( Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen günäsi geçilip, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylan adamlaryň kazyýet edilenlik aýbynyň aýrylýan pursaty barada düşündiriş)


Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, kazyýet edilenlik aýby şeýle ýagdaýlarda öz-özünden aýrylýar: şertli kazyýet edilenler babatda synag möhletiniň dolmagy bilen;azatlykdan mahrum etmekden has ýeňil jeza çäresi bilen kazyýet edilen adamlar babatda bellenilen esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini doldurmagy bilen; uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýaty edendigi üçin azatlykdan mahrum etmek bilen kazyýet edilen adamlar babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini doldurandan soň iki ýylyň geçmegi bilen; agyr jenaýat edendigi üçin azatlykdan mahrum etmek bilen kazyýet edilen adamlar babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň dört ýylyň geçmegi bilen; aýratyn agyr jenaýat edendigi üçin kazyýet edilen adamlar babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň alty ýylyň geçmegi bilen.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 2001-nji ýylyň 3-nji awgustyndaky " Iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylmagynyň we aýrylyşynyň käbir meseleleri hakynda " kararynyň 3-nji böleginde haçan-da, iş kesileniň aýbyny aýyrmaýan günä geçmek ýa-da rehim etmek namasy boýunça jeza çekmekden boşadylanda, onuň aýby Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 81-nji maddasynda görkezilen möhletiň çäginde, degişlilikde ol möhleti günä geçişligiň ýa-da rehim edişligiň ulanylan gününden başlap hasaplamak bilen öz-özünden aýrylandygy göz öňünde tutulan.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Zähmet hakyndaky kanunlar kodeksiniň 222-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, işgärler özleriniň hukugynyň bozulandygyny bilen ýa-da bilmeli bolan wagtynda zähmet jedelleri baradaky topara, kanunlarda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa gös-göni kazyýete ýüz tutmaga hukuklary bardyr.


Düşündiriş beren :
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk kömegi müdirliginiň baş maslahatçysy Aýsoltan Ataýewa.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Allaş tarapyndan 7-09-2024, 18:16

  • Гость Гость off № 1 7 сентября 2024 21:21
    25+6=31. Şonça ýyl sen hiç kim. Oýlanyşdyrýan san.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. on № 2 7 сентября 2024 21:54
    Şu kanunlar bilgeşleýin adaty raýatlar düşünip bilmez derejede çylşyrymly edip düşündirilýärmikä?
    Jogap
  • Allaş Allaş off № 3 7 сентября 2024 22:02
    Öň gazetden belläp alypdym.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 8 сентября 2024 11:38
    Menä tort äkeljek...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

Топ авторов

© Islenen.ru - Düzgünler