Iki görnüşli ykdysady sistema bar.

Birinde hemmesini döwlet dolandyrýar:nämäni,nirede,näçe mukdarda öndürilişini kärhanalara buýrup durýar,plan ýükleýär we planyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.Önümleriň çykarylmagyna hem döwlet býujetinden pul sarp edýär.Soňra taýýar önümleri döwletiň özi paýlaýar.

Bu sistemanyň "arassasy"-SSSR şowsuzlyga duçar boldy,çünki netijesiz,özbaşdak ýöräp bilmeýän kärhanalary goldamagy netijesinde ykdysadyýeti weýran boldy.

Ýöremeýän Kärhanalar

Her bir kärhanany netijeli edýän sebäpler bar.Esasy sebäp-kärhanany rowaçlandyrmak islegi."Eý-waý,rowaçlanmagy islemezlik hem mümkinmi?!"-diýmegiňiz mümkin.Hawa,elbetde bolýar.Nähili ýagdaýda? Meselem,kärhana bäsleşiksiz şertlerde işleýän bolsa.Ýagny,onuň töwereginde bäsleşer ýaly hiç kim bolmasa.Kärhananyň öndürýän önümeriniň satylyşy nagt-anyk bolsa,diýeli,kärhanany çig mal bilen üpjün edijiler mejbury birikdirlen bolsa,onda kärhanany rowaçlandyrmaga zerurlyk bolmaýar.Sebäbi şonsuzam satylýar önüm,şonsuzam getirilip dur çig mal.Nämä gerek janyňy gynamak,näme gerek önümiň hilini gowlamak,kärhanyň işini kämilleşdirmek,alyjylaryň göwnüni awlamak,çig malyň üstünde göreşmek?!Şonsuzam bäsdeş ýoga!
Rowaçlanmazlyga ýene bir sebäp-döwlet kärhanany hemişe goldaýar,ýol berilen säwiliklerini býujetiň hasabyndan ýapyp durýar,netijede kärhana öz kemçiliklerini analiz etmeýär we düzetmeýär.Mümkin boldugyndan ukypsyzlygyny başga sebäpleriň üstüne ýükleýär-döwletden kömek almaga synanyşýar.
Elbetde,beýle kärhanalar hem jemgyýete peýda bermegi,adamlary iş bilen üpjün etmegi mümkin.Emma bar zadyň peýdasy terezä goýulanda bilinýär:emeli bäsleşiksiz şertler rowaçlyga ýol bermeýär,müňläp kärhanalar açylaýmaly wagtda,diňe az sanly kärhanalar,munuň üstüne monopol ýagdaýda işlemegini dowam etdirýär.Kärhanalaryň azlygy rowaç üçin zyýan-olaryň köp bolmagy we özara bäsleşmegi zerur.Edil şunuň ýaly erbet şertlere düşmezlik üçin,bazar ykdysadyýetine doly geçmek gerek.

Bazar ykdysadyýeti

Bazar ykdysadyýetinde näme,haçan,näçe mukdarda önüm öndürmegi(käbir önümlerden daşary) döwlet bellemeýär we kärhanalaryň işine goşulmaýar.Beýle şertlerde kärhanalar özara bäsleşip ,biri-birinden ozmaga,täzeden-täze önümleri döretmäge,önümleriniň hilini ýokarylandyrmaga we bahany götermezlige synanyşýarlar.Çünki,sebäpsiz bahany göterseler bäsleşikde ýeňilýärler.
Peýda getirýän kärhana bu-agyr zähmet we gözlegiň netijesi.Beýle zähmet we gözleg diňe bäsleşik şertlerinde ýüze çykýar.
Sagdyn bazar ykdysadyýetinde döwlet kärhanalary seýrek goldaýar,sebäbi beýle goldaw adatça kärhanany öldürmek bilen barabar bolýar:şertleri döredilen,kömegi berilýän,bazary her taraplama goralan,çig mal üpjünçiligi nagt bolan kärhana hiç mahal göwnejaý rowaçlanyp bilmeýär. Döwlet býujetinden olara ýyllar dowamynda pullar,kömekler berilýär,emma netije bolmaýar,ählisi howa sowurulýar.
Käbir kärhanalara aýratyn döwletden kömek edilip durulýan bazar mehanizimi hatardan çykýar.Çünki munda üns merkezinde durmaýan kärhanalaryň işi tiz bankrot bolýar we meýdandan çykýarylýar.Üns merkezinde duranlar bolsa,şol agsak ýagdaýynda,döwletiň gerdeninde oturuberýärler.
Rowaçlanmak-agyr göreşiň netijesi.Munuň üçin göreş meýdany gerek,ony bize bazar ykdysadyýeti berýär.Ähli önümleriň bahasyny,talap we teklipleri,her bir önümiň bazar ýa-da biržada satylyşy,nyrh diňe şu ýerde erkin şekillenmeli,hiç kim nyrhy buýruk ýa-da zorluk arkaly bellemeli däl,çünki bu bazar ykdysadyýeti däl we bazary weýran edýär.
Ýene bir möhüm söz.Bazara garşy şertde haýsydyr bir kärhananyň işini rowaçlandyrmak mümkin däl.Hat-da, bazary goragly we çig mal üpjünçiligine bagly goýulan bolsa hem,beýle şertlerde kärhanalar rowaçlanmaýar,tersine,çökgünlige ýüz tutýar.Çünki bu sagdyn bazar ykdysadyýeti däl.Bu baýlyklary,synanşyklary,ömüri bihuda sarp etmek.
Sap bazar ykdysadyýeti-özi ýöreýän netijeli kärhanalar ykdysadyýeti.Beýle ykdysadyýet ýüze çykmagy üçin könelişen,ösüşe ters gelýän tejribelerden ýüz öwürmek gerek.Muňa näçe ir düşünilse,baýlyklary,synanşyklary,ömüri tygşytlamak mümkin.Ösen döwletler tarapyndan tejribeden geçen usul bu.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Dowsypat. tarapyndan 29-09-2024, 09:35

  • Hemedany Hemedany off № 1 3 октября 2024 14:56
    Hmm şeý diýsene
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 2 3 октября 2024 19:29
    Bäsleşik ýok ýerde ösüş ýok.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

Топ авторов

© Islenen.ru - Düzgünler