Owganystan.Bu söz dünýä jemgyýetçiligi üçin "topalaň", "uruş-dawa" sözleri bilen sinonim ulanylýar. Bir wagtlar bu ýurt hem rowaçlyk ýolundan barýardy.Adamlar irden rahat oýanyp,uruş-dawany hyýalynada getirmeýärdiler.Emma,geçen asyryň 70-nji ýyllarynda ýagdaý üýtgedi...
Şol wagtda Owganystanda Muhammet Zahyrşa patyşady.1973-nji ýylda Zahyrşa Italiýada resmi iş bilen ýörenliginden peýdalanyp,onuň ýakyn garyndaşy,Owganystanyň baş weziri Muhammet Dawut döwlet agdarylyşygyny amala aşyrdy we Owganystanda häkimiýeti ele aldy.Zahyrşa Italiýada galdy.
Muhammet Dawudyň hökümrowanlygy bäş ýyl dowam etdi.1978-nji ýylyň 27-nji aprelinde Owganystanda ýene topalaňlar başlady.Özlerini "Owganystan Halk Demokratik partiýasy agzalary" diýip atlandyrýan topar,Muhammet Dawuda garşy gozgalaň etdi.Bu gozgalaň "Savr ynkylaby" ady bilen taryhda galdy.
Gozgalaňçylar prezident köşgüni gurşap,Muhammet Dawuda boýun egmek talabyny goýdylar.Ol razy bolmady.Arada atyşyk başlady.Netijede,Muhammet Dawut,onuň maşgala agzalaryndan ýigrimä golaý adam,şu jähtden,bäş sany çagasy we agasy Muhammet Neim heläk boldy.
Gozgalaňçylar häkimiýeti ele aldylar.Olara Nurmuhammet Tarakiý we Hafizullah Amin baştutanlyk etdi.Muhammet Dawutdan häkimiýeti basyp alan OHDP,Owganystan Demokratik Respublikasy düzülendigini we ýurt sosialistik ýoldan gitjekdigini yglan etdi.Ýurduň baştutany Nurmuhammet Tarakiý,geňeşiň başlygy Hafizullah Amin boldy.
Şol wagtda Owganystanda bolýan wakalary dünýäniň iki gigant döwleti,ABŞ we SSSR üns berip synlaýardy we täze gurulan hökümet bilen ýakyn aragatnaşyk açmaga synanyşýardy.Nurmuhammet Tarakiý SSSR bilen,Hafizullah Amin ABŞ bilen ýakyn gatnaşyk açmagyň tarapdarydy.Emma,ýurtda Tarakiý we Aminiň garaýyşlaryna goşulmaýan,ABŞ we SSSR bilen deň derejede aralyk saklap gatnaşyk etmegiň tarapdarlary bolan adamlar köpdi.Ana şolar Tarakiý we Aminiň dolandyrýan hökümedine garşy ýarag göterip çykdylar.Şunlukda,Owganystanda raýatlyk uruşy başlady.

SSSR-den kömek soramak.

