Hemmeleriň diýen ýaly ulanýan el telefony güýçli aragatnaşyk torlaryndan biridir. Adamlaryň bir organyna öwrülen el telefony aslynda beýle bigünä däl. Güýçli signallar bilen işleýän öýjükli telefonlar dürli kesellere yol açyar.Durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolan el telefony, uzak möhletleýin ulanylanda çynlakaý oňaýsyzlygy çagyrýar. Ulanylyşy 4 ýyla golaý bolan el telefony, köp amatlylygy üpjün etse-de, güýçli signallar bilen işleýär. Bu signallar adam saglygyna negatiw kynçylyklar döredýär
Halkara telekommunikasiýa bileleşigi tarapyndan geçirilen gözlegiň netijesine görä, dünýäde el telefonyna abonentleriň sany 5 milliarddan geçdi.Gözlegler, el telefonlarynyň sanynyň köpelmeginiň fiziki we beden agzalaryna zeper ýetirýändigini görkezýär.Radio signallary bilen işleýän öýjükli telefonlar beýniniň saglygyna iň zyýanlydyr.Tolkunlar beýnimizdäki nerwleriň ölmegine sebäp bolýar.
HIÇ HAÇAN EL TELEFONLARYNYZ BILEN GOLAY ARALYKDA YATMAN! (IRDEN DAL GIJE YATANYZDA DEGISLI)
Tehnologiýany ösdürmekde LED çyralary bilen baýlaşdyrylan öýjükli telefonlar melatonin gormonyna ýaramaz täsir edýär.Şonuň üçin el telefonlaryna ýakyn ýatanyňyzda bu gormonyň bölünip çykmagy azalýar. Uky problemalaryna ýol açýar.Gijelerine düşekde ýakyndan ulanylýan öýjükli telefon gözüň saglygyna hem täsir edýär. Gözdäki suwuklygyň mukdaryny azaldar.
El telefonynyň zyýany näme?
- Akylly el telefonlarynyň ulanylmagy barmaklaryň gysylmagyna sebäp bolýar.
- Ulanylanda bedeniň duruşyna täsir edýär. Bu duruşyň bozulmagyna sebäp bolýar. Hususan-da, boýnuň gyrgysy döreýär we oňurga bölegi egri bolýar.
- Göwreli aýallarda radiasiýa çagalaryň ösüşine ýaramaz täsir edýär.
El telefonlarynyň zyýanlary?
Tehnologiýa,
King
tarapyndan
10-07-2021, 22:19