Çagalara zähmet terbiýesi berlende örän seresaply çemeleşmeli. Ata-eneleriň birnäçesi dözmezçilikdenmi-nämemi çagalaryna iş buýurmaýarlar. Çagalaryň özleri işe höwesek bolsa-da: «Sen, entek ýaş, başarmarsyň» diýip, olaryň ellerini işden sowadýarlar. «Çagam ýaş wagty oýnap keýpden çyksyn, ulalansoň özüne gerek bolsa eder» diýen pikire gulluk edýän ata-enelerem bar. Beýle garaýyşlar ýalňyş.

Ýaşlykda zähmet endikleri öwredilmedik çaga ulalanda hiç zatdan başy çykmaýan, bihepbe bolup ýetişýär. Çagany ýaşlykdan zähmete taýýarlamaly. Oňa hiç wagt güýji ýetmeýän agyr işleri buýurmaly däl. Olara ukybyna görä başaraýjak, güýji ýetäýjek ýeňil-ýelpaý işleri etdirmeli.

Ýazgül eje agtyklaryny ýanyna çagyrdy-da:

— Öýmüze myhman geljek. Könelerimiz: «Myhman ataňdan uly» diýipdirler. Myhmana hyzmat etmek biziň bilen. Muňa siziňem kömegiňiz gerek. Maral, sen heniz ýaş, işikleri syryp-suwla. Jeren, sen uýaňa görä uly. Dükana baryp, ojagaz-bujagaz alyp gel. Keýik, sen bularyň ikisindenem uly. Sen nahar bişirmäge kömekleş, Sülgün, sen bolsa hemmesindenem uly. Hamyr ýugrup, çörek bişirmäge kömek et! — diýip, hersiniň özüne laýyk ýumuş tabşyrdy.

Gyzlar makullaýan görnüşde baş atdylar, höwes bilen işe girişdiler. Öýde-de, çagalar bagynda-da, mekdepde-de zähmet saklarynda-da şeýle usullardan peýdalanylsa kem bolmaz.

Çeşme: Kulyýew Ö., Çaga eziz, edebi ondan hem eziz.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Arslan Alayew tarapyndan 11-06-2021, 00:37

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler