Bir gün irden öýüňizden işe diýip ylgap barşyňyzy göz öňüne getiriň. Iş ýeriňize takmynan 300 metr töweregi galanda sagadyňyzy barladyňyz we her gün 8: 40-da başlaýan işiňize öýden 8 minut giç çykanyňyzy pikir ediň. Eger işe gijä galsaňyz, aýlygyňyzdan aýrylar, hemde geçen aý bolşy ýaly bu aý hem kwartiraňyzyň tölegini töläp bilmersiňiz we gödek öý eýesi tarapyndan öýden kowulmagyňyz ähtimal. Çalt ýöräp barýarkaňyz, birden çaganyň aglaýan sesini eşitdiňiz. Ilkibaşda illýuziýa diýip pikir etseňizem, sesiň birneme uzakda zibil gabyndan çykýandygyna düşündiňiz. Soň bolsa, şol tarapa baryp, zibil gabynyň gapagyny açanyňyzda, agyr ýaralanan, gan ýitiren we gyssagly hassahana äkidilmeli çagany gördüňiz. Daş-töwereginde hiç kim ýok we ylgasaňyz 10 minutda ýetip boljak hassahana bar. Iki wariant bar: Ýa çagany ölmesi üçin taşlap işe gitmek üçin goýýarsyňyz, ýa-da çagany hassahana äkidip, öýüň tölegini gijikdirýärsiňiz, belki öý eýesi tarapyndan öýden kowulýarsyňyz.

Şeýle ssenariýada köp adam ikinji warianty saýlardy. Sebäbi köp adam üçin çagany ölmek üçin taşlap gitmek ahlak taýdan oňaýsyzlyk, öýsüz bolmakdan has erbetdir. Indi soragymyza geleliň. Üns beren zadyňyz ýaralanan çaga däl-de, ýaralanan garga bolsa, öýsüz bolsaňyzam, gargany şol aralykda mal lukmanyna äkiderdiňizmi? Ýaralanan çaga ýagdaýy bilen deňeşdirilende, adamlaryň köpüsi iş ýerlerine ylgaw ädimleri bilen ýöremegi dowam etdirerdiler. Gargany henizem mal lukmanyna äkiderin diýýänleriň biri bolsaňyz, bu siziň üçin:

Aýdaly, bir gün bir ýolda ýöräp barýarkaňyz, bir elinde ganatlaryndan tutulan iki garga, beýleki elinde bigünä adamy ýaragly tutan akyl taýdan durnuksyz adama duşarsyňyz. Akyl taýdan näsag adam size iki gargany ýa-da ýesir alan adamsyny öldürjekdigini aýdýar, eger siz karar bermeseňiz, adamy we gargalary siziň bilen bile öldürjekdigini habar berýär.

Sorag: Bir adamyň ýa-da iki garganyň ölmegini saýlarsyňyzmy?

Elbetde, hemmäňiz diýen ýaly adamy halas etmek üçin gargalary gurban bermek has ýerlikli bolar diýen düşünje bilen gargalaryň ölümini saýlarsyňyz. Emma bu hakykatda ahlak taýdan dogrymy?

By Nirvana

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, manikarnika tarapyndan 18-06-2021, 15:03

  • arkac arkac off № 1 18 июня 2021 15:14
    Ak sakgal ýaşullayñ birine şeýle soragy berdim: egerde bir caga suwda gark bolup barýa, sizinem namazyñyz gecip barya. Şol cagany halas etseniz namazyñyz geçyar. Haýsyny saylardynyz diydim.
    Ýaşuly: Hökmany cagany halas etmeli, şerigatda mūşgillik ýokdur diydi.
    Jogap
  • manikarnika manikarnika off № 2 18 июня 2021 15:20
    arkac,
    garga-da çaga-da adamam öluwersinler ajaly yetmedik bolsa olesileri yok yeten bolsa-da olerler maňlayynda olmeli diyip yazylan bolsa sholaryn sypyp gitjek yerleri yok diyip jogap berdim men-ä
    Jogap
  • Black Wolf Black Wolf off № 3 18 июня 2021 15:37
    manikarnika,
    Barde de gozgalan turuzjak bolyanmay manlay dp??
    Jogap
  • manikarnika manikarnika off № 4 18 июня 2021 15:41
    Black Wolf,
    bularynam pikirini bileli-da :) meň hasiyetim şol-a uruş goh-galmagal :D
    Jogap
  • arkac arkac off № 5 18 июня 2021 15:43
    Saýlamalary ýazgytly mesele bn baglanşdyrmaklyk dūbūnden ýalñyşlyk. Ine mysal un bir çaga suwda gark bolup barýar, sizem geçip baryanyz, "ajaly yetmedik bolsa gark bolmaz" diyip şol caganyn halas bolmagy un hereket etman gecirberjekmi?
    Jogap
  • manikarnika manikarnika off № 6 18 июня 2021 15:47
    arkac,
    işli meselä-de uns ber-ä yene azapda yaşamalymy? şuwagt meň ajalym yetip olmeli bolsa begenjek yone alanokda bu jany :( barybilen olyan öň boldy nä soň boldy nä
    Jogap
  • arkac arkac off № 7 18 июня 2021 15:58
    Gūrleýan zadynyz hakykatdan hem amala aşsa, siziñ yanynyza jan alyjy perişde gelse, jan suyji zatdyr, öl ýere biten diliñiz, bundan beylak şolar yaly sozi diymejegine kepil gecyan!
    Jogap
  • yyldyz yyldyz off № 8 18 июня 2021 15:59
    modagozel barmyñ senem:)
    Jogap
  • manikarnika manikarnika off № 9 18 июня 2021 16:01
    arkac,
    yoo meňkini alywersin arkayyn meň un suyji däl suyji bolanda ozume edyan zatlaryma ya-da ejemiň beryan azarlaryna dozmezdim :( ay garaz it gorse gozi yaşarar diyilyan oyde yasayan
    Jogap
  • manikarnika manikarnika off № 10 18 июня 2021 16:03
    yyldyz,
    gaty gordum sizden bir gezegem yatlamansynyz dostlukda
    Jogap
  • manikarnika manikarnika off № 11 18 июня 2021 16:04
    yyldyz,
    biderek zat un pozdy menem haklaşman goymaryn entek
    Jogap
  • TrustORG TrustORG off № 12 18 июня 2021 16:26
    yyldyz,

    Seni sorap yordiler ertirdede
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 13 18 июня 2021 18:50
    Psihologiýa diýip şuňa diýäýseň...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler