Bir ýigit meýdandan öýüne gelen
Öýüne gelip ogryny gören
Ýaňky ogry gyp-gyzyl eken
Ogrydygy hut anyk eken

Öýüni agdaryp düňderýän eken
Iki ýan sümsünip pul gözleýän eken
Barmaklary uzun burny jüýk eken
Aýagy maýmyn deý ätleýän eken

Ýigit ony görüp duryp bilmändir
Alla diýip özüni üstüne oklan
Emma ogry ondan bet eken
Birbada onuň elinden sypan

Haýdan-haý gaçyp meýdana çykan
Ýigit bat bilen yzyndan kowan
Ikisiniň arasy birje garyş eken
Ýene sähelçeden ogryny tutaýjak eken

Ynha ara indi tutdym-tutdymda
Ogrynyň haly indi waý eken
Onuň kowgydan ysgyny gaçan
Soňky pellede haly teň eken

Ýigidiň eli onuň egnine degen
Bir gyssa çany çykaýjak eken
Emma şol wagt goňşysy ortaýa düşen
“Heý ogryny kowýan bäri dur” diýen

Şeý diýip ýigidiň badyny alan
Ýigidiň hyýalynda müňkür oýadan
“Goňşym menden gowy bilýändir
Meniň peýdama bir zat diýýändir”

Şeý diýip ýigit badyn gowşadan
Ogry bolsa indi arany açan
Ýigit bolsa yzyna öýüne gaýydan
Bolmaz bir işden ýüregi sarsan

“Ýene bir ogry öýe girendir
Aýalymy süýräp ýola gidendir
Goňşym maňa şuny aýydaýndyr
Ulular ýaşlardan köpi görýändir”

Şu pikir bilen öýüne ýügürip gelen
Hyýalyndaky ikinji ogryny gözlän
Emma öýde hiç kim bolmandyr
Aýaly bu wagt goňşyňka giden

Hemme zat ortada çalam=çaş ýatan
Pully düwünçek içi boş gugaryp ýatan
Onýança goňşysy bat alyp gelen
Gelip ýigide bir ýük akyly satan

“Nämä gerek ogrynyň yzyndan kowmak
Özüňi pişikden ýügürek saýmak
Ynha ogrynyň aýak yzy, yzyndan git
Öýünde çaý içip otyrka ýakasyndan tut

Seniň pulyňa eýýam arak alandyr
Arakdan doýyp serhoş ýatandyr
Ýanyňa polisany alda ogryny gözle
Boşadan düwünçregini gözüne somla”

“Wää” diýdi ýigit “ogry elimde
Ogrynyň jany bu wagt dilinde
Men ony tutjakdym, sen sakladyň
Tutjak tutjagymda bäri dur diýdiň

Tutan bolamda abraý bolardy
Adamalar ogryny tutdy diýerdi
Nämä gerekdi tutanyňy eliňden bermek
Indi ogry ornuna salgym gözlemek

Pullarymy indi aragyna berendir
Pul maňa gelýänçä aýlar geçendir
Sen özüň oýlaman ony goradyň
Yzymdan gygyryp badym sakladyň

Özüňi bilmän ogra hemaýat etdiň
Pul ornuna maňa aýak yz diýdiň
Ogry eýýäm bu jelegaýdan çykandyr
Men ony tapardan uzaklara gidendir

Şeýdip ýigit pulyn tapmady
Ogry hol ýere baryp eşegine mündi
Ýene bir salymdan araba mündi
Ýigit pullaryndan tamany üzdi

Durmuşda şu hili adamlar bolýar
Aňkawlykdan ogryny hemaýat edýär
Gözüniň görüp duran ogryny tutman
Gaýta ogrynyň öňünde bükülip durýar

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 14-09-2024, 11:20

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

Топ авторов

© Islenen.ru - Düzgünler