MUSOR ÝAŞŞIGYNA ZYÑYLAN BÄBEJIGIÑ EJESINE ÝÜZLENMESI (bolan wakadan soñ ýazylan)
"Ýalñyşanyñy bilýardim, ejem. Beytmeli däl ekeniñ" diýjek bolýan, ýöne agzymy dañypsyñ-a. Aýyrjak bolýan, eljagazlarym kiçijek, güyjümem ýetjek dälle. Gürläp bilmesemem, şükür gözlerim bar, düşündirip bilýän.
"Ejeñ saña süýt berer, seni doýurar, kuwwatlandyrar, ulaldar" diýipdiler-ä. Hany..
Saña soragym ejemjan: "name üçin bermediñ?"
Ejeler balasyny söýüp, ogşarmyşyn. Hany...
"Sen name üçin ogşamadyñ ejem?"
Bir eliñden kakañ, bir eliñden ejeñ tutarmyşyn. "Iñ bolmanda sen näme üçin tutmadyñ, ejem?"
Babejikler ýumşajyk, ýylyjajyk sallançakda ýatýarmyşyn. "Men näme üçin hapa atylýan buz ýaly ýaşige zyñyldym, ejem, ejem..?"
Ýyljajyk gollaryñda uklamagy arzuwlaýrdym, emma gyşyñ sowygynda ýalañaç taşladyñ ejem?!
Men seni bagyşlaýaryn, hemme edenleñ bir tarapa,..agzymy näme üçin dañdyñ ejem?
Dañmañda-da gygyrmaga guýjüm ýetmezd-ä ejem.
Ýalñyşyñy hiç kime aýdyp bilmezdim-ä ejem.
Iñ bolmanda agzymy açyp goýan bolsañ, dodajyklarymdan ol gara dañyny aýyran bolsañ, ýekeje zat aýtjakdym, ejem:
"Sen meni zyñsan hem, oldürseñ hem men seni söýýärin ejem"
Oýlanyñ gyzlar, oýlanyñ ýigitler!
Awtor: Nowça
Edebiýat, pipitom tarapyndan 25.07.2021 / 10:19
MUSOR ÝAŞŞIGYNA ZYÑYLAN BÄBEJIGIÑ EJESINE ÝÜZLENMESI (bolan wakadan soñ ýazylan)
Täzelikler,
Моя Мама
tarapyndan
27-07-2021, 01:28