Saud Arabystanly ymam Şeýh Bender El-Haýberi Dünýäniň, ýagny Ýeriň aýlanmaýandygyny aýdyp tutaryklar getirmäge başlady: ''Eger-de Ýer şary aýlanýan bolsa bir samalýot howanyň ýüzüne galyp dursa samalýot Hytaýa lükgeleýin gonaýmaly!'' diýip pikirlerini Yslama we Musulmanlara ýöňkäp ugrady.
Ýöne Kurany Kerim 1400 ýyl mundan ozal Ýeriň Togalakdygyny we aýlanýandygyny habar beripdi...
sorularlaislaminet! sitesindäki ýazgyda Kuranda Ýeriň togalakdygy bellenilip geçilýär.
Şol sitede Neml /27/88/ süresiniň aýaty getirilýär. Neml süresindäki aýaty tekiz ýerçiler Ahyrzamanda daglaryň ýelek ýaly bölek-bölek bolup geçjekdigi bilen Neml süresindäki daglaryň hereketini garyşdyrýarlar. Kurany Kerimiň Neml süresinde Allatagala özüniň sungatyny beýan edýär we daglaryň bir ýerde durman Ýer bilen bilelikde aýlanýandygyny tekrarlaýar. 3500-4000 metr beýiklikdäki bulutlaryň hereket ugry hemişe günbatardan gündogara tarapdyr. Howanyň durumyny çaklap aýtmaly bolsa köplenç günbatardan öwüsýän şemaly ölçemeli bolýandygynyň sebäbi şol...
Häzirki döwürde-de bilnişi ýaly Ýer şarymyz günbatardan gündogara tarap hereket edýär /aýlanýar/.
Ylymyň ýakyn wagtlarda subut eden bu ylmy hakykaty Kurany Kerimden ýüzýyllar mundan ozallar Ýeriň Tekizdigi aýatlaryň üsti bilen aýdylan: ''Eý jyn we ynsan toplulygy! Gökleriň we Ýeriň kuturlaryndan geçmäge güýjüňiz ýetýän bolsa hany geçiň. Geçip bilmersiňiz, diňe bir zat bilen geçip bilersiňiz!'' /Rahman 55/33/
Aýatdaky ''Kuturlar'' sözüniň ýorgudy bölek, top şekildigini aňladýar...
Bulardan başga-da Muhiýiddin ibn Arabynyň ýazan ''Futuhat'' eseriniň birinji jildinde şeýle ýazgylary galdyrypdyr:
''Alla, Kemal eýesidir. Äleme öz Kemal sypatyny görkezipdir. Gökleri ajaýyp şekilde ýaradandyr. Ajaýyp şekili togalakdyr. suwlagyny çykardy''/Naziat, 79/31-31/
''Alla gijäni gündize aýlandyrar, gündizem gijä aýlandyrar/Zümer 39/5/
Ýokardaky aýatlarda ''düzgünleşdirmek''' manyda gelşi ýaly Düýe guşunyň ýumurtgalaýan ýeri, udhiýe, uhuwwe, togalak daş we oreh /pisse maňyz/ manyda gelen ''zahu'' sözi bilen hem baglanyşyklydyr.
Arapça sözüň iki üýtgeşik manylarynyň bardygy üçin Ýeriň togalakdygyny aýdyp bileris. Ýöne ikinji aýatda ''dolamak'' diýip terjime edilen arapça ''tekwir'' sözi togalap saramak manysyny hem berýär.
Bu aýatda gije we gündiziň peýda bolmagyna, Ýeriň togalak bolmagy we aýlanmasynyň sebäp bolýandygy açyklanylýar.
''Gije hem bir alamatydyr olara, Ondan gündizi soýup aýyrarys /Ýasin, 36/37/
Soýup aýyrmak diýilýän ''Sehl'' sözi ''togalak zady soýup, sypyryp aýyrmak gerek'' Türkçede haýwanlaryň derileriniň aýrylýan ýerine salhana (selhane) diýilýär.
Olar hiç /ýerden/ garaşmaýan wagtynda, birden kyýamatyň geljegini gözleýärlermi? /Zuhruf, 43/66/.
Kurany Kerim, kyýamatyň birden gopjakdygyny açyklaýarka, Araf süresiniň 97-nji we 98-nji aýatlarynda şeýle diýýär:
Obanyň halky, gijelerine uklaýarkalar olara iberjek basgynymyzdan ätiýaçlymykalar? Ýa-da obaň halky guşluk wagty eglenenlerinde basgynymyzyň özlerine gelmeginden ätiýaçly boldularmy?
Kyýamat birden geler we gelen wagty Dünýäniň bir tarapynda gündiz, beýleki tarapynda gije boljakdyr. Bu bolsa togalak ýerden başga hiç zadam däl...
Çeşme:
https://www.google.com/amp/s/m.yeniakit.com.tr/amp/haber/52700/kuranda-1400-yil-oncesinden-dunyanin-yuvarlak-olusu
https://www.google.com/amp/s/m.yeniakit.com.tr/amp/haber/52700/kuranda-1400-yil-oncesinden-dunyanin-yuvarlak-olusu
Taýýarlan: Jeksparro
Kuranda Ýeriň togalakdygy
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
21-07-2021, 06:53