http://talyplar.com/posts/67087
Şu salgylanmada @Adalat19, öz gipotezalary bilen Tekiz Ýerleriň ortasyndan gazyk dag kakylan görnüşe, özem bularyň daşynyň ýumurtga görnüşde, ýumurtganyňam gaty aýna şekilindedigini aýdyp makala paýlaşypdy... Şol aýnanyň daşy suwdan doludygyny hem aýratyn belläp geçipdi:
''Biz äpet ýumurtgaň içinde ýaşaýarys. Biziň asmanymyz, astymyz we çar tarapymyz şol ýumurtgaň diwarlary bilen gutarýar. Biziň asman hökmünde seredýän gümmezimiz şol ýumurtgaň ýokary tarapy. Ýumurtgaň gabygy edil aýna ýaly aňarsy görünýär. Aýnaň aňarsynda dünýewi umman bar. Şol sebäpden asman gök bolup görünýär. Asmandaky umman bilen biziň dünýämizi ýumurtgaň gabygy saklaýar. Käbir çaklamalara görä bolsa, Nuh pygamberiň döwründe ýeri gark etmek üçin şol asmandaky böwetleri açypdyrlar we asmandaky suw ýere inipdir. Soň 3 sany örän ýagty gün tutuş ýeri çaltjak guradyp çykypdyr''.
Eger-de hakykatdanam Ýeriň daşynda suw bar bolsa, meniň aklymy gorjalaýan şeýle soraglar bar??? Kurany Kerimde Hud aleýhissalamyň Ad kowmuna iberilendigini, Ad kowmunyň hem Erbet ýel, şemal bilen heläk edilendigine degişli şeýleräk rowaýat bar: Jebraýyl alaýhyssalam
ýele erkli bolan perişdä: ''Ýeliň gapagyny aç'' diýip, Taňrynyň buýrugyny ýetirdi. Ol: ''Näçeräk açaýyn?'' diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: ''Sygryň burnundaky deşik ýaly aç'' diýdi. Ol perişde: ''Ol mukdarda açsam ýer ýüzünde toprak, daglar,
agaçlar, deňizler galmaz diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: ''Onda bir kiçi ýüzükçe aç'' diýdi. Ol perişde ýene öňki ýaly jogap diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: ''Beýle bolsa iňňäniň ýyrtygyça
aç''. Ol perişde ýeliň gapagyny şol mukdarda açdy. Emma ýel gereginden artyk çykdy. Aýat: ''Emma Ad kowumy çakdanaşa güýçli öwüsýän sowuk ýel bilen heläk edildi''. Arap dilinde
''ad'' sözi ''öte geçmek'' manysyny berýär. Perişdeler buýrugy berjaý etmekde öte geçdiler.
Hud alaýhyssalam degresine hat tartdy. Ýel ýetip geldi, emma ol hezreti Huda zyýan bermedi. Adylar: ''Huduň ýeli bizi titredip başlady'' diýdiler. Olar uly garymyň içine girdiler. Olar aýaklaryny dyzlaryna çenli ýere we daşa berkitdiler. Ýel gelip, olaryň aýaklarynyň aşagyna girdi. Ýel olaryň topragyny açdy, ilki olaryň ýarlyklaryny soýdy, soňra etlerini sypyryp
aldy. Olaryň diňe süňkleri galdy. Olaryň birnäçeleri dagyň gowaklaryna girip ýaşyndylar. Ýel girip olary gowaklardan dartyp çykardy. Ýel öýde gizlenenleri hem heläk etdi. Ýel adlaryň süňklerini çöpläp, garymyň düýbüne gömdi.''
Şu rowaýatda belli bolşy ýaly Ýel hem asmandan, ýagny gök asmandan açylan iňňe deşigi ýaly deşikden çykarylýar...
Eger Asman durşy bilen suw bilen doldurylan bolsa onda seniň aýdyşyň ýaly Ýumurtga gabygyndan Ýel däl-de Suw akardy...
Bu pikire düşünşiňiz nähili!?

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 23-06-2021, 19:34

  • Abaddon Abaddon off № 1 23 июня 2021 20:08
    menin pikirimce bu fantastiki toslama
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler