Gün Äleminiň 5-nji we iň uly planetasy. Ol Günden 778,3 mln km uzaklykda hereket edip, onuň töwereginden bir aýlawy 11,9 ýylda tamamlaýar. Öz okunyň töwereginden 9,9 sagatda aýlanýar. Diametri 143 884 km. Massasy Ýerden 300 esse artyk. Magnit meýdany bar. Onuň merkezi 3 gatlaga bölünýär: 1) radiusy 14000 km-e ýetýän gaty birinji gatlaga; 2) galyňlygy 30000 km-e ýetýän ikinji, metal tüýsli wodoroddan ybarat gatlaga; 3) wodoroddan we geliden bolan suwuk, ýuwaş-ýuwaşdan atmosfera öwrülýän 3-nji gatlaga. Onuň howasynyň 90%-i wodorod, 10%-e golaýy bolsa gelidir. Onda ammiagyň, metanyň we suwuň buglary bar. 50 km beýiklikde atmosferanyň temperaturasy - 160°S. Onuň ýadrosynyň temperaturasy 3000°S. Onuň töwereginde galyňlygy 1 km-e golaý bolan halkasy bar. Kerwengyranyň halkasynyň diametri 252 müň km. Ol Günden alýan energiýasyndan artyk energiýany Äleme saçýar. Öňki maglumatlara görä, onuň 18 sany hemrasy (Metida, Fiwa, Io, Ýewropa, Ganimed, Kallisto, Amelteýa, Gimaliýa, Elera, Pasife, Simone, Lisiteýa, Karme, Ananke, Leda, Teba, Adrasteýa, Metis) bar diýlip hasap edilýärdi. Onuň ilkinji dört hemrasy - Io, Ýewropa, Ganimed we Kollisto Galileý tarapyndan 1610-njy ýylda açylýar, bäşinji hemrasy şondan 3 asyr geçenden soň açylýar. Häzir bolsa emeli hemralaryň we kosmosdaky teleskopyň kömegi bilen, 2003-nji ýyla çenli Kerwengyran /Ýupiter/ ýyldyzynyň 60 hemrasy (Aýy) açyldy diýlip hasap edilýär.
Hojamuhammet MELÄÝEW
''SYRLY ÄLEM''
Aşgabat. Ylym 2004
Ýupiter planetasy
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
14-06-2021, 23:30