Kim ýagşy we salyh perzent edinmek islese, esli wagtlap ýanaşmadan saklansyn. Soňra ilki täret alsyn. Uzak wagtlap oýnaşandan soňra aýalyna ýanaşsyn. Jabyryň Resulalladan getirýän hadyslarynda, «Öýleneňde biri-biriň bilen oýnaşar ýaly gyz saýla» we «Birek-birege oýnaşmazdan ýanaşmagy Resulalla gadagan etdi» diýilýär. Ýanaşmazdan ozal mazaly oýnaşmagyň örän köp bähbitleri bar. Ol ilki bilen ynsany bu işe ruhy we beden taýyndan mäkäm taýýarlaýar, ahyrky wysalyň lezzetli, datly bolmagyny üpjün edýär. Adamyň jynsy höwesini oýarýan esasy merkezler dodagy, dili, alkymy, göwüs uçlary, göbek ýanlary we beýleki birnäçe ýerlerdir. Oýnaşmazdan we ýeterlik islegi, höwesi oýarmazdan, gatnaşyk etmek, örän hatarlydyr. Ol adamyň ruhy duýgularynyň ejizlemegine, kör bolmagyna we sarsgyna berilmegine getirýär. Öýlenmeklik öňki pygamberlerden galan däpdir. Ýanaşmagyň iň gowy wagty iýen zatlaryň siňeninden soň, bedeniň sowuk-gyzgynlygy, açlygy we doklugy kadaly bolan wagtydyr. Ibn Omaryň oraza döwri aýalyna ýanaşmak bilen agzyny açandygy hakda gürrüň berýärler. Çuňňur ýadawkaň, gaýgy-gamly pursadyň ýa-da olaryň yzysüre, şeýle hem derman içeniňden soňra aýalyňa ýanaşmakdan gaça durmaly. Çünki şeýle ýagdaý soňlugy bilen erkeklik ukybynyň ýok bolmagyna getirer. Süňňi we ruhy ýadawlyk jynsy gatnaşyga bolan höwes duýgularyna öz täsirini ýetirýär, şonuň netijesinde hem bu işleriň kadaly hasyl bolmagyna zyýan edýär. Emeli ýollar, jynsy gatnaşyk hakynda uzak pikirlenmeden we nämedir bir zada seredeniňden däl-de, ynsan tohumynyň köpelenligi sebäpli ýüze çykýan şöhwetler, tebigy islegler güýçlenende şol işi ýerine ýetirmeli. Bu işi kadaly ýerine ýetirýänlerde gyzgynlyk döräp başlar, şatlandyrar, süňňüňi ýeňil eder, bedeni täzeden iýmitlendirmäge taýynlar, ynsan kalbyndaky ýaramaz pikirleri, sussypesligi, melanholiki (söwdaýy) waswasylygy aýryp taşlar. Bilinde gujur-kuwwaty hem-de şol işe ýagdaýy barka, aýalyna ýanaşmagy bütinleý goýan (terk eden) kimseler, soňlugy bilen dürli dertlere uçrar. Gerek ýerinde ýatlasak, aýalyňa kadaly ýanaşyp durmak hem saglygy goramagyň möhüm sebäpleriniň biridir. Bu işde aýgyrlyk, çäkden çykmaklyk ýaly häsiýetler sandyrama (titrewük رعشة) we ysmaz (فالج) kesellerine getirip biler, güýjüňi we görejiňi ejizleder. Pygamberimiz: «Öý tutunmaga ýagdaýyňyz bar bolsa, öýleniň. Ol göze-başa düşüp ýörmezlik we uýat ýeriňizi gorap saklamak üçin örän oňatdyr» diýipdir. Garrylar, gaty ýaş gyzlar we aýbaşyly zenanlar bilen gatnaşyk etmekden gaýra durmaly. Aýbaşyly zenanlara ýanaşmagy gadagan edýän söz Gurhanda hem bardyr. «Senden aýbaşy hakynda soranlarynda: «Ol yza berijidir we aýbaşyly zenanlara ýanaşmaň» diýip, olara aýtgyn» diýilýär, ýagny, olar bilen jynsy gatnaşyk etmäň, çünki aýbaşy döwrüniň gany zaýa gandyr. Aýbaşyly döwrüň jynsy gatnaşygy erkege hem, aýala hem zyýanlydyr. Ol erkegiň ujydyna zyýan berer we ýaralaryň döremegine sebäp bolar. Meniň özümem şeýle hala düşenleri görüpdim. Pygamberimiz