1978-nji ýylyň 8-nji maý güni Owganystan hökümedi SSSR ýolbaşçylaryna ýüzlenip, çaltlyk bilen Owganystana partiýa,howpsuzlyk(KGB),harby we hojalyk işgärlerinden ybarat bolan maslahatçylar toparyny ibermegi sorady.Owganystana iň ozaly bilen KGB işgärleri,yzyndan beýlekiler ugradyldy.Soňra äşgär edilen maglumata görä,SSSR hökümedi Owganystana aşpez ýa-da inžiner hökmünde hem esasan KGB işgärlerini ugradypdyr.
1979-njy ýylyň baharynda Owganystan hökümedi SSSR-den harby kömek sorady.Emma,SSSR muny ret etdi.
Şu jümleden,1979-njy ýylyň martynda KPSS Merkezi Syýasy býurosynyň nobatdan daşary ýygnagynda SSSR ýolbaşçysy Brežnew şeýle diýdi:"Gün tertibinde Owganystana kömek bermek meselesi dur.Owgan dostlarymyz bizden harby kömek soraýarlar.Biz bu ýagdaýda,ol ýere harbylarymyzy ugradyp bilmeris.Bu biziň barymyzyň zyýanymyza bolmagy mümkin".
Ikinji bir tarapdan,SSSR-iň goranmak ministri Dmitriý Ustinowyň buýrugy bilen, Owganystanyň serhet ýakalarynda, esasan,Türkmenistan we Özbegistanda harby howa-desant goşunlary ýerleşdirilmäge başlandy.
1979-njy ýylyň sentýabr aýynda Owganystan hökümedi we OHDP-yň içinde düşünişmezlikler sebäpli partiýa başlygy Nurmuhammet Tarakiý tussag edildi we soňlugy bilen hökümedi ele alan Hafizullah Amin tarapyndan jezalanyp öldürildi.Hafizullah Amin hökümedi ele alanda,SSSR bilen dostlukly gatnaşykda boljakdygyna ynandyrdy.1979-njy ýylyň sentýabryndan tä dekabr aýyna çenli Amin, SSSR-den birnäçe gezek harby kömek sorady.Ikinji bir tarapdan,ol ABŞ bilen şäriklik etmek barada gizlin gepleşikleri geçirmäge başlady.Bu ýagdaý elbetde,SSSR hökümedine ýaramady.Moskwa Amini tagtdan agdaryp, onuň ýerine Babrak Karmaly geçirmek barada meýilnama düzmäge başlady.

Owganystana goşun girizmek.

1979-njy ýylyň dekabrynda Owganystanyň Bagram şäherine KGB-nyň "Musulman batalýony" ady bilen esasan, Merkezi Aziýa we Kawkazdan jemlenen işgärlerden ybarat bolan taýýarlykly bölümi ugradyldy.
1979-njy ýylyň 10-njy dekabrynda SSSR-iň goranmak ministri D.Ustinow Türküstan we Merkezi Aziýa harby okruglaryny söweşjeň ýagdaýa getirmek barada buýruk berdi.Şunlukda,103-Vitebsk harby gwardiýa howa-desant diwiziýasy söweşjeň trewoga bilen aýaga galdyryldy.
Ahyrsoňy,1979-njy ýylyň 12-nji dekabrynda SSSR-iň syýasy býurosy Owganystana goşun girizmek baradaky karary kabul etdi.
14-nji dekabrda SSSR-iň Bagramdaky harby bazasyny 1979-njy ýylyň iýul aýyndan bäri goraýan 105-nji gwardiýa howa-desant diwiziýasynyň 111-nji polkuna kömek hökmünde goşmaça Owganystana 345-nji howa-desant polky girizildi.
1979-njy ýylyň 23-nji dekabrynyň agşamy, goranmak ministrligi Owganystana goşun girizmäge taýýardygyny mälim etdi.Aradan bir gün geçip D.Ustinow "Dost owgan halkyna kömek etmek maksadynda ýurduň günortasyndaky Sowet harbylarynyň bir bölegini goňşy döwlet serhedine girizmäge karar berildi" diýip ýazylan direktiwa gol çekdi.1979-njy ýylyň 25-nji dekabrynda Türküstan harby okrugyndaky 40-njy umumy goşun armiýasy Owganystana girizmek üçin söweşjeň taýýar ýagdaýa getirildi.Şol güniň öýläni Owganystana girmek üçin buýruk berildi.SSSR harby bölümleri guryýer we howa arkaly Owganystanyň çägine çozup girdiler.
Hereketdäki armiýa kömek bermek üçin 27-nji dekabr güni Özbegistan,Türkmenistan we Täjigistandan umumy hasapda 32 müň ätiýatçlykdaky harbylar çagyrylyp, harby hereketlere taýýarlandy.Ilat arasyndan we dürli guramalardan 9 müň "UAZ"awtomobili harby hereketlerde peýdalanmak üçin ýygnap alyndy.1979-njy ýylyň 25-27-nji dekabrynda Owganystana ýene köp sanly harby bölümler girizildi.

Aminiň öldürilmegi ýa-da selleli KGB işgärleri.

