(Leonardo da Vinci – 15.4.1452, Winçi, Florensiýanyň golaýy – 2.5. 1519, Klu galasy, Ambuazanyň, Tureniň golaýynda, Fransiýa)
Italýan suratkeşi, heýkeltaraşy, arhitektory, alym we inžener. Suratkeş gumanistik ideala laýyk gelýän adamyň garmonik obrazyny döretmekde Wozroždeniýe döwrüniň sungatynyň esasyny goýýar. Ýaş suratkeşiň astronom P. Toskanelli bilen ýakyn aragatnaşyk saklamagy onuň ylma bolan höwesiniň ösmegine ýardam edýär. Bu bolsa onuň “Çokunmak” (1470), “Ýagşy niýet” (1474), “Madonna Benua” (1478) ýaly irki döwürde döreden eserlerinde aýdyň şöhlelenýär. Zehinli heýkeltaraş Leonarda da Winçi Milanyň hökümdary Lodowiko Moronyň gullugyndaka harby inžener, gidrotehnik bolup işleýär. Ol Lodowiko Moronyň kakasy Françesko Sforsanyň monumentini döretmegiň üstünde 10 ýyldan gowrak işleýär. Şondan soňra onuň döredijiligi suratçylyk sungatyna bagyşlanýar. Milanda onuň şägirtleriniň uly topary ýetişýär.Awtor “Jokonda” (“Mona Liza”, 1503-nji ýyllar töweregi, häzirki wagtda Parižyň Luwr muzeýinde saklanýar) diýen eserinde zenan näzikliginiň idealyny ýokary derejä götermegiň hötdesinden gelmegi başarypdyr. Ol alym, inžener hökmünde-de şol döwrüň ylmynyň birnäçe ugurlaryny dürli ylmy gözlegler bilen baýlaşdyrýar. Mehanikany “matematika ylymlarynyň uçmahy” atlandyryp, oňa aýratyn ähmiýet beripdir, ony älem syrlarynyň esasy açary hasaplapdyr. Biologiýa ylmynda-da synag işlerini geçiripdir. Genial suratkeşiň döredijiligini öwrenmekde onuň italýan gepleşik dilinde ýazylan ýazuw ýadygärlikleri, golýazmalary (7 müň liste golaý) esasy gollanma bolup hyzmat edýär. Leonardo da Winçi ýadawsyz alym hem-de halkyň öňde baryjy däplerini öz döredijiliginde wasp eden ajaýyp hudožnikdir.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Abaddon tarapyndan 22-06-2021, 21:22

  • Jeksparro Jeksparro off № 1 22 июня 2021 21:47
    Žakonda eserini halaýaryn Leonardonyň...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler