Slowakiýanyň «KleinVision» kompaniýasynyň öndüren «AirCar» atly uçýan awtoulagy Nitra we Bratislawa aralygyndaky gatnawy amala aşyrdy. Nitra şäheriniň halkara howa menzilinden ýokary göterilen ulag 35 minutdan soňra ýurduň paýtagtynyň howa menziline gelip gondy. Berlen maglumata görä, «AirCar» ýere gonandan soňra bir düwmä basmak arkaly üç minutyň dowamynda sport ulagyna öwrüldi. «Anton Zajac» kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanýan ulag raýat awiasiýasy edarasy tarapyndan dürli synaglardan geçirildi. Bu täsin awtoulagyň ýangyjy bir gezek doldurylanda müň kilometre çenli aralygy geçip bilýär. Awtoulagyň adaty taksi hökmünde hem ulanylmagy maksat edinilýär. Ulagyň yz tarapyndaky perler we gapdalyndaky açylyp-ýapylýan ganatlar onuň uçmagyny üpjün edýär.
File engine/modules/thanks.php not found.Uçýan ulag ?
Täzelikler,
Abaddon
tarapyndan
18-07-2021, 10:17