Türkiýanyň atv mawy ekeranynda birnäçe ýyllardan bäri goýberilýän köpbölümli, aralyk sezonly kinolaryň birem ''Bir zamanlar Çukurowa'' filmidir.
Bu kinofilm 2018-nji ýylyň 13-nji Sentýabrynda görkezilip başlanýar. Myrat Saraçoglunyň baştutanlygynda Ýyldyz Tunç, Atilla Özem, Aýça Üzüm we Selena Çaglaýan dagylar filmiň senariýasyny düzýärler.
Türkiýanyň 1800-nji ýyllaryň ahyrlarynda we 1900-nji ýyllaryň başlarynda Çukurowa obasynda bolup geçen wakalary öz içine alyp görkezilen bu kinofilm iň öňdebaryjy gyzgyn tomaşa edilýän kinofilmleriň birine öwrüldi. Kino dünýeden öten Ýamanyň Çukurowadaky yzyny ýöredýän onuň aýaly Hüňkär Ýamanyň maşgalasyndan başlanýar.
Ýaman bilen Hüňkär Ýamanyň bir ogly bar, oňam ady Demir Ýaman. Ol Ýylmaz atly ýigit bilen söýüşip ýören Züleýha atly gyza öýlenýär. Başda Ýylmaz Züleýhany gorajak bolýar. Emma duşman çykýanlar köpelip Demiriň ejesi Hüňkär Ýaman bu Ýylmaz atly oglany tutdurýar. Emma Züleýha Demiriň aýaly bolsa-da resmi ýagdaýda oňa mähir berenok. Soň Ýylmaz türmeden boşap gelensoň Züleýha bilen pynhan duşuşýar. Emma wagtyň geçmegi bilen Demir Ýaman muny öwrense-de heleýini kowup goýbermeýär. Köp garşylyklar görkezýär. Emma onuň garşylyklaryna garamazdan, gaýtam Züleýha has möwjäp, Ýylmaz bilen duşuşygyny ýygjamlaşdyrýar.
Züleýhanyň ogly bolýar, ol bolsa Demir Ýamandan däl-de Ýylmazdan bolan. Çaganyň kimden bolandygyny Demir Ýaman bilse-de, bilmedige salýar. Ýylmaz türmedekä oňa kömek eden bir Fekeli atly ýaşuly Ýylmazy ogullyga alýar. Bu Fekeli diýilýän bolsa öň Demir Ýamanyň ejesi bilen söýüşen adam bolup çykýar... Ýylmaz Müžge atly zenana öýlenýär...
Soň Demir Ýaman heleýini Ýylmazdan aýry saklap bilmejegine göz ýetirýär. Onuň bilen aýrylyşmaly pursaty ýetip gelende Ýylmaz maşyn kontrolyny ýitirip awariýa bolup ölýär. Emma indi, hiç kimsiz galan Züleýha Demir Ýamanyň hakyky heleýi, hakyky söýgüsi bolup ýaşaberýär.
Kinofilmi gyzykly edip görkezýän oba durmuşy, kolhozçylyk, pagta, bugdaý, gektarlygyndaky işler, kinodaky maşgala ýagdaýlary geçen asyrlara alyp gidýär...
Kinoda gyzykly hem dartgynly ýagdaýlar, başga-da kän. Ýöne men ýokardaky Demir Ýamanyň, Züleýhanyň we Ýylmazyň aralaryndaky ýagdaýlary ýönelige getirmedim.
Indi geleliň asyl meselä:
Bu hakda näme üçin samraýarka diýmäň...
Şol ýyllarda biziň Türkmenistanymyzda hem şeýle ýagdaýlar bolup geçen aslynda. Haýsydyr bir obanyň baştutany bolan abraýly baý maşgalanyň aýaly ýaly käbir Züleýhalar başga biriniň goýnunda ýatyp-turup kişi çagalaryny dogurýardylar.
Kinodan ýalňyş netije çykarýar diýmäweriň...
1941-45-nji ýyllardaky uruş ýyllarynda oba arçynynyň kolhoz çatmasynda urşa giden ýigitleriň aýallary kolhoz başlygy bilen ýatyp-turýar ekenler. Bu hakda Allaýar Çüriýewiň ''Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi'' atly oçerkinde aýdylyp geçipdir...
Iň bärkisi geçen asyryň ahyrlarynda 1990-95-nji ýyllarda Owadan Žurnalynyň redaksiýasyna gelen ''Gyzlar dünýäsi'' ýaly rubrikalarda çap edilen ýazgylary okap görseňiz, şol wagtlar hem ahlaksyzlygyň dowam edendigini bilse bolýar...
Bir wagtlar: ÇUKUROWA filmi we gözdençykgynçlyklar...
Täzelikler,
Jeksparro
tarapyndan
29-07-2021, 19:26