Bilge Tekin 975-nji ýylda dünýeden ötensoň tagta Alp Tekiniň hyzmatyndaky Böri Tekin tagta geçýär. Böri Tekin halkyň gözünden düşensoň 977-nji ýylyň 20-nji aprelinde tagtdan agdarylýar we ýerine Türkmen serkerdeleri tarapyndan saýlanylan Söbük Tekin geçýär.
Söbük Tekin Orta Aziýa asylly türkmendi. Alp Tekin tarapyndan Buharada gul hökmünde alynan Söbük Tekin, aslynda Samanidler döwletinde döwlet adamsy hökmünde görülýändigine garamazdan, garaşsyz Gazna Döwletiniň tohumy onuň döwründe atylypdy.
Köp wagt geçmezden Türkmenleriň sany Gaznadan Gündogar Owganystandaky Zabulystan welaýatyna çenli çäkleri baryp ýetdi.
Topraklaryny, Toharystan, Zemindawerwe Belujistandaky Kuzdar etraplaryna çenli giňeltdi.
Musulmançylygyň ýaýramagyna böwet bolýan Hindi şasy Rajany ýeňlişe sezewar etdi we Kabil derýasynyň ugry boýunça Peşewara çenli ilerledi. Türkmen serkerdelerinen Abu Aly Simjuri we Faik birleşmesine garşy Samany Emiri Mansur I, Söbük Tekin 994-nji ýylda kömege çagyrdy.
Söbük Tekiniň we ogly Mahmydyň Horasana gelip gozgalaňçylary bermeginden soň Samanid emiri Mahmyda Seýfuddöwle lakamy berip Horasanyň goşun serkerdeligini peşgeş berdi.
Gaznaly häkimýetini Toharystan, Zabulystan, Gur we Bulujystana çenli giňelden Söbüktekin 997-nji ýylyň Awgust aýynda dünýeden ötdi.
Balhda syrkawlan Söbük Tekiniň jesedi Gaznada topraga berildi /Käbir maglumatlara görä Tirmizde/.
Söbük Tekin ölmezden öň kiçi ogly Ysmaýylyň tagta geçmegini wesýet etmegi sebäpli Ysmaýyl kakasynyň ölüm habaryny alanyndan soňra Balha gelip hökümdarlygyny yglan etdi.
Taýýarlan: @Jeksparro
Türkmen Soltany Söbük Tekin Gaznaly
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
14-07-2021, 19:05