1979-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Aminiň janyna kast etmäge synyşyk boldy.Ol diri galdy.Babrak Karmaly çaltlyk bilen Moskwa çagyryp aldylar.20-nji dekabr güni "Musulman batalýony" Bagramdan Kabula geçirildi.Bu batalýon Aminiň ýaşaýan öýüni ele salmalydy.Aminiň köşgüni ele salmak üçin Moskwadan KGB-nyň ýene iki bölümi ugradyldy.1979-njy ýylyň 27-nji dekabrynda,KGB bölümleri we harbylaryň kömeginde Aminiň köşgi eýelendi we Aminiň özi öldürildi.Şol wagtda Aminiň köşgüne KGB-niň bölümleri çozup girenligi barada hiç ýerde agzalmady.Köpçülige "Owgan halky Aminiň köşgüni ele alyp özüni bolsa öldürdi"diýip maglumat berildi.
"Pravda" gazeti bolsa "Halk gozgalaň göterip,Aminiň köşgüne çozup girip,Amin we onuň tarapdarlaryny öldürdi"diýip ýazdy.Soňlugy bilen,SSSR darganda,Aminiň köşgüne çozup Amini we onuň tarapdarlaryny öldüren "owgan halky" owganlaryň eşigini geýen, KGB-nyň işgärleri bolandygy mälim boldy.
Amin öldürilenden soň Babrak Karmal Bagramdaky SSSR-iň harby bazasyndan çykyp,Kabula geldi we ony Owganystanyň baştutany diýip yglan etdiler.Ol SSSR hökümetinden Owganystanda parahatçylyk ornaşdyrmak üçin öz ýurduna sowet harbylarynyň girizilmegini haýyş etdi.
Muňa jogap hökmünde sowetler Owganystana goşun girizmek baradaky kararyny çykardy.Emma,muňa çenlem SSSR harbylarynyň uly bölegi Owganystana girizilendi.Şeýlelikde, Owganystanda uruş başlandy.

Urşy birnäçe aýda tamamlajak bolan Ustinow we Andropow.

Owganystana harbylary girizmäge şol wagtda SSSR-iň goranmak ministri bolan D.Ustinow we KGB-nyn ýolbaşçysy Ý.Andropwyň goşandy uludyr.Olar Brežnewi "Owganystanda bir bölek duşman bar.Iki-üç aýda olary ýeňip,uruşy tamamlarys"diýip ynadyrypdylar.Olaryň maksady uruşyň netijesinden aladalanýan Brežnewi rahatlandyrmak bolupmy ýa-da öz güýçlerine ýokary baha beripmi-bu mesele nämälimligine galýar.
Soňlugy bilen,Brežnewiň ýegeni Lýubow Brežnewa öz ýatlamalarynda, Owgan uruşy başlanyndan biraz wagt geçip, daýysynyň her gün giçki wagt Dmitriý Ustinowa jaň edip: "Dima,bu uruş haçan gutarar?Sen uruş uzak dowam etmez diýipdiňä.Emma,al kakmyş,bu uruşyň soňy görnenokla?! Ol ýerde çagalarymyz heläk bolýar." diýen gürrüňlerini ýatlaýar.
Owganystandaky uruşda SSSR harbylaryna garşy göreşýän taraplary Günbatar ýurtlary,esasan, ABŞ her taraplama goldaýar.Munuň netijesinde uruş uzaga çekilýär.
D.Ustinow we Ý.Andrapowa ynanyp,Owganystana goşun girizmäge razy bolan L.Brežnew 1982-nji ýylda dünýäden ötýär.
"Bir näçe aýdan bu uruşy ýeňip çykarys" diýen Ustinow,hem-de ozal KGB,soňra SSSR-iň ýolbaşçysy bolan Andropow hem 1984-nji ýylda aradan çykýarlar.
Emma,owgan uruşy gutarmaýardy we millionlap adamlara külpet getirmegini dowam edýärdi.Hökümet habar beriş ulgamlary telewideniýe arkaly "Owganystandaky uruşlarda sowet goşunlarynyň üstün gelýändigi we ýeňişiň uzak däldigi" barada, yzgiderli ýalan maglumatlaryny berýärdi.

Owgan uruşy SSSR üçin hakyky heläkçilik boldy.

Birinji nobatda,SSSR bu uruş üçin örän uly pul serişdelerini goýberdi.Ýurdyň rowaçlanmagy üçin zerur bolan pul howa uçuruldy.Netijede, ykdysadyýetde durgunlyk ýüze çykdy.Mundan başga,bu uruşda köp sanly harbylar,şu jümleden,Owganystanda dürli işler bilen hyzmatda ýören raýatlar hem heläk boldylar.
Brežnew hökümrowanlygy döwründe,1970-nji ýyllardan başlap gowlaşan,SSSR-ABŞ gatnaşyklary iň ýaramaz derejä ýetdi.ABŞ başlyklaýyn Günbatar ýurtlary,Owgan uruşy sebäpli SSSR-e garşy ykdysady sanksiýalaryny taýýarladylar.SSSR-den nebit we gaz satyn almagy bes etdiler.Munuň netijesinde, ýurduň ykdysadyýeti çökgünlige ýüz urup başlady.
Harby gulluga sagdyn giden çagasynyň maýyp ýa-da tabytda jesediniň gelmegi hem adamlarda ters reaksiýany döretdi.SSSR-iň özünde hem bu uruşa närazyçylyklar güýçlendi.

Owgan urşunda ABŞ-yň roly.

SSSR-iň Owganystana goşun girizmegine ABŞ başlyklaýyn Günbatar döwletleri ilkibaşdan garşy bolýarlar.Owganystanda uruş başlanandan soň,ABŞ we ýene birnäçe Günbatar döwletleri SSSR-e garşy göreşýän toparlary her taraplama goldady.Olara ok-ýarag,azyk-owkat,geýim-gejim kömegi berildi.ABŞ tarapyndan berilýän puluň mukdary bolsa ýylsaýyn artdyrylýardy.1984-nji ýylda 125 million dollar berilen bolsa,bu kömek 1987-nji ýyla 630 million dollara çenli artdyryldy.Owgan uruşy ABŞ üçin täze ýaraglary synagdan geçirmek üçin poligon wezipesini hem ýerine ýetirdi.Bu ýerde dürli himiki we biologiki ýaraglar synag edildi.
Adamlary önelgesiz edýän himiki maddalar goşup taýýarlanan pyýada garşy minalar we snarýadlar ilkinji gezek Owgan urşunda synag edildi.Bu barada köne "owgançylar" öz ýatlamalarynda ýazyp galdyrypdyrlar.

Owganystandan goşunlaryň çykarylmagy.

1985-nji ýylyň 11-nji mart güni K.Çernenkonyň ölüminden soň, SSSR-iň ýolbaşçylygy M.Gorbaçewa geçdi.Brežnew we onuň orunbasarlaryndan tapawutly ýagdaýda,Gorbaçew ýagdaýy dogry bahalady we Owgan uruşunda ýeňiş gazanyp bolmajagyna düşündi.Ol 1986-njy ýylyň fewral aýynda,KPSS-niň XXVII sýezdinde Owganystandan goşunlaryny tapgyrma-tapgyr alyp çykmak baradaky beýanatyny berdi.
Aradan ýene iki ýyl geçip,1988-nji ýylyň 15-nji maýyndan Owganystandan goşunlar çykarylyp başlandy.1989-njy ýylyň 15-nji fewralynda ahyrky bölümler Termizdäki Haýraton köprüsinden alyp geçildi
Dünýäde,parahatçylygy ornaşdyrmaga mynasyp goşandy üçin Gorbaçew, 1990-njy ýylda "Parahatçylyk ugrundaky hyzmatlary üçin" halkara Nobel baýragyna mynasyp boldy.

Owgan uruşyndaky ýitgiler.

