Adamyň indiwidual ösüş prosesinde seksuallygyň ýaş boýunça döreýiş döwürlerini we dinamikasyny şertleýin aşakdakylara bölmek bolar.
1. Parapubertat döwür (1-7 ýaş). Bu döwürde çagalar bir-birleriniň jyns agzalaryny synlamak, elläp görmek, deňeşdirmek arkaly özüniň haýsy jynsa degişlidigi barada düşünje toplaýar.
2. Prepubertat döwür (7-13 ýaş) jynsy taýdan özüňi alyp baryş stereotipiniň saýlanyp alynmagy we kemala gelmegi bilen häsiýetlenýär, ýagny parapubertat döwürden tapawutlylykda, bu döwürde gyzjagazlar oglanjyklardan aýratynlykda, özi hem hersi özlerine mahsus bolan oýunjaklary oýnaýarlar.
3. Pubertat döwür (12-18 ýaş), adam bedeniniň seksual ösüşinde iň bir aýgytly döwür, bu döwürde jynsy taýdan kemala geliş we platoniki, erotiki hem-de seksual küýsegiň başlangyç döwri ýüze çykýar. Platoniki küýsegde gyzjagazlar oglanjyklar bir-birlerini ak ýürekden çaga dünýäsi bilen gowy görýärler, dostlaşýarlar, bir- birlerini görmeseler bir zady kem ýaly duýýarlar. Bu döwür jyns mäzleriniň ýaňy bir oýanyp ugran döwrüne gabat gelýär. Erotiki küýsegde bolsa ýetginjek oglan- gyzlarda garşydaş jynsyň daş keşbine, durkuna gyzyklanma döräp, oglanlar ýarym- ýalaňaç gyzlaryň suratlaryna höwes bilen seredýärler. Bu döwürde ýetginjek oglanlaryň jyns mäzleri, jyns agzalary belli bir derejede kemala gelip, boýlary ösüp, eginleri ýaýrap, sesi ýognap, sakal-murtlary ösüp başlaýar. Gyzlarda bolsa egni gysylyp, göwsi ulalyp, bili inçelip, butlary, syrty ýognap uýat ýerleri tözlenip, aýbaşy görnüp ugraýar. Ýetginjek oglan-gyzlar gijelerine düýşünde garşydaş jynsy görüp ―şeýtany (pollýusiýa) bolýarlar. Düýş görmeýänleriň birnäçeleri bolsa masturbasiýa bilen meşgul bolýarlar. Seksual küýsegiň başlangyç döwründe oglan-gyzlaryň arasynda seksual gatnaşyga bolan höwes döreýär. Psihoseksual düşünjesi bolup, ukyby ýokarylar ýakynlaşmagy başarsalar, beýleki utanjaň ýygralary bolsa masturbasiýa bilen meşgullanmagy dowam etdirýärler. Bu döwür jyns mäzleriniň, jyns agzalarynyň doly ösüp ýetişen döwrüne gabat gelýär.
4. Seksuallygyň kemala gelen döwri (16-26 ýaş). Şu döwrüň başynda masturbasiýa bilen meşgullanmak dowam edip, soňra ol seksual durmuşa sepleşip gidýär. Bu döwürde masturbasiýa bilen meşgullanmak kem-kemden galyşyp, möwç alýan seksual gatnaşyga başlanylýar. Seksual gatnaşygyň ýetmezçilik eden wagtynda bolsa ukusyzlyk, keýpsizlik, ynjyklyk, janyna jaý tapmazlyk ýaly azarlama alamatlary ýüze çykýar.
5. Kämil seksuallyk döwri (26-55 ýaş) köplenç jynsy syrdaş bilen yzygiderli gatnaşykda bolunýanlygy bilen tapawutlanýar. Erkeklerde 30 ýaşdan 40 ýaşa çenli aralykda jynsy işjeňlik az-kem gowşap, ozal günüň dowamynda islendik wagtda, ýagny ertir, günortan, agşam, gije, daňdan jynsy gatnaşygyny tertipsiz amala aşyrýan bolsa, indi köşeşip günde, günaşa ýa-da iki aşadan jynsy gatnaşykda bolup tertipleşen görnüşe geçýär. Emma bu döwürde aýallarda tersine, jynsy gatnaşyga bolan höwesi artýar.