hem: «Ähli mähremligi ediň, ýöne aýbaşylylara ýanaşmakdan saklanyň» diýipdir. Kimdir biri bilmezlikden, aýbaşy wagty onuň bilen gatnaşyk etse, goý ol bir ýa-da ýarym dinarlyk sadaka bersin. Käbir alymlar: «Sadaka bermän, diňe çyndan toba etse, ökünse hem ýeterlik» diýip aýtdylar. Pygamberimiziň ýaňky sözi aýtmagynyň baş sebäpleriniň biri, haçan-da aýallarda aýbaşy döwri başlanda, ýehudylar olardan saklanypdyrlar, bir düşekde ýatmandyrlar hat-da bile oturyp iýip-içmändirler. Bu ýagdaýy Pygamberimize ýetirenlerinde, ol: «Ýehudylardan tapawutlylykda, öz mähir-muhabbetiňizi aýalyňyzdan gysganmaň, ýöne ýanaşmakdan saklanyň!» diýipdir. Uzak wagtlap ýanaşylmadyk aýallara, uly ýaşly durmuşa çykmadyk gyzlara, syrkaw we aşa betnyşan ýüzli zenanlara öýlenmekden, olar bilen gatnaşyk etmekden häzir bol. Öz halaýan, sulhuň alýan gyzyna öýlenmek ynsany şatlandyrýar, göwnüňi göterýär. Bu hakda owaldan gelýän gürrüňlerde hem aýdylýar. Alynyň gürrüň bermegine görä, «Bir adam Pygamberimiziň ýanynda perzendiniň azlygyndan zeýrenipdir. Pygamberimiz oňa köpräk ýumurtga iýmekligi tabşyrypdyr». Abu Hüreýranyň aýtmagyna görä, Pygamberimiziň özi hem bir gezek, Jebraýyl perişdäniň ýanynda jynsy gatnaşyga bolan höwesiniň azlygyndan zeýrenipdir. Jebraýyl perişde oňa garap: «Sen näme herise (Gowrulan et we bugdaýdan taýynlanan nahar) iýmelidiginden bihabarmyň? Onda kyrk erkegiň güýji bar (Ol kyrk erkegiň güýjüni berýär)» diýipdir. Abu Rafygyň aýtmagyna görä, «Men bir gezek Pygamberimiziň ýanynda otyrdym. Şonda ol eli bilen başymy sypalap: «Men size ýüze çalynýan reňkleriň serwerini ulanmagy maslahat berýän. Deriňize ýaramly we jynsy gatnaşyga bolan höwesiňizi artdyrýan zat – hynadyr» diýdi. Enesiň gürrüňinde: «Hyna çalynyň. Ol siziň juwanlygyyzy we jynsy gatnaşyga bolan höwesiňizi artdyrar» diýilýär. Abu Nagymyň ýatlan başga bir rowaýatynda bolsa: «Saçyňy kiçeltmek jynsy gatnaşyga bolan höwesiňi artdyrýar» diýilýär. Jynsy gatnaşyga bolan höwesiňi artdyrmaga, keýpiňi, şöwhetiňi güýçlendirmäge täsir edýän birnäçe iýmitlerem bar. Nohut, sogan, et, ýumurtga, horaz we serçe etlerini köp iýmek, soňundan süýt-gatyk ýaly içgileri içmek, asuda-rahat, mylaýym göwünli bolmak, şeýle hem kedr hozy (حب لب الصنوبر), şalgam, noýba, şugundyr, käşir, üzüm, sparža( Liliýalar maşgalasyna degişli ot ösümligiñ ady), pisse maňzy, badam we daşky şekili şolara meňzeş bolan zatlary köpräk iýmeli. Çünki şu agzalan iýmitleriň düzüminde şöhwetiňi, keýpiňi oýarýan güýçler (maddalar) bardyr. Jynsy höwesiň kadaly ýa-da güýçli bolmagy üçin turşy we duzly zatlary iýmekden gaça durmaly, bu hakynda nesip bolsa, dermanlar bölüminde agzap geçeris. Aýalyna bir gezek ýanaşanyndan soňra, ýene-de gaýtadan barmak isleýän adam ýuwunmalydyr. Muny Resulalla buýurdy. Ol: «Biri aýalyna gaýtadan ýanaşmak islese, goý, ol ilki ýuwunsyn» diýdi. Çünki ol çaganyň sagdyn we akylly bolmagy üçin örän bähbitlidir. Şeýle hem her gezek ýanyna baranda «Bismilla» bilen başlamagy unutmaň. «Aýalyňyza ýanaşjak bolanyňyzda şu dogany okaň, şondan bolan perzende şeýtan batyrnyp bilmez. Ol doga şudur: «Başladym Taňrynyň ady birle! Eý Alla, bizi şeýtandan uzak et, şeýtany hem bize ryzk hökmünde berjek zadyňdan (perzentden) uzakda sakla». Ýanaşmadan soňra hem ýuwunman ýorgana girmek oňlanylýan däldir. Äşäniň Pygamberimizden eşiden hadysyna salgylansaň, hatda ol ýuwunyp ýatmagy bize tabşyrypdyr. Pygamberimiz wagtly-wagtynda gatnaşardy, bize-de şony ündeýärdi. Ol: «Meniň göwnüme siziň dünýäňizden üç zat ýarady. Ol aýallar, ähli ýagşy zatlar we gözümiň guwanjy namazdyr» diýipdir. Ýene bir hadysda: «Maňa siziň dünýäňizden üç zady söýmeklige rugsat berildi. Olar ...» diýlip, ýokardaky üç zat agzalýar. Ýagşy zatlar ruhuň iýmitidir. Ruh bolsa güýçleriň toplanýan ýeri. Jynsy gatnaşykdan soňra, ruh üçin iň peýdaly zat ýagşy, ýakymly zatlardyr. Namazyň bu ikisinden soňra goýulanlygynyň sebäbi, jynsy gatnaşyk dury bolmadyk akyly, köňül gözüni, akyla barýan ýoldaky pikir gapysyny örtüp duran aýgyrlyk güýjüni özüne çekip alýar. Ol dine eltýän ýodalary gurşap durandyr. Şonuň üçin tebipler aýgyrlyk güýjüne «dälilik» diýip at berdiler. Öz ömrümden kasam edýän, ol dälilikdenem beterdir, ynsany ähli tarapdan dyza çökerýän zatdyr. Pygamberimiz: «Galjaň adamyň aňyny giderýän zat siziň akylyňyzdaky we diniňizdäki nogsanlyk däldir. Megerem, ol aýgyrlykdyr» diýipdir. Sebäbi adamyň aňy köplenç, aýgyrlygyň aşa güýçlüligi sebäpli ýoga dönýär. Adam päk niýetini bir ýere jemläp bilmeýär, niýeti düzüw bolmadygyň namazy kabul bolmaýar. Nebis pikirleri we waswasylyk sebäpli namazyň kabul bolmaýanlygy hakda alymlaryň arasynda çapraz pikirler bar. Şonuň üçinem Pygamberimiz bize öýlenmekligi buýurdy, ony öten Pygamberlerden gelýän däp diýip atlandyrdy. Ony namaz ýaly zerur diýip hasaplady. Sebäbi, adam namaza içki oý-pikirlerden we waswasylykdan saplanyp barmaly, şonda namaz doly we kämil bolar. Jynsy gatnaşygy hem edil şonuň ýaly sagdyn we päk pikirli wagtyň ýerine ýetirmelidir. Soňundan ýuwunmak has peýdalydyr.





Muhammet Gaýmaz Türkmeniñ ''Pygamber tebipçiligi'' atly kitabyndan alyndy.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 7-06-2021, 21:07

  • Soho Soho off № 1 7 июня 2021 21:23
    kabir bilmeyan zatlarymyz bar eken, paylashanyña minnetdar
    Jogap
  • Raa Raa off № 4 7 июня 2021 23:18
    Pygamberimiz hem: «Ähli mähremligi ediň, ýöne aýbaşylylara ýanaşmakdan saklanyň»
    Uzak wagtlap ýanaşylmadyk aýallara, uly ýaşly durmuşa çykmadyk gyzlara, syrkaw we aşa betnyşan ýüzli zenanlara öýlenmekden, olar bilen gatnaşyk etmekden häzir bol.
    shul iki yere dushunmedim ya siz yalnysh yazypsynyz ya men yalnysh dushunyan?? 
    Jogap
  • Mergenn Mergenn off № 5 8 июня 2021 14:39
    Aybashynyn nameligini dushundirayda gayrat et yada shol baradada mowzuk ach
    name ol kop yerde eshtyan yone dushinmeyan:(
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler