Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol işleriň çäklerinde ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan yzygiderli täze sanly hyzmatlar hödürlenýär. Olardan biri – bankdan karzlary resmileşdirmek üçin onlaýn görnüşde ýüz tutmak.
Hyzmatyň amatly taraplary:
Wagtyň tygşytlanmagy;
Tiz we amatlylyk;
Banklarda nobatlaryň azalmagy;
Günüň islendik wagtynda ýüz tutmak mümkinçiligi.
Hyzmatdan peýdalanmak üçin zerurlyklar:
Internet ulgamyna birikdirilen kompýuter ýa-da ykjam enjam;
Şahsy maglumatlaryňyz (şol sanda pasport belgisi we ş.m.);
Zerur halatynda şahsy resminamalaryňyzyň elektron nusgasy.
Mysal hökmünde, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň resmi web-saýtynyň üsti bilen karz almak üçin onlaýn görnüşde ýüzlenmäni dolduralyň.
Ilki bilen www.dayhanbank.gov.tm web-saýtyna girmeli;
Menýudan “Onlaýn-karz” salgysyna basmaly;
Açylan sahypada karzyň görnüşini saýlamaly, mysal üçin “Sarp ediş” karzy;
Zerur bolan setirleri talaba laýyk doldurmaly: adyňyz, familiýaňyz, telefon belgiňiz, elektron poçta salgyňyz, doglan senäňiz, ýaşaýan ýeriňiz barada maglumatlar we bellikler. Şeýle-de, bank tarapyndan talap edilýän elektron resminamalaryň nusgasy ýüklenilmeli;
Soňunda “Ugratmak” düwmesine basmaly.
Bellik: gyzyl ýyldyzjyk goýlan setirler – hökmany doldurylmaly setirler bolup durýar.
Elektron görnüşde dolduran ýüztutmaňyz banka baryp gowşar we bankyň hünärmenleri siz bilen habarlaşarlar.
Görşüňiz ýaly, birnäçe ýönekeý ädimleriň üsti bilen, gysga wagtda sanly ulgam arkaly karz resmileşdirmek üçin banka onlaýn görnüşde ýüz tutup bilersiňiz. File engine/modules/thanks.php not found.