6. Inwolýusion döwür (51-70 ýaş). Bu döwürde küýsegiň gowşamagy netijesinde seksual gatnaşyga bolan gyzyklanma peselýär. Şunuň bilen bir hatarda erkek adamyň mümkinçiligi (ereksiýa) gowşaýar. Ýöne erkek adamyň genetiki konstitusiýasy güýçli bolup seksual ritmi saklanan halatynda, şeýle-de jynsy syrdaşynyň isleg-küýsegi ýokary bolan ýagdaýynda 80-90 ýaşlarda-da seksual gatnaşyklar bolup bilýär.
Adamyň ösüşinde kynçylykly döwürleri belläp geçmek möhümdir (―kynçylykly döwürler, ―ýaş krizleri). Bu döwürde kesellemek howpy artýar, dürli faktorlara bolan duýgurlyk ýokarlanýar, organizmiň rezistentligi, ýagny garşy durujylygy gowşaýar.
Ýaş krizleri seksuallygyň kemala gelmegine we jynsy bozulmalaryň ýüze çykmagyna öz ýaramaz täsirini ýetirýär.
Prenatal ontogenezde kynçylykly döwür, göwredäki çagaň ösüşiniň 6-32-nji hepdesine gabat gelýär. Şu döwürde bolup geçýän jynsy differensirlenme diňe bir gonadalara we jyns agzalaryna täsir etmän, eýsem jynsy özüni alyp barşa jogap berýän beýni gurluşlaryna, enelik duýgurlygyna, agressiwlige, hereket ediş işjeňligine we ş.m. hem täsir edýär.
Adamyň psihiki ösüşindäki aýratynlyklaryň üýtgemegi netijesinde postnatal ontogeneziň ýaş boýunça krizleri döreýär, ýagny postnatal ontogenezdäki ýaş krizleri adamyň psihiki ösüş aýratynlyklaryna baglydyr. Seksuallygyň kemala geliş we jynsy bozulmalaryň döreýiş prosesindäki ýaş krizleriniň has ähmiýetlileri: 1) parapubertat (2-4 ýaş), 2) prepubertat (7-8 ýaş), 3) pubertat (12-15 ýaş), 4) geçiş (16-24 ýaş). Inwolýusion ýaşda hem (50 ýaşdan soň) seksual kemala gelişiň çäklerinden çykýan hem bolsa pubertat ösüş döwründäki bozulmalar mundan soňky ýaşaýyşdaky patogen täsirlere bolan rezistentligi gowşadýar. Psihoseksual ösüşiň 3 tapgyry:
1. Jynsy taýdan özüne akyl ýetirmegiň kemala gelmegi, haýsy hem bolsa bir jynsa degişlidigiňe düşünmek (1-5 ýaş) mikrososial sredanyň täsiri astynda bolup geçýär. Ýöne belli bir derejede prenatal döwürdäki beýniniň jynsy differensirlenmegi bilen determenirlenendir. Bu döwürde özüniň we töweregindäkileriň haýsy jynsa degişlidigine düşünmek, ony üýtgedip bolmaýanlygyna akyl ýetirmek ýaly düşünjeler kemala gelýär. Bu ýaşda çaga gürlemegi öwrenýär, zatlary bir-biri bilen deňeşdirip we garşy goýup, şeýle-de öz- özüne akyl ýetirip, ýagny özüniň beýleki adamlar ýaly özbaşdak bir adamdygyna doly düşünip başlaýar. Bu döwürde çaga bilesigelijiligi artyp, olaryň ünsi çagalaryň nädip peýda bolýandygyna düşünmeklige we jynsy alamatlary öwrenmeklige (bedeniň gurluşy, jyns agzalary we beýlekilere) gönükdirilýär; çagalaryň aglabasy jyns agzalaryny synlaýarlar, elläp görýärler we olary bir-birlerine görkezýärler. 4- 12 ýaş aralykdaky çagalar ―lukman bolup aýratynlykda oýnaýarlar. Kada boýunça alanymyzda şu tapgyryň tamamlanýan döwründe çagalar tarapyndan daş- töwerekdäkileriň haýsy jynsa degişlidigi kesgitlenende munuň hemme alamatlary hasaba alynýar (daş görnüşi, egin-eşikleri, bedeniniň we jyns agzalarynyň gurluşy).
Bu döwürde mikrososial gurşaw ýakyn garyndaşlar we az sanly ýaşdaşlar bilen çäklendirilýär. Olaryň arasynda çaganyň ejesi esasy orny eýeleýär. Eje bilen çaganyň ysnyşygy çaga doglan gününden başlanýar. Ýagny ene her gezek çagasynyň arlygyny täzelände onuň arkasyny, döşlerini, satanynyň aralaryny sypalaýar, şeýle-de emdirýär. Şeýle edilmegi bolsa çagada erogen zonalaryň emele gelmegine ýardam berýär. Çaganyň ejä bolan ysnyşyklylygyň güýçli ösmegi 6-7 aýlykdan başlap, takmynan 3 ýaşa çenli dowam edýär. Ejä bolan ysnyşyklylygyň kemala geliş prosesi daş-töwerekdäkiler bilen hem şeýle gatnaşyklary ýola goýmaga esas bolup durýar. Eje wagtynyň köpüsini çagasy bilen geçirýär we ilki bilen sensor gatnaşygyň, ýagny taktil (endamyň degmegi), temperatura, eşidiş, görüş we beýlekileriň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu bolsa beýniniň aýry- aýry gurluş, belli bir wezipäni ýerine ýetiriş ulgamynyň kemala gelmegine ýardam berýär. Ömrüniň ilkinji aýlarynda eneden aýra düşen çagalarda adamlar bilen kadaly gatnaşyklaryň çäklendirilmeleri, ýagny agressiwlik, zalymlyk, gahar- gazaplylyk, özüni alyp barşynyň impulsiwligi ýaly psihiki ösüşiň bozulmalary mahsus bolup biler. Şu ýaşda çaganyň ejeden aýra düşmegi, onuň mundan beýläk ýat adamlara gorky we çekinjeňlik bilen garamagyna getirýär. Mundan beýläk şu çagalarda hyýala getirmek, abstrakt ideýalary beýan etmek ukyplary peselýär, olar özlerine dost saýlamakda kynçylyk çekýärler, ýagny belli bir maksatlara eýerip bilmeýärler, ýoldaşlary bilen gatnaşyklary ýüzleý bolýar. Oňat ene-atalar tarapyndan perzentlige alnyp, şeýle-de çagalar öýünde mähir we alada bilen gurşalyp, oňat terbiýelenen çagalar göreldeli, tertipli raýatlar bolup ýetişýärler.
2. Jynsy rolda özüni alyp baryş stereotipiniň kemala gelmegi. Bu tapgyrda (5-12 ýaş) çaga özüniň gyzdygyna ýa-da oglandygyna, şeýle hem daş- töwerekdäkileriň aýal we erkek keşpleriniň olaryň jynsyna laýyklykda gabat gelýändigine düşünýär. Bu döwürde çaganyň ýaşytdaşlary bilen gatnaşyk etmegi netijesinde onuň emosional reaksiýalary kämilleşýär we differensirlenýär, çaganyň häsiýeti haýsy tarapa ýykgyn edýän bolsa (gaharjaňrak, ýuwaştap, tutugrak, şadyýan), şol häsiýet hem kemala gelýär. Bu ýaşdakylara ýeterlik derejede ösmedik erk we özüňi alyp barşyň impulsiwligi, bilesigelijilik, ynanjaňlyk, öýkünmeklik, ýagny beýlekilere meňzejek bolmaklyk häsiýetlidir. Abstrakt-logiki, düşünjelilik bilen pikir ýörediş elementleri ösýär. Çaganyň şahsy özbaşdaklyga eýe bolmagy onuň ata-enelerinden daşlaşýandygyny aňlatmaýar. Tersine, ata-eneleri we olaryň öz aralaryndaky gatnaşyklary çaga tarapyndan üns merkezine alynýar we çaga ata- enesine meňzemäge çalyşýar. Ata-eneleri we olaryň öz aralaryndaky gatnaşyklary çaga tarapyndan hakyky erkek adam bolmagyň ýa-da hakyky aýal maşgala bolmagyň nusgasy hökmünde kabul edilýär.
Ene-atalaryň dogry jynsy rolda özüni alyp barmagy aglaba çagalarda dogry jynsy roluň kemala gelmegini kesgitleýär. Maşgalada erkek kişi ýaly talapkär, gödek ejesi bolan gyzjagazlarda erkek adamyňky ýaly; ýumşak, mähirli kakasy bolan oglanjyklarda bolsa aýal maşgalanyňky ýaly häsiýet kemala gelýär. Çagalar öz ýaşytdaşlary bilen dürli oýunlary oýnanlarynda, esasan hem belli bir roly, ýagny ejäniň, kakanyň, durmuşa çykýan gyzyň, öýlenýän oglanyň roluny ýerine ýetirmeli bolan ―maşgala oýnuny oýnanlarynda çagalar ejäniň, kakanyň we beýlekileriň roluny oýnamak bilen şol jynsda özüni alyp barmagy barlap görýärler hem-de şol häsiýetleri aňynda berkidýärler. Eger şeýle ―maşgala oýunlaryna dürli ýaşdaky çagalar gatnaşýan bolsa, kiçi ýaşdaky çagalar gyzjagazyň ýa-da oglanjygyň roluny, eýýäm köp zatlardan habarly bolan uly ýaşdaky çagalar bolsa ene-atalaryň roluny ýerine ýetirýärler. Çaganyň mekdebe gatnap, köpçülige çykmagy bilen onuň nusga alarlyk adamlarynyň sany köpelýär, düşünjesi artýar. Oňat gurnalan kollektiwde terbiýe alan çagalarda, hatda kiçiliginden ejesiz ösüp terbiýelenen hem bolsa çaganyň aňynyň ösüşindäki bökdelme alamatlary diňe 10-12 ýaşlarda bolup, çaga 15-17 ýaşa ýetende düzelip gidýär. Bu tapgyrda çagalar jynsy alamatlaryna görä bir-birlerinden çetleşýärler. Olarda ―men oglan‖ ýa-da ―men gyz‖ diýen pikir, ýagny jynsyna laýyklykda özlerini alyp barmak häsiýetleri has güýçlenýär.
3. Psihoseksual oriýentasiýanyň kemala gelmegi. Eger ilkinji iki tapgyr jyns mäzleriniň ýagdaýyna görä ―asuda‖ geçen bolsa, onda bu tapgyrda (12-26 ýaş) endokrin ulgamyň, hususan-da jyns mäzleriniň funksionirlenmegi başlanýar we iň ýokary derejä ýetýär. Temperamentiň we häsiýetiň hususy aýratynlyklarynyň esasynda şahsyýet kemala gelýär. Aňyna guýlan dogmalara gaýtadan seredilýär we ýetginjek özüniň maşgaladaky we jemgyýetdäki ornuna düşünmäge çalyşýar, çaganyň öz dünýägaraýşy kemala gelip başlaýar, ýokary paýhasly emosiýa ösýär. Jemgyýetçilik we sosial gatnaşyklara akyl ýetirmeklik, öz ukyp-başarnyklaryna baha bermeklik kemala gelýär.
Tapgyra häsiýetli aýratynlyklar – psihoseksual oriýentasiýanyň kemala gelmegi, ýagny munda küýselýän obýekt (adam, haýwan, fetiş) özüniň hususy aýratynlyklary bilen şertlenýär (haýsy jynsa degişlidigi, daş görnüşi, beden gurluşy, özüni alyp barşy we beýlekiler).
Seksual gatnaşygy ýerine ýetirmek üçin ony amala aşyrmakdan hem has zerur bolan güýçli hyjuw hem-de neýrogumoral üpjünçilik möhümdir.
Ene-atalar çagasynyň dogulandan tä 14 ýaşyna çenli jynsy taýdan özüni alyp barşyna, jyns organlarynyň kämilleşişine aýratyn üns bermelidirler.
Ýokarda belleýşimiz ýaly, 3-5 ýas töwerekleri çagalar özleriniň haýsy jynsdygyna düşünmäge çalyşýarlar. Bu döwürde ene-atalar çagalarynyň garşydaş jynsyň oýnaýan zatlaryna, egin-eşiklerine, özlerini alyp baryşlaryna, gyzyklanmalaryna ýykgyn etmekleriniň öňüni almalydyrlar. Şeýle edilmedik ýagdaýynda perwerziýalaryň döremegi ähtimaldyr.
Şeýlelikde, çaga ep-esli bolup ugranda diňe bir olaryň daş keşbine (on iki süňňüne) däl-de, eýsem jyns taýdan ösüşine-de üns bermelidir. Şeýle edilmedik ýagdaýynda ýaş ýetginjegiň jyns agzalarynyň ösmän galmagy we olaryň soň önelgesizlik derdine uçramaklary mümkindir. Sebäbi, şeýle ýagdaý seýrek hem bolsa duşýan ýagdaýdyr. Emma wagtynda lukmana ýüz tutulyp barladylan halatynda bu derdiň öňi alynýandyr.
Artyknur NOHUROW.
Aşgabat NOHUROW.
''MAŞGALA PSIHOLOGIÝASY''
Aşgabat-2011.
Seksuallygyň kemala gelişi /+18/
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
7-06-2021, 18:30