Dürli internet sahypalarynda garpyzyň gowusyny saýlamak üçin şular maslahat berilýär:

Garpyzy eliňize alyp, agramyny barlap görüň. Gowy garpyz öz göwrümine görä agyr bolmalydyr.
Garpyzyň ýere degip durýan ýerinde agymtyl sary reňk emele gelýär. Şol ýer näçe saralan bolsa, garpyz şonça-da bişen hem süýji bolýar.
Garpyzyň murtuna serediň. Bişen garpyzyň murty gury bolýar. Eger ýaşyl bolsa, wagtyndan ir goparylany sebäpli, garpyz bişmedikdir.
Garpyzyň ýüzünde emele gelýän goňrumtyl torlar hem onuň bişendigini görkezýär. Şol torlar arylaryň garpyzyň güllerine köp gonandygyny aňladýar. Tozanlanma näçe artyk bolsa, garpyz şonça-da süýji bolýar.
Garpyzy gysyp hem-de urup görüň. Basyşa we urga «jogap berýän» bolsa, garpyz gowudyr.
Ekeranlar garpyzy şekiline görä-de tapawutlandyrýarlar. Süýri garpyzlar suwly, togalak garpyzlar bolsa süýji bolýar.
Garpyzyň daşy solak bolmalydyr. Ýalpyldawuk bolsa, ol bişmedikdir.
Deşik, ýaryk, ýagny zeper ýeten garpyzdan gaça duruň.
Çigitsiz garpyzlar genetiki taýdan üýtgedilen bolýar. Hakyky garpyzyň hökman çigidi bolmalydyr.
Çeşme:

cnnturk.com

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Abaddon tarapyndan 27-06-2021, 16:35

  • gytjam gytjam off № 1 27 июня 2021 16:53
    Shu gun yarysha gatnashak menem nesip bolsa
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler