Ýakup pygamberiň ogly. ''Ýusup-Züleýha'' sýužetiniň baş gahrymany. Ol özüniň ajaýyp keşbi, syratlylygy, geçirimliligi bilen dünýäde şöhratlanypdyr. Dini rowaýatlara görä, Ýusup ibn Ýakup ibn Yshak ibn Ybraýym ýewreý pygamberleriň biridir. Ol biziň eramyzdan 1745 ýyl ozal eneden dogulýar we biziň eramyzdan 1635 ýyl ozal Müsürde aradan çykýar, Ýakyp öz ogullarynyň arasynda Ýusuba görüplik etmeklerine sebäp bolýar. Doganlary Ýusuby guýa taşlaýarlar, kakalaryna bolsa '' ony gurt iýdi'' diýýärler. Emma geçip barýan bir kerwen Ýusuby guýudan çykaryp, Müsüre eltip, bir baýa satýar. Şol baýyň aýaly Züleýha Ýusuba aşyk bolýar. Emma Ýusup onuň yşkyny red edýär, netijede zyndana taşlanýar. Onuň zyndanda düýş ýorýandygy barada Faraon eşidýär we gören düýşüni ýordurmak üçin ony öz ýanyna çagyrýar, soň Ýusuby özüniň weziri edip belleýär. Birnäçe ýyl gahatçylyk bolýar. Ýusubyň doganlary galla, azyk getirmäge Müsüre gelýärler. Ýusup olara kömek edýär, hemme doganlaryny Müsüre eltýär. Ýusup, Züleýha barada dini we çeper edebiýatda bir topar eserler döredilipdir. Ýusubyň ady owadanlyk simwoly hökmünde Gündogar edebiýatynda meşhurdyr. Ýusup, Züleýha barada XVIII asyr türkmen şahyry Nurmuhammet Andalyp hem bir dessan ýazypdyr.
File engine/modules/thanks.php not found.Ýusup pygamber
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
30-05-2021, 13:41