(Suraty kompýuterda ýasamaly boldy, şonuň üçin geň galmaň).
Ýeriň hakyky şekili barada her tüýsli jedeller kän. Adamlaryň aglaba bölegi biziň ýaşaýan ýerimiz togalak şar görnüşde diýip ynanýar. Käbir adamlar bolsa biziň ýaşaýan ýerimiz tekiz diýip pikir edýär. Togalak ýer teorýasyna ynanýanlaryň barsy, resmi ylmyň tarapdarlary we telefizordan eşiden islän zatlaryna ynanmaga taýyn. Iň esasy zat berilýän habar taýyn görnüşde bolmaly we artykmaç pikir etmegi talap etmeli däl. (Hem-de köpçülikden çetleşdirmeli däl). Tekiz ýer teorýasy bolsa, adamlardan kelle döwmegi talap edýär. Ýöne hakykatda teorýalaryň ikisi hem ýalňyş we şol bir bada teorýalaryň ikisi hem dogry. Biziň ýaşaýan ýerimiz bir bada togalak we bir bada tekiz. Özem togalaklygy ýumurtga gördüşde. Kimdir biri Keramatly Kurandan Ýeriň şekili düýeguşyň ýumurtgasy ýaly diýilýär diýip jeden edýärdi we ýer şary barada teorýany tassyklajak bolýardy. Biziň ýaşaýan ýerimiz hakykatdan hem ýumurtga şekilinde, emma biziň pikir edişimiz ýaly biz ol ýumurtgaň üstinde dälde, oň içinde ýaşaýarys. Eşdilende bir bada adatdan daşary samrama ýaly bolup eşdilýär, ýöne azajyk howlukmaň, häzir bar zady jikme-jik düşündirjek bolaýyn:
Biz äpet ýumurtgaň içinde ýaşaýarys. Biziň asmanymyz, astymyz we çar tarapymyz şol ýumurtgaň diwarlary bilen gutarýar. Biziň asman hökmünde seredýän gümmezimiz şol ýumurtgaň ýokary tarapy. Ýumurtgaň gabygy edil aýna ýaly aňarsy görünýär. Aýnaň aňarsynda dünýewi umman bar. Şol sebäpden asman gök bolup görünýär. Asmandaky umman bilen biziň dünýämizi ýumurtgaň gabygy saklaýar. Käbir çaklamalara görä bolsa, Nuh pygamberiň döwründe ýeri gark etmek üçin şol asmandaky böwetleri açypdyrlar we asmandaky suw ýere inipdir. Soň 3 sany örän ýagty gün tutuş ýeri çaltjak guradyp çykypdyr.
Ýumurtgaň içindäki ýer hem ýekeje däl. Biziň ýaşaýan ýerimizde aşakda ýene bir näçe sany ýerler bar. Ýumurtgany dikligine dur diýip göz öňüne getiriň we oň dik ortasyndan aşaklygyna uly bir dag geçýär diýip pikir ediň. Şol uly dagyň ady bar we şol daga disk görnüşde bir näçe sany tekiz ýerler asylgy dur diýip göz öňüne getiriň. Şol äpet dagyň ady "Meru". Şol dag biziň demirgazyk polýus diýip tanaýan ýerimizden depesi çykýar we oň kökleri aşaky ýerlerde gutarýar. Ýerleriň jemi sany 14 sany, käbir maglumatlara görä bolsa 9 sany. Ýerler disk şekilinde we hersiniň merkezinde şol bir Meru dag geçip gidýär. Ýerleriň ini 40 milýart kilometr ýada şoňa ýakyn. Biziň ýer şarymyzyň diametry 12 müň kilometr diýip hasap esilýär. Resmi ylmyň bize dözýän ýer bölejigi şondan ybarat. Her bir ýer diski başga bir diskiň üstinde ýerleşýär. Biziň ýaşaýan diskimiz ýumurtgaň içinde iň ýokarky gatlakda ýerleşýär. Ýumurtgaň gabygy örän berk materiýaldan ýasalan we ony deşmek örän kyn. Hatdan adam ruhlary hem şol materiýaldan daşyna çykyp bilenoklar. Biziň diskimiziň aşaklarynda başga dünýäler ýerleşýär, biz ol dünýäleri dowzah diýip kabul edýäs. Ol ýerleriň ýaşaýjylary hem öz ýaşaýan ýerlerine kybapdaş. Biziň ýaşaýan ýerimizde, diskimyzda gün hem bar. Aşaky gatlaklaryň käbirinde gün bar, käbirinde bolsa gün ýok. Güniň ýok ýerinde örän elhenç jandarlar bar diýip çaklanylýar. Biziň diskimizde köp günä edip ýaşan adamlaryň ruhlary, täzeden dünýä inende şol aşaky dünýälerde dogulýar diýen çaklama bar. Aşaky dünýäleriň jandarlary ösüş derejesinde bizden örän öňde barýarlar. Biziň synlaýan "Uçýan tabaklarymyz" (Letaýuşiý tarelka) şol jandarlaryň enjamlary. Bizden aşakdaky gatlaklardaky jandarlaryň