adamyňky ýaly, aşagam eşegiňki.
Özem tüýlek guýrukly-zatly.
Gulaklary harryk.
Gözleri çerrek.
Häsiýetem itiňki.
Onsoň kim-de kim şeýle eýäň saklaýan taşlandy-mesgenine ýakyn barsa-da, ol şo mahawy şakyrra-mukurra tutýamyş-da, göni diriligine iýip başlaýamyş. Ilki bilenem gulagyndan başlaýamyş. Sebäbi oglanjyklaň gülgüne gulagy eýe ýa-da şaýly gelin üçin iň süpbe-süýji ýerimiş. Oglanjygyň şo taýy oňa edil şekelad ýaly noşmyş.
Ýa-da ondanam beteri, eýe oglanjygy birbada iýmän, ony özüne hyzmatkär edinip saklamaga başlaýamyş.
Onsoň eýäň ýa-da şaýly gelniň hyzmatkäri bolsaňam, günde otuz üç wagtyna olaň hapa, porsy, tüýlek, toýnakly aýagyny legen bilen suw daşap ýuwup bermelimiş.
Olaň agzyndan galan süňk-saňky iýibem oňmalymyş. O süňklerem eýäň hyllygyna bulaşyp, şepbeşip duranmyş...
Ö-ö-ö...
...Oglanjygyň hyýaly, köpriň aşagynda kimiň ýaşaýandygy hakyndaky çaklamalarynyň şunuň ýaly ýürekbulanjy ýerine gelende, ol içinden-ä ögeýärdi. Daşyndan ögemänem zordanjyk saklanýardy.
Garaz, deňdeşiniň birje jümlesi onuň öňem-ä beýlebir bigam däl dünýäsine ot saldy.
*****
Indi onuň birinji baş aladas-a, şo astynda kimem bolsa biriniň hökmany suratda ýaşaýandyg-a-ha jinnekçe-de şübhesiz, ýöne kimiň ýaşaýandygy gümürtik, şoň üçinem öte gorkunç köprüden ýeke özi geçmän, ýany ýoldaşly geçmegi eýdip-beýdibem bolsa sazlamak boldy.
Soňky derdem: ýakyn-u-daş hiç kese bu züwwetdinlik syryny paş etmezlik.
Çünki oň ýaşydyr-göwrejigi müçenek bolsa-da, akyljygy daýaw.
Magat gözi ýetipjik dur, salynyň gowşak ýerini bildiräýdigi, ol owal-a deňdeşlerinden başlap tutuş mekdebe, galyberse-de bütin oýnamça obajyklaryna gep-gybat bilen gülki ýassygyna öwrüler.
Şol sebäpli ol derdini hiç kim bilen paýlaşmady.
Soramadam.
Geňeşmedem.
Ýekeje özi şo birje soragy kellesinde üznüksiz aýlady ýördi:
“Köpriň aşagynda kim ýaşaýar?”.
Bu soragyň öz ýüregine jüňk boljak, özüni doly kanagatlandyrjak jogabyny tapmalam täk-tenha özi.
Isle içinden gözläp, beýnisidir göwünjigini dörjelesin.
Isle daşyndan agtaryp, dünýäniň kitapdyr, gep-gürrüňini gyzyl-dörjük edip, şo “daýawja” akyljygynyň eleginden geçirsin.
Öz işi.
Ýeke bolsaň bolsa, hemme zat hasam kyn.
Hasam şunuň ýaly sowallara jogap tapmakda.
Hasam şo sowalyň jogabyny tapmak üçin, günlerde bir gün ýüregiňi daşa baglaga-da, “ölsem öleýine salyp” köpriň şo elheder aldyrýan astyna düşüp görmek zerur bolsa.
Oň ýaly janpida edermenligem ýekelikde, ýoldaşsyz edesiň geljekmi?
Ilki wepadar hemdem bolsa-da, soň üstüňden gülmän, erkegiň halyna erkeklerçe düşünip, lalyny açyp gezjek merdana gardaşam nirden tapjak?
Oň ýaly zat gyryň daşy däl ahyry.
Ýolda çaşyp ýatanok.
Ýogsa şeýle ýoldaş tapylsa-ha ol, birmahal anygyna ýetip äpbererdi-le – köpriň aşagynda neneň-niçik eýmenjem bolsa, mahlugam bolsa, nägehanam bolsa, kimiň ýaşaýandygynyň...
Sebäp diýseň, atasynyň aýtmyşyna görä, ýanyň ýoldaşlyja bolsa “jähennem” diýilýän ýerem beýlebir gorkunç dämiş ýaly...
Ýöne, haýp!
Ýoldaş ýok.
Diýmek oňa galýan zat: diňe çaklamak.
Kim ýaşaýarka şo başyna ýumrulmyş köpriň astynda?
Ynsmy?
Jynsmy?
Ýa başga bir, aýatda-gaýypda hiç bir zada meňzemeýän, hiç bir kysyma degişsiz mahlukmyka?
*****
Köplenç, aglaba köp adamlarda munuň ýaly çagalyk soraglaram, wehimlerem uzagyndan öz-özünden hakyda ammaryndan sumat bolup ýitip gidýändir welin, nämüçindir şuňka şeýle bolmady.
Ýa ala-böle şu meselede hut şuň petine gar ýagdy.
Ýa-da başga bir sebäpden, bu sowal onuň ömrüne şärik bolup, ýelmeşip galdy.
Ýedi ýaşynda başlanan: “köpriň aşagynda kim ýaşaýar?”, on ýaşynda-da, on bäş ýaşynda-da, ýigrimi ýaşynda-da...soňky ýaşlarynda-da şo durşundan üýtgemedi.
Ýogsa ol, şu pille anyk ýadyna düşenok weli, takmynan on-onki ýaşyny dolduryp, birneme ekezlenensoň, bir gün ýelsepitli ota gaýdanda, ýörite sowlup, ömründe ilkinji sapar şo köpriň aşagyna düşübem görüpdi.
Sag elind-ä ýalaw ýaly oragy.
Solunyň daşyna-da ot ýygýan haltasy dolangy.
Niýeti – köpriň aşagynda ýaşaýan nägehan üstüne topulaýsa, çep elini agzyna gysdyryp, sagyndaky orak bilenem garnyny parçalamak.
Kinodakymy ýa kitapdakymy ýaly.
Özem özüni şunça ýyl bäri kösäp ýören nämälimlikdir wehimden ymykly dynmagyň aýgytdan depme-dykyn kül-külünde.
Näçe baýtallasa-da özüne zor salyp, köpriň küpürsäp duran çägelik astyna düşdi.
Hiç zat ýok.
Gorkunjam däl.
Diňe it-guşuň gatap giden tezegi bilen suwuň ysyna garyşýan nämedir bir zatlaryň dymyljak ysy bolaýmasa, köpriň aşagynda kimdir biriniň ýaşaýandygynyň yz-tozam ýok.
Ol şonda özüniň ençeme ýyl bäri biderek ezýet çekip ýörenine ajyja ýyrşarypdy-da, bu aladadan hemişelik dynandygyna monça bolup, öz-özünden göwnühoş çykyp gaýdypdy.
Şol göwnühoşlugam birnäçe gün dowam edipdi.
Soňam bir gün...
*****
Gün ýaşar uçurlary garry obadaky enelerine tigirli gelip gitmeli boldy.
Gidişin-ä hiç neneň däl.
Köprüden “waz” geçip gaýtdy.
Soragam ýok, onuň astynda kimiňdir ýaşaýany-ýaşamaýanam gara şaýy.
Emma garaňky gatlyşanda yzyna geçende welin...
Tigriniň tekeri köprä münenden nämüçindir onuň ini tikenekläp gitdi.
Gaýa ýok gopuz ýok ýerinden, birdenkä el-aýagyny ýitiren ol, tas tigrinden düňderilýärdi. Ýykylman zordan saklandy.
Birdenem onda köpriň erňeginden kimdir biriniň hüžžüksaç, dürterip duran çüri şahly, saňňydiş, üçgözli kellesini çykaryp, özüni siňňitli synlaýandygy hakynda şeýlebir çypbakaý-çyn duýgy döredi.
Ol şo tarapa seretmäge elheder alsa-da, munuň hakykatdanam şeýledigine güpür-tapyr ynandy.
Şol üçgözüň edil maňlaýdaky iň eýmenjiniň otlukly lowurdaýan işdämen nazaryndan bahymrak sypmak üçinem tigriniň çarhyna zor berdi.
Şo gidişine-de demi-demine ýetmän, zordanjyk özüni oba atdy.
Öýlerine girmänkä howuzdan bedreli suw çykaryp, hopurdadyp-hopurdadyp içdi.
Nepesini durlady.
Agzynyň çetine gaýnan uçuklara dilini degribem öýlerine ýöneldi.
Gözem töwereginde.
Hamana, ýaňky üçgözli, eýmenç kelläň eýesi köpriň aşagyndaky mesgenini terk edäge-de, ysyrganyp, yz çalyp yzyndan geläýjek ýaly.
Kellesinde-de ýene şo pikir: “Köpriň aşagynda kim ýaşaýar?”...
*****
Soň bu sowal ony hiç haçanam öz gününe goýmady.
Dogry, ýyllar ötdi – ýigit çykdy.
Çagalyk gorkusy üzül-kesil kütelişdi.
Soňam ol dürli ýyllarda birnäçe gezek il-günüň gözüne güýdüşip, şo köpriň aşagyny ädimme-ädim, barmakma-barmak barlap gaýtdy.
Gündizem bardy.
Murty tabansoň, eline çyra alyp gije-de bardy.
“Gelip-gidenimden soň, gizlenen ýerinden çykýan bolaýmasyn?!” diýen müňkürlikde, serhoş kelle bilen bir gezek dagy, takmynan otuz ýaşlaryndaka, garry obadan toýdan gaýdyşyn, elin sowlup, köpriň aşagynda daňyň düýbi çyzylýança ýeke özi oturyp, garawullabam gördi.
Bolmady.
Hiç kim sataşmady.
Ýöne barybir, ol şonça gezek hut özi köpriň aşagynda hiç kimiň ýokdugyny görse-de, magat anyklasa-da, o taýda hiç kimiň ýaşamaýandygyna özüni hiç ynandyryp bilmän geçäýdi.
Sowalam ony terk etmedi.
Gaýta, ýyllarboýy şo köprüden ötse kellesinde-de, göwnünde-de şo-o-l gaýtalandy ýördi: “Köpriň aşagynda kim ýaşaýar?”.
Dogrudanam...
Köpriň aşagynda kim ýaşaýarka?
Köpriň aşagynda kim ýaşaýar?! / hekaýa
Edebiýat,
Owrenyan
tarapyndan
5-09-2024, 10:57