Owganystandaky 10 ýyllyk uruşda SSSR harbylary köp sanly ýitgilere sezewar boldy.Şol wagtlarda SSSR ýaragly güýçleri,harby tehnikalarynyň köplügi bilen öwünmäge mynasypdy.Emma,harby esgerleriniň hil derejesi babatda beýle diýip bolonokdy.Armiýada şertnama esasynda hyzmat ediş ulgamy ýokdy we onda esasan "ene süýdüniň ysy agzyndan gitmedik" ýaş ýigitler hyzmat edýärdi.
18 ýaşynda harby gulluga çagyrylan ýigitler iki ýyl gulluk edip,biraz tejribesi ýokarlananda,boşadylyp,ýerine başgalary alynýardy.Owgan uruşunda ine, şu gowşak sistemanyň päsgelçiligi uly boldy.
SSSR harbylaryna garşy söweşen owganlar bolsa, Päkistandaky lagerlerde ýokary taýýarlykdan geçen we birnäçe ýyllyk tejribä eýe bolan urşujylardy.Resmi bolmadyk maglumatlarda,Owgan urşunda umumy hasapda 2 million töweregi Owganystan harbylary we raýatlary heläk bolandygy aýdylýar.Käbir ekspertleriň maglumatlarynda,heläk bolanlaryň sany 3 milliona golaý diýip görkezilýär.5 million töweregi owgan raýaty bolsa,gaçgaga öwrülipdir.
SSSR tarapdan bu uruşa jemi 820 müň harby gatnaşýar.1989-njy ýylda olardan 14 454 heläk bolandygy barada resmi maglumat berildi.SSSR-iň jemi ýitgileri 15 031 bolupdyr.Emma,ekspertler SSSR harbylarynyň Owgan uruşyndaky ýitgileriniň mundan birnäçe esse ýokary bolandygyny çaklaýarlar.SSSR-iň harby tehnikalarynyň ýitgileri baradaky resmi maglumatlar hem kemeldip görkezilen bolmagy mümkin.
SSSR Owgan urşuna her ýyly 800 million dollar pul goýberipdir.Resmi däl maglumatlara görä, SSSR bu uruş üçin her ýyly 3 milliarddan 8,2 milliarda çenli dollaryny sarp edipdir.
SSSR goşunlarynyň Owganystanda alyp baran on ýyllyk uruşy bu ýurt üçin agyr netijeleri getirdi.SSSR harbylary çykarylandan soň hem Owganystanda parahatçylyk bolmady.Dürli toparlar häkimiýete ele almak üçin çekeleşige girişdiler we Owganystanda ýene raýatlyk uruşy başlandy.





















Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Dowsypat. tarapyndan 6-09-2024, 10:35

  • Гость Гость off № 1 6 сентября 2024 21:42
    Amerikaň hilesi iş berýä bu ýerde. Sözüň doly manysynda Amerikaň hile-pirimi netijesinde SSSR goşun salýa Owganystana
    Jogap
  • Гость Гость off № 2 6 сентября 2024 21:44
    Sowetleň şol wagtky hökümet ýolbaşçylary özleriniň nädereje sowatsyzdygny görkezdi.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 3 7 сентября 2024 11:58
    Ors:
    —Biziň goşunymyz dünýäde iň güýçlisi.
    Amerikan:
    —Ýok,biziňki iň güýçlisi.
    Owgan:
    —Dawaňyzy bes etmeseňiz,ikiňizem çykaryp kowýan häzir
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 4 7 сентября 2024 12:34
    Ýazyjy Gylyç Kulyýewiň "Harasatly Kabul" eserinde Muhammet Zahyrşanyň agdarylşyny Muhammet Dawudyň ýerine giçişi barada giňişleýin gyzykly beýan edilýär. Ýöne bilemok romanda beýan ediýän wakalar çynmy, ýalanmy.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 5 7 сентября 2024 13:13
    Owganystan wakalary Ukraýinada gaýtalanýan ýaly.
    Jogap
  • Гость Гость off № 6 7 сентября 2024 15:25
    Döwlet gurluşy gaty täsin zad-aý. Bir adama millionlarça adam boýun egýä.
    Jogap
  • Гость Гость off № 7 7 сентября 2024 15:27
    Iki sany şäň sebäpli ýüz müňläp adam janyndan geçmeli. Geçäýmeli
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 8 7 сентября 2024 16:19
    Adamlar däl,idealogiýalar uruşýar,adamlar heläk bolýar.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

Топ авторов

© Islenen.ru - Düzgünler