Bir gün alleýa diýilip köçe dilinde aýdylýan seýilgähe aýlandym. Ýanymda bolsa gürleşýän gyzym... Ady Melariýa, azeri gyzy. Gara saçly, ýewropeid keşpli, ak bugdaý reňk, egninde bir egni görünip duran giňiräk köýnejigi, aýagynda bolsa gara balak. Gözünde-de gara oçki (äýnek) bar. Üsti-başyna seretjek bolýan. Bildirmän ýan göz bilen seredýän... Aý men durdum. Men bilen tirkeşip gelýän gyzam saklandy. Kelläme bir pikir geldi-de, ýanymdaky gyza sorag berdim:
- Ýo sen şu sypat köýnekleri näme üçin geýdiň?
- Aý, başladyňmyy...
Gyzyň gahary geldi... Gözündäki oçkisi gözüni mölertmegine bahana boldy...
- Geýjek, näme sen alyp berdiňmi köýnek, balagymy...
- Bu balagyňam, köýnegiňem çykarmaly ekeniň...
- Çykarjak däl, ýör maňa doňdurma alyp ber, ýörsene... diýip, ünsümi sowdy-da elimden bilegini salyp, yzyna tirkäp, üsti saýawanly doňdurma satyp oturanyň öňüne eltdi...
Men gyza Algida atly, doňdurma alyp berdim...
Özümem aldym. Soň az ýöräp, köp ýöräp suw satylýan ýere bardyk... ''Suw alyp ber'' diýdi gyz... Suw alyp berdim... Içmäge göwün bildirmesemem masgara edip eli bilen bulgury galdyryp içirdi... ''Muň puluny özüm bererin, öläýdiň darygyp, sen özüňe dözmeseň men dözerin'' diýip güldi-de gapjygyny açyp suwuň puluny uzatdy satyja...
Soň ýene gyra bilen ýöremäge başladyk...
Ol meni egin-eşik satylýan magazin atly köçe dilinde aýdylýan dükana eltdi. Men darykdym. Sebäbi mende gyza eşik alyp berer ýaly pulum ýokdy. Keýpimiň ýokdugyny gyza bildirmedim. Ýöne maňlaýymdan däne-däne gara derler şaglap akýardy jyn urmuş...
Ol meni gara balakly egin-eşik satylýan bir bölek ýere saldy... Keýpimiň bozulmagyna bahana boldy meň üçin:
- Sen, ýene şu balaklardan alyp geýjek bolýaň... Aýagyňdakyňy näme etjegimi bilemok...
Gyz gaşyma geçip eli bilen agzymy tutdy-da ''Çüşşş'' ýuwaş. Bu ýerik özüm üçin däl, seň üçin geldim... diýdi-de elime bir weşilka balak berip garderoba tarap barmagyny çommaltdy...
Men zordan balagy geýip çykdym. Men bu balak gelşenok, gerek däl diýsemem çykartmady we geýdirdi. Soň zamuž atly köwüş tutdurdy elime... Men derlemegimi dowam etdirdim... Garderopda köwüş geýip durun welin gapjygyma seretdim... Balagy satyn alar ýaly pulum bar. Ýöne bu köwşe???
Şeý diýip pikir edip durkam başymyň belasy gapyny kakýar we ''Bolduňmy!? '' diýip gygyrýar... Men gaharyma:
- Gel munam sen geýäý, gapdalyma geçde...
- Bol-da çykda... görjek...
Geýip näalaç, çykdym. Ol haýran galyp seretdi-de elime bir paket köýnegem tutdurdy...
Garderoba geçip zordan özümi stulyň üstüne okladym... Lapym keç, bularyň puluny nireden alyp bereýin!? Geýip yzyna çykarsaňam o-da däl... Şeýdip ''Halaşýan gyzymyň ýanynda meni masgara etmäwer Hudaýym'' diýip içimden ýalbarmaga başladym...
Gapynyň dünk-düňki we ýüregimi sarsdyran: ''Bol - duň - myyy'' diýen sesi gulagyma gaty ýogyn eşdilip gitdi...'' Garderopda kellämi tutup aglap otyryn...
Şonda-da näalaç geýdim köýnegi...
Garderoby açdym, ýüzüm salyk daşary çykdym...
Ol meni gujaklady we diýseň begendi... Sag bol bagtly pursat... Ony begendirmegime sebäp bolanyň üçin... Men oňa ''Men saňa bir zat aýtmaly...''
Ol ýüz-halymdan we görnüşimden bir hili bolup:
- Nämeee, sen meni taşlaýandygyň, ikinji gezýäniň bar diýjek bolýaňmy!?''
- Ýok, meň senden başga hiç kimim ýok, men.
Dur intek, soň aýdarsyň, diýdi-de satyjynyň ýanyna bardy-da keramatly gapjygyny açdy: Oguz hanyň keşbi siňen gök reňkli täzeje ýüzlikler görünende rahatlandym...
Ol yzyna gaýdyp gelip goltugyma girdi-de ýene meni alyp çykyp gitdi...
''LC WAIKIKI'' her sapar şu ýazgyny görenimde şol pursatlar göz öňüme gelýär we kellämi ýaýkap geçip gidýärin...
Ýatlamam...
Sorag-jogap,
Jeksparro
tarapyndan
28-06-2021, 16:09