Bular iki hili ýol bilen köpelip, olaryň jynssyz köpelişi aralyk eýeleriniň-çybynlaryň bedeninde, jynsly köpelişi bolsa eýeleriniň-süýdemdirijileriň, guşlaryň, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň organizminde geçýär. Bu ýönekeýler eýeleriniň gyzyl gap bedenjiklerinde mugthorlyk edýärler. Ganly sporowikleriň dört sany görnüşi: Plasmodium malaria, Plasmodium vivax, Plasmodium falciparum we Plasmodium ovale adamda mugthorlyk edýär. Mugthorlaryň aralyk eýesi Anopheles urugyndan bolan çybynlar, eýesi bolsa adam hasaplanýar. Mugthorlar adama sporozoit ösüş stadiýasynda çybyn çakyp, gan sorup duran wagtynda ganyň üsti bilen geçýär. Sporozoit bir öýjükli, bir ýadroly, gurçyjak şekilli, örän ownujak bolýar. Sporozoit ganyň akymy bilen bagra barýar. Ol bagyrda şizontlara öwrülýär. Şizontlar bölünýärler, köpelýärler (muňa şizogoniýa diýilýär) we merozoitleri emele getirýärler. Merozoitler bagyrdan gyzyl gan bedenjiklerine geçýärler we bütin bedene ýaýraýarlar. Plazmodiumyň iki sany formasy bolup, olaryň biri bagyrda, beýlekisi gyzyl gan bedenjiklerinde mugthorlyk edýär.
Bu mugthorlar adamda gyzdyrma-üşütme keselini döredýärler. Kesel adamyny gaty horlaýar. Kesel tropiki we subtropiki klimatly daşary ýurtlarda giňden ýaýran. Ol 1940-njy ýyllara çenli Ukrainada, Kawkazda, Orta Aziýada, şol sanda biziň Türkmenistanymyzda hem köp duş gelýärdi. Soňky wagtlarda gyzdyrma-üşütme keseli seýrek bolýar. Plazmodiumyň adam organizminde dörän merozoitleri ösüp, mikro we makrogamontlar görnüşinde çybyn bedenine ol adam ganyny sorýan wagtynda geçýärler. Olar jübütleşýärler we jynsly köpelişe başlaýarlar. Jübütleşen organizmler bilelikde bir organizmi-zigotany
(ookinetany) emele getirýärler. Zigota hereketli bolup, çybynyň içegesiniň diwaryny deşip, onuň daşyna çykýar we şu ýerde oosista öwrülýär. Oosista bölünmek bilen köpelýär. Täze emele gelen osoblar-sporozoitler örtügi ýaryp daşa çykýarlar. Sporozoitler çybynyň hyllyk mäzine, soňra onuň hortumyna geçýärler. Şol ýerde hem olaryň çybynyň bedenindäki jynsly köpelişi we ýaşaýşy gutarýar. Çybyn adamynyň ganyny soranda sporozoitler adamyň ganyna geçýärler.
Gurbanmuhammet KAKALYÝEW
''OŇURGASYZLAR ZOOLOGIÝASY''
Aşgabat-2010.
Ganly Sporowikler
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
12-06-2021, 03:12