bir görnüşi biziň ýerimize çykmak barada arzuw edýär, ýöne olar biziň ýerimizde ýörüte skafandyrsyz gezip bilenoklar, ýeriň howasy olar üçin zäherli. Ol jandarlary adamlar "Çal adamlar" (Seriýe) diýip çaklaýarlar we olara başga planetadan gelenler diýip pikir edýärler. Hakykatda bolsa kosmos diýen zat ýok. Gün bilen Aýyň ölçegleri deň. Gün ýerden 5 müň kilometr beýiklikde ýerleşýär we her 11 ýyldan çalşylyk durulýar. Gün tutuşlygyna emeli usul bilen ýasalan. Bizi kosmosa uçýas diýip ýalan sözleýän dünýewi şereketler bolsa, bary ýogy ýerden bir näçe müň kilometr beýiklige galýarlar we şol ýerde epesli wagt eglenýärler. Käbir çaklamalara görä ýerden belli bir beýiklige galsaň, "agramsyzlyk" gatlagy başlaýar we şol gatlaga düşen islendik jisim ýere gaçanok. Şol gatlakda gün bilen aý we ýerden asmana uçurlan emeli hemralar aýlanýar. Ol gatlakda dartyş güýjiň (grawitasyýaň) näme üçin ýokdygy entek doly anyklanmadyk, ýöne her tüýsli çaklamalar kän.
Biziň ýaşaýan ýerimiziň ýumurtga şekilde bolmagy kelläňde her tüýsli pikirleri döredýär. Eger şol çaklama doly ynansaň biziň ýaşaýan ýerimiziň emeli usul bilen ýaradylandygy göze görünip dur. Eýsem beýle äpet emeli akwarýumy Hudaýdan başga kim döredip bilsin? Oň tersine mekdep programmalarynda öwredilýän kosmalogiýada Hudaýa hiç hili ýer ýok. Asmanda çäksiz kosmos bar we şol ýerde çäksiz planetalar aýlanýar. Planetalaryň käbirinde bolsa tötänden diýen ýaly janly durmuş öz özinde döräp bilýär. Resmi ylymyň kabul eden teorýasyna görä, tutuş älemjahan hem, uly partlamaň netijeisinde döräpdir. Hakykatda bolsa bu zatlaryň barsy tutuşlygyn ýalan. Bu zatlary ýeriň teýinden gelen gelmişekler oýlap tapdy. Ol gelmişeklere biz "Çal adamlar", diýýäs. Meň aýdýan zatlarymy bary ýogy 200 ýyl mundan öň, medreselerde we mekdeplerde adaty okuwçylara öwredýän ekenler. Ýöne şol döwüriň ylymyndan bize köp zatlar ýetip bilmedi. Eger biziň ýaşaýan ýerimiz äpet ýumurtga bolsa, we ol ýumurtga ýapyk görnüşli akwarýum ýaly bir zat bolsa, diýmek ol akwarýumy dolandyrýan her tüýsli enjamlar bolmaly. Öýünde balyk saklap gören adamlar näme barada gürrüň gidýänini bilýändirler. Balyjaklar demikmez ýaly suwy kislarod bilen üpjin edýän, we yşyklandyrýan her tüýsli enjamlar bar. Biziň ýaşaýan ýumurtgamyz hem äpet akwarýum we şol akwarýumyň hem öz enjamlary bolaýmaly. Ol äpet enjam ýumurtgaň iň düýbinde ýerleşýär we ol enjamyň ady "Ýuha". Rus dilinde bolsa Ýuşa diýilýär, ol enjamy äpet ýylan hökmünde kabul edýärler. Ýuha ýylan diýen söz şondan gelip çykdy. Ol ýylan äpet mehanizm we şol mehanizmiň işleýşini ýeriň aşagyndaky iň soňky gatlagyň ýaşaýjy jandarlary ählilerden gowy bilýärler. Ol Ýuha atly ýylan Ýumurtgaň içindäki ähli fiziki proseslara jogap berýär, pasyllaryň çalşmasy we günleriň remondy. Çaklama görä her gezek gün tutulanda güni täzeleýämişler. Şol prosesleriň barsy ýeriň iň teýinden dolandyrylýarmyş. Ol äpet ýylan, ýa-da örän täsin mehanyzm Meru dagyň düýbinde ýatyr we ýer ýüziniň ähli fiziki proseslaryny dolandyrýar. Şol ýylana iň golaý siwilizasyýalar, başgalara garaňda tehniki taýdan örän ösen bolýarmyşlar. Ýuha näçe golaý bolsaň, şonçada tehnikiki taýdan ösen bolýaň. Ýuwhadan näçe daş bolsaň, şonçada ruhy taýdan ösen bolýaň. Käbir maglumatlara görä bolsa, käbir ýer asty taýpalar şol Ýuwhaň işinde näsazlyklary girizmegi başarypdyrlar we ýerde gyş pasly başlapdyr. Ýa-da ýene bir çaklama: şol ýylanyň üsti bilen biziň ýerimizdäki howany hem dolandyryp bolýar. Garaz çaklamalar diýseň kän.
Iň esasy düşünmeli zatlaryň biri, biziň ýaşaýan ýerimiz örän äpet ýumurtga şekilli terrariýum. Ol terrariýumda adamlar we başga janly jemede ölmez ýaly ondaky bar fiziki proseslary dolandyrýan äpet bir mehanizm bar. Ol mehanizma köplenç Ýuwha diýýärler, käbir milletler bolsa ol mehanizma pil ýa-da äpet pyşbaga diýýärler. Mysal üçin Magtymguly Pyragy ol mehanizma "Sary Öküz" diýýär. Nähili bolandada biziň ýaşaýan ýerimiz ýapyk sistema we öz özini ekläp bilýän mehaniz bilen üpjin edilen. Biziň ýaşaýan diskimiziň ini hem örän uly. Bizi belli bolan 6 sany kontinetdan başga ýene 12 sany kontinet biziň daşymyzy gurşap alýar. Ol metiriklaryň ýa-da kontinetlaryň ady biziň garaskoplarymyz bilen deň gelýär. Emme ol kontinetlara bize ýol ýok. Ol ýeriň öz ýaşaýjylary bar we olar bizi öz ýanlaryna göýberenoklar. Bu diňe biziň ýaşaýan diskimiza degişli, bizden aşakda ýerleşýän diskleriň tutýan meýdany hem az däl. Ol ýerde ýaşaýan jandarlaryň ösiş derejesi biziňkiden örän ýokarda. Ol jandarlar adamzady gulçylyga gaplajak bolup eýýäm ençeme müň ýyllap zähmet çekip gelýärler. Ol jandarlar biziň howamyzda açyk gezip bilenoklar, olara ýörüte skafandyrlar gerek bolýar. Ýöne ol "Çal adamlar" diýip atlandyrylýan jandarlar, biziň howamyzy üýtgetjek bolup hem zähmet çekýärler. Ol jandarlaryň ýaşaýyş ömrü adamlaryňkydan kän. Ol jandarlar ýuwaş ýuwaşdan biziň howamyzy çalşýarlar, emma çalşyk prosesy örän haýal geçensoň biz ony duýamzok we ýuwaş ýuwaşdan öwrenşýäs. Ol çal adamlar diýilýän jandarlaryň öz baş tutanlary hem bar. Ol baş tutan irden giçde ýeriň ýüzune çykmaly we özini Hudaý diýip yglan etmeli. Biz ol oglany Detjal diýip tanaýas. Hakykatda bolsa ol oglanyň dini ynançlar bilen kesişýän hiç bir ýeri ýok. Ol oglan ýeriň aşagynda ýaşaýan kuwwatly bir taýpaň goşun generaly we şol taýpa eýýäm bir näçe müň ýyl bäri ýeriň ýüzüne çykmagyň arzuwynda gezip ýör. Çal adamlaryň taýpasy bize görä ep esli uzak ýaşaýar, belki olar Hudaý tarapyn şeýledir, ýa-da olaryň ösen ylmy derejesi olara uzak ýaşamaga ýol berýändir, bize belli däl. Ýöne Detjal diýilýän oglanyň eýýäm 3500 ýyl bäri gezip ýöreni hakykat, ol oglan dini kitaplaryň we ýazgylaryň käbirinde görünip geçýär.
Şu ýerde öz özinden sorag döreýär, eger biz äpet ýumurtgaň içinde ýaşaýan bolsak, onda ýumurtgaň daşynda näme bar? Ýumurtgaň daşynda ýene bir ýumurtga bar. Şeýle ýumurtgalaryň sany miliýartdan geçýär. Her bir ýumurtgaň öz janly tebigaty we öz dolandyrýan mehanizma bar. Ol ýumurtgadan bu ýumurtda geçip bolanok. Hatda adam ruhlary hem şeýle syýahatdan goralan. Ýöne geçmişden miras galan käbir ertekilere görä biziň ata-babalarymyz ol ýumurtgadan bu ýumurtga geçmegi başarypdyrlar.
Biz hakykatdan nirede ýaşaýarys (Adalat19 blogy)
Bilim,
Khanture
tarapyndan
6-06-2021, 19:01