Arabystan ýarym adasynyň örän amatly halkara ýollarynyň çatrygynda ýerleimegi şol döwrüň güýçli döwletleriniň ünsüni hemişe – de özüne çekipdir. Rim, Gresiýa, Wizantiýa, Eýran, Efiopiýa.Grek we Latyn awtorlarynyň göz öňüne getirişlerine görä Arabystanyň territoriýasy üç zona bölünipdir.
1)Bagtly Arabystan (Arabiýa feliks ),
2) Petreý (Nabateý ) Arabystany
(Arabiýa Petreýa) ,
3) Çöllük Arabystan (Arabiýa deserta).
Çöllük Arabystana – Siriýa – Mesopotamiýa çöllükleri , Petreý Arabystana – Sinaý we Nabateý patyşalygy – paýtagty – Petre
, 3 – nji zona bolsa (bagtly Arabystan)Arabystanyň galan bölegi giripdir.Bagtly Arabystan 1 – nji asyryň başlarynda garaşsyz bolupdyr. Petre Arabystan Rimiň , Çöllük Arabystan
bolsa Parfiýaň täsirinde bolupdyr.
III – nji asyryň ahyrlarynda IV – nji asyryň başlarynda Demirgazyk we Merkezi Arabystanda ýerleşýän arap taýpalary
güýçli arap döwleti bolan Lahmitleriň täsirine düşüp ugraýarlar. Lahmit patyşalygynyň paýtagty Hiri şäheri bolup ol Wawilionyň harabaçylygyndan birnäçe kilometr günortada
ýerleşipdir. VI – njy asyrda Lahmit döwleti Numan 1 (403 – 431) döwründe has hem ösüpdir. Sebäbi ol örän güýçli , akylly
hökümdar bolup , söweş hereketlerini dogry alyp barmagy başarypdyr. Numanyň ogly Al – Munzir döwründe Lahmit döwleti has – da güýçlenip Sasanylaryň işine hem işeňňir
gatyşypdyrlar. Eýranyň şalar-şasy Bähram Tur (Ýezdgerdiň ogly) tagt ugrundaky göreşlerde lahmitleriň kömeginden peýdalanypdyr . Lahmitler Eýran – Wizantiýa uruşlarynda
Eýrany goldapdyrlar . Lahmit patyşasy – Aswat (473 – 493) (Al Munziriň ogly) häli –şindi Wizantiýanyň araçäklerine çozup durupdyr .
Al – Munzir III dolandyran döwründe (VI-nji asyryň 1 ýarymy) Lahmit döwleti has hem ösüpdir. Onuň döwründe Siriýanyň köp bölegi eýelenipdir.Umuman VI asyrlarda Al – Munzir III Wizantiýany örän agyr ýagdaýda bolmaga mejbur edipdir.Eýrana öz soýuzdaşy bolan Lahmitleriň güýçlenmegi ýaramandyr. Şonuň üçin hem her edip hesip edip Lahmitleri
boýun egdirmäge çalşyp ugraýarlar we VII-nji asyryň başlarynda sasanylara Lahmit döwletini dargytmak başardýar.Onuň tagtyna bolsa öz dikmelerini goýýarlar. Lahmitler bilen goňşuçylykda Gassanitler döwleti ýerleşipdir.Olar Lahmitler bilen oňuşmandyrlar. Gassanitler Günorta Arabystandan III asyryň ahyrlarynda göçüp gelipdirler. Gassanitler dinastiýasynyň düýbüni Jafna tutupdyr.Ol döwlet Günorta Gündogar Siriýada ýerleşipdir.Özem Wizantiýanyň serhetlerinde we olaryň soýuzdaşyna öwrülipdir.Gassanitler döwleti VI asyrda has hem ösüpdir.Al – Haris II (529 – 569) we ohuň ogly Al – Munzir
(569 – 581) döwründe olar öz otrýadlary bilen Wizantiýanyň tarapynda sasanylara garşy durupdyrlar.570 –nji we 578 – nji
ýyllarda olar Lahmitlere garşy ýeňişli söweşlere
gatnaşypdyrlar.Emma Wizantiýa hem edil Eýran ýaly syýasat alypdyr we Gahana arap Gassanitler dinastiýasyny ýok edýärler.Iň soňky gassanit patyşasy Al – Aýham 636 – njy
ýylda bolan Ýarmuk söweşinde Wizantiýanyň tarapyndan musulmanlaryň garşysyna uruşýar. Bu söweşde musulmanlar ýeňýär.Al – Aýham yslamy kabul edýär.Ýarmuk söweşiniň netijesinde Gassanitler döwleti ýaşamagyny bes edýär we bütewi arap – musulman döwletiniň hataryna goşulýar.V syryň 2-nji ýarymy we VI asyryň başlary Merkezi Arabystanda ýerleşýän Kindit patyşalygynyň güýçli we ösen döwri bolupdyr.Wizantiýa bu döwleti sasanylara we olaryň wassaly bolan lahmitlere garşy peýdalanypdyr.
O taýda derýalar ýok diýen ýaly, diňe ýagyşly döwürler kiçeňräk derýajyklar emele gelip , çölüň içinde ýitip gidýärler. Arabystanyň ilaty (Günortasy) örän gadym zamanlarda ekerançylyga başlap, b.e. öňki IV – VIII-njy
asyrlarda synpy jemgyýet ýüze çykýar. Ekerançylyk suwarymlylyga daýanýar.Kä ýerlerde düme ekinleri hem
ekipdirler.Adamlar çölde guýy gazypdyrlar.Onuň ähmiýeti. Gurakçylyklar barada.
Ekerançylygyň iň ösen ýeri Ýemendir we onuň territoriýasynyň 80 % -i ekerançylyk üçin amatly. Oba hojalygynda giň ýaýran ekinler bugdaý, arpa, şaly, şeker çiňrigi, kenep we gowaça bolupdyr. Pagta III-nji asyrda peýda bolýar.Bakja ekinlerden : nohut, hyýar, garpyz, gawun, kädi, sogan, burç , käşir we baiga-da dürli görnüşdäki kökli ösümlikler ekilipdir. Bagbançylygam ösüpdir.Üzüm, mindal, nar, zeýtun, hurma, hoz, alma, banan, sitrus miwelwri, şetdaly, erik we başgada köp miweli ösümlikler ösdürilipdir.
Ekerançylaryň hojalygynda pisse agaçlary aýratyn orunda durupdyr. Sebäbi käbir raýonlarda ol esasy iýmite öwrülipdir.
Maldarçylyk bilen esasan çarwalar we ýarym çarwalar meşgullanypdyrlar. Olar düýeleri, atlary, eşek-gatyr, ary we ownuk şahly mallary ösdürip ýetişdiripdirler. Çölüň şertlerinde
düýäniň belli bahasy ýok.Kerwenler, transport, et, süýt, ýüň. Atlar hem uly islege eýe bolupdyr. Ilkiler (III-nji asyrda) atlar şeýle köp bolmandyr.Emma VIII-nji asyrda olaryň has
köpelenligi (haç göterijilere garşy) bellenilýär. Sebäbini düşündiräýmesem. Arap we türkmen atlary çölden baş alyp çykmany başarypdyrlar. Çölüň kyn şertleri. Harasat, klimaty bilmeli mal
bakjak bolsaň. Käbir arap taýpalary balykçylyk bilenem meşgullanypdyrlar. Magdan işleri hem ösen bolupdyr. Duz, altyn, kümüş, ýarym gymmat baha daşlary almagy başarypdyrlar. Özara ysnyşykly ykdysady aragatnaşyklar netijesinde çarwalar we oturumly ilatyň arasynda ýeke – täk ykdysady organizm emele gelýär. Sebäbi çarwa ilaty oturumlynyň ,
oturumly bolsa çarwa önümlerine mätäç bolupdyr. Sebäbi işlenip – bejerilýän ýeriň azlygy, otluk öri meýdanlaryň azlygy, bu ikisini biri – birine garaşly edip goýupdyr. Ýene – de bir ýagdaýy göz öňüne tutmak gerek, ýagny köp halklardakydan tapawutlylykda çarwalara, çomurlaram bir bütewi etnosa degişli bolupdyr we şonuň üçin hem olaryň biri – birine
ýakynlaşmagyna olaryň psiholo – giýasy täsir edäýmese ykdysady dil päsgelçiligi bolmandyr. Üstesine – de ilatyň göçüp – gonup ýörmegi bir milletiň, bütewi diliň kemala gelmegine oňyn täsir edipdir. Ykdysady ösüşiň we emläk
deňsizliginiň ýüze çykmasy Arabystanyň dürli regionlarynda deň däldir. Şonuň üçin hem şu babatda Arabystany şeýle regionlara bölýärler :- Günorta Arabystan, Günorta – Günbatar
regionlar, Merkezi we Demirgazyk Arabystan. Demirgazyk Arabystanda ilatyň esasan çarwalardan we ýarymçarwalardan
ybarat bolanlygy sebäpli emläk deňsizligi haýal ýüze çykypdyr. Yslamdan öňki Arabystan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň köpdürliligi, agalygyň we boýun egmekligiň, jemgyýetde zähmet bölünişiniň dürli görnüşleri we derejeleri bilen tapawutlanýar. Dürli sosial toparlar önümçilik serişdelerine bolan eýeçiligi, jemgyýetçilik önümçiliginde, önümçilik gatnaşyklarynda tutýan orny, erkinligiň we boýun egmekligiň derejeleri boýunça tapawutlanypdyrlar. Şäherlerde senetçileriň professional toparlaryndan,söwdegärlerden başga –da erkin hünärli aýdymçylar, tansçylar, sazandalar, tebipler we başgalar hem bolupdyr. Emläk deňsizliginiň güýçli ösen ýerleri
esasan oturumly ilat ýaşan Günorta we Günorta-Günbatar Arabystandyr. Ol ýerde belli bir derejede gulçulygam bolupdyr. Ýöne ol giň gerime eýe bolup bilmändir.Gadym döwürlerde ýerler obşinanyň elinde bolan bolsa, soňra olar hususy eýeleriň eline geçip başlaýar. Käbir zatlar obşina eýeçiliginde hem saklanyp galypdyr. Mysal üçin : suw, öri meýdany, odun ýygylýan ýerler, gazylyp zat alynýan ýerler,
duz we kümüş känleri. Ekerançylaryň oba obşinasy şaba, çarwa we ýarym çarwalaryňky bolsa kaba il diýlip atlandyrylypdyr. Kindit patyşalygy Wizantiýanyň wassaly gassanitler bilen hem oňuşmandyr. Bu oňşuksyzlykda
gassanitler üstün çykýarlar we VI-njy asyryň 40-njy ýyllarynda Kindit patyşalygy gutarnykly dargaýar. Arabystan ýarym adasynyň günortasynda gadymy döwür – lerde birnäçe
döwletler bolupdyr. Aslynda Arabystanda siwilizasiýanyň dörän ýeri hem Arabystanyň günortasydyr.
Biziň eramyzyň I asyrynyň başlarynda Kataban
döwleti, III asyryň ahyrlarynda Hadramaut bilen Saba döwletleri özbaşdaklygyny ýitirip ugraýarlar. IV asyryň ahyrynda – V asyryň başlarynda ähli günorta arap territoriýalaryny özüne birikdirýän umumy Ýemen döwleti
kemala gelýär. Ol döwleti Hilitarit patyşalygy diýip atlandyrýarlar. Bu patyşalyk hem aktiw daşary syýasat ýöredipdir. Budöwlete Wizantiýa her hili ýollar bilen täsir etmäge
çalşypdyr. Wizantiýa bu işi öz soýuzdaşy Efiopiýanyň üsti bilen amala aşyrypdyr. VI-njy asyryň başlarynda Ýemeniň Efiopiýa bilen arasy bulaşýar. 517-nji ýylda Efiop negusy Hilitara goşun iberýär. Soň 525-nji ýylda ýene-de goşun iberýär we bu söweşde Hilitar goşuny ýeňilýär. Patyşalary Ýusup bolsa söweşde ölýär. Efioplar Ýusubyň ýerine Sumaýfuny goýupdyrlar. Ol öň Ýusuba garşy topalaň turuzanlaryň biri
eken. 534-535-nji ýyllar töwerekleri Sumaýfuny kaýlylar (belli baýlar) we Efiop esgerleri agdarýarlar. Patyşa Efiop
dikmesi Abraha bolýar. Ol hem Hilitarit patyşa-larynyň titullaryny göteripdir, ýöne ol Efiopiýa garaşly bolupdyr. Umuman VII-nji asyryň başlaryna çenli Hilitaryň syýasy
ýagdaýy çylşyrymlylygyna galypdyr.Üstesine-de içki Arabystandan Günorta häli-şindi beduinler çozup durupdyrlar. Şeýlelikde yslamlaşmagyň öňisyrasy Ýemende syýasy dagynyklyk dowam edipdir. 3 mln.kw.m.territoriýany tutup oturan Arabystan ýarym adasy umuman alanyňda gurak sähralyklardan, çöllerden we ýarym çöllerden ybaratdyr. Diňe onuň käbir ýerleri – Ýemen, merkezi Arabystanyň käbir ýerleri, günbatardaky we demirgazykdaky oazisler, günorta oblastlar ekerançylyk üçin amatly bolupdyr. Obşinanyň täsirli adamlary obşina
opolçeniýesine komandirlik edipdirler, gazy-haşar işlerine gala gurluşygyna ýolbaşçylyk edipdirler. Obşinanyň çlenleri erkin bolupdyrlar, ýarag götermäge hukuklary bolupdyr. Olar obşinanyň içinde geçirilýän ähli ykdysady we syýasy çärelere gatnaşmaga borçly we hukukly bolupdyrlar. Arabystanda
gadymy döwürlerden örüler, guýylar we sürümli ýerler taýpalaryň ýa - da uruglaryň elinde bolupdyr. Şol örülerden we guýylardan kesekileriň peýdalanmagy olaryň güýjüne
bagly bolupdyr. Konfliktler bolupdyr. Ýer we örüler üstünde ýüze çykýan konfliktler diňe uruşlar bilen däl - de başgarak görnüşde-de çözülipdir. Mysal üçin ýarpasyna kärendä
bermeklik. Maldarçylygyň we ekerançylygyň ösmegi obşinanyň (taýpa, urug) içinden barly adamlaryň (hojalyklaryň) döremegine getiripdir. Çarwa hojalygynyň sosial-ykdysady esasyny mallara şahsy eýeçilik, öri meýdana kollektiw eýeçilik bolan hem bolsa, öri meýdanlar
des - deň däl - de malynyň sany boýunça bölünipdir. Taýpa baştutany adatça baý urugdan ýa-da maşgaladan saýlanypdyr.
Sebäbi kyn günde ol garyplaşan taýpadaşlaryna kömek berip biljekdi. Taýpanyň ýönekeý çlenleri hemişe mätäçlikde bolandyklary sebäpli barlylara garaşly ýagdaýa geçip olaryň her hili ýumuşlaryny bitiripdirler.
Göçe – göçlükler döwründe käbir taýpalar öz ýerlerini taşlap başga ýerlere göçüpdirler. Eger-de Demirgazyk we Merkezi Arabystandan taýpalar Günorta göçen bolsalar, onda
olar baran ýerleri özleriniň ösen ýagdaýda durandyklary sebäpli olar baran ýerinde pes görülipdir. Kähalatlar öz ýanlaryna gelen taýpalara baran ýeri howandarlyk edipdirler,
olary gorapdyrlar, ýöne garyndaş hasap etmändirler. Umuman agalyk ediji ýagdaýda bolupdyrlar. Taýpaara gatnaşyklar kähalatlarda salgyt tölemek – lige esaslanypdyr (ejiz taýpalar salgyt töläpdirler). Bu zatlaryň hemmesi tire -taýpa bütewiliginiň krizise düşýändigini görkezýär. Tire -taýpa gatnaşyklarynyň krizise düşýändigini nika gatnaşyklary hem tassyklaýar. Sebäbi öňki ekzogamiýanyň ornuna endogamiýa gelip başlaýar. Arabystanda miras galdyrmagyň
ýeke - täk kemala gelen däbi bolmandyr. Öňler kim at çapyp, gylyç syryp we öz emlägini gorap bilýän bolsa miras şoňa galypdyr. Ýöne ulusy artykmaç hukukdan peýdalanypdyr. Eger – de mirasdüşer bolmadyk halatynda miras doganlara galypdyr. Erkek adamynyň artykmaç hukuklary aýallara miras almaga mümkinçilik bermändir. Ýöne aýallaryň miras alýan ýagdaýlary kähalatlarda bolupdyr.Gadym döwürlerden araplara köphudaýlylyk miras
galypdyr. Olaryň hormatyna kaşaň ymaratlar gurulupdyr. Araplar beýleki bir tarapdan dine ynanmak erkinliginden hem
giňden peýdalanypdyrlar. Her taýpa, tire, urug hat-da maşgala hem özüniň hormat – sylag edýän, sygynýan hudaýy bolupdyr. Olaryň hormatyna ýörüte ýerleri belläpdirler, bellikleri dikipdirler, gurbanlyk beripdirler. Wagtyň geçmegi bilen birnäçe taýpalaryň uýan hudaýlary hem ýüze çykypdyr. Manat (ykbalyň hudaýy) atly hudaýyň şekili Mekge bilen Ýasribiň (Medine) arasynda ýerleşipdir. Öz çagalaryna olaryň adyny dakypdyrlar, onuň öňünde kasam edipdirler. Manadyň şekiline Kureýşitler hem çokunupdyrlar. 2-nji bir hudaýyň şekili al – Lat bolup, ol Taifde ýerleşipdir. Bulardan başga-da Hudaý aýal Uzza hem ýüze çykypdyr. Onuň şekili Mekgeden demirgazykda ýerleşipdir. Gürrüňi edilen hudaýlara giňden sygynypdyrlar, çagalaryna olaryň atlaryny goýupdyrlar. Demirgazyk we Merkezi Arabystanda hormatlanýan
hudaýlaryň biri Rudda (öriň we hasylyň hudaýy) bolupdyr. Hudaýlaryň şekilleri dürli predmetlerden : agaçdan, altyndan,
kümüşden, daşdan edilipdir. VII-nji asyryň başlaryna çenli Arabystanda 8-sany dini merkezler ýüze çykypdyr. Birnäçe taýpalar, hat-da birnäçe taýpa soýuzlary bir hudaýa
sygynypdyrlar. Şol döwürler nirede ýerleşendiklerine garamazdan Al-Lat, Manat, Uzza umumy arap hudaýlaryna öwrülipdirler. Şeýlelikde-de araplaryň dini garaýyşlarynyň
esasynda aýry-aýry ýerleriň we taýpa soýuzlarynyň keramatyna bolan ynamlar düzüpdir. Sebäbi keramatly ýerleriň we şekilleriň ýerleşen ýerleri bolan Käbeler mukaddes ýerler hasaplanylypdyr. Şol ýerler aýratyn mukaddes bolup, şol ýerde köp taýpalaryň däpleri ýöredilmändir, gan
dökmek gadagan edilipdir. Ol ýerler jedelleriň çözülýän, söwdanyň zyýaratyň ýerleri bolupdyr.
Arabystanyň günortasynda Ýemende ýagdaý başgaça bolupdyr. Bu ýerlerde IV - V asyrlarda gadymy hudaýlar ýitip, olaryň ornuna ýeke-täk hudaý kemala gelip başlaýar. V asyrda ýeke-täk hudaý Rahman Ilan – ýeriň-asmanyň hudaýy ýüze çykýar. Muňa Ýemen monoteizmi hem
diýýärler. Elbetde, monoteizmiň ýüze çykmagynda iudaizmiň we hristiançylygyň täsiri hem uly bolupdyr. Emma VI-njy
asyryň başlaryndan daşky güýjiň täsiri bilen Ýemende ýerli monoteizmi iudaizm bilen hristiançylyk gysyp ugraýar. Günorta Arabystana iudaizmi gelmişek ýewreýler getirýärler ( I - II aa.). Eýýäm III-IV asyrlarda ýemenlileriň ep-esli bölegi iudaizmi kabul edýärler. VI-njy asyrda Ýemeniň patyşasy Ýusup Asar iudaizmi kabul edip, ony Hristian
Efiopiýasyna garşy ulanýar. Ýöne Ýusubyň öldürilmegi iudaizmiň syýasy ýeňlişine getirýär.Ýemende hristiançylyk ýaýrap başlaýar. Emma Ýemende ýerli monoteizm ugrunda
hereketler hem bolupdyr. Öz içine gadymy kultlary, arap otparazçylygyny, iudaizmi we hristiançylygy alan bir hudaýlylyk ýüze çykýar. Ony «Ýalan pygamber» Abhala al –Aswada döredipdir. Abhala VII-nji asyryň başlaryna çenli (bir hudaýlylygy wagyz eden) ady dowam eden
pygamberleriň biri bolupdyr. Atlary ondan soň tutulýan beýleki pygamberlerem bolupdyr, meselem : Maslama Ýememde, Talha-Nedžde, Sajah-Yrak çölleriniň töwereklerinde. Yslam hem başda ýokarkylaň «pygamberçilik hereketi» ýaly bir zat bolupdyr. Arabystanyň dini durmuşynda Mekgäniň we ondaky Käbäniň roluny aýratyn nygtamak gerek. Käbäniň haçan
gurlandygy belli däl. Ýöne arap taryhy çeşmelerinde V asyryň ortalarynda Käbäniň eýeleriniň Küreýşit taýpasynyň bolandygy görkezilýär. Käbe dörtburç gara daşdan bolup, onuň daşynda 360 sany dürli hudaýlaryň şekilleri ýerleşdirilipdir.
Käbe ähli arap taýpalaryň diýen ýaly sygynýan hem-de zyýarat edýän ýeri bolupdyr. 360 hudaýyň şekili ýylyň her güni bilen hem baglanyşdyrýarlar. Şol hudaýlar Arabystanyň ähli ýerlerinde hormatlanylýan hudaýlaryň şekilleri bolup, dürli ýerlerden gelen araplar, özleriniň hudaýlaryna sygynyp biler ýaly. Käbäniň ýanynda Zemzem guýysy ýerleşip, onuň suwy keramatly hasaplanylypdyr. Mekgäniň bütin töweregi otparazlar üçin gadagan zona bolupdyr. Ol ýerde adam
ganyny dökmek, masgaralamak, azar bermek gadagan bolupdyr. Gadagan edilen ýerler daşlar we sütünler bilen serhet çekilipdir. Kamary ýyl hasaby boýunça her ýylyň belli
günleri Arabystanyň çar tarapyndan araplar haja gelipdirler. Bu Mekgede bolýan söwda ýarmarkalary bilen utgaşdyrylypdyr. Mekgä gelenlerinde zyýaratçylar adaty eşiklerini çykarypdyrlar, ýörüte eşik geýipdirler, saçlaryny
syrdyrypdyrlar. Soň Käbä baryp daşyndan 7-gezek aýlanypdyrlar, gara daşy öpüpdirler. Aýlanýan wagtlary sygyrypdyrlar, gygyrypdyrlar, el çarpypdyrlar. Ertesi Mekgäniň ýanyndaky iki depäniň arasynda ylgapdyrlar we hudaý şekillerine çokunypdyrlar. 3-nji gün Arafat dagyna çykypdyrlar. Soň mal öldürip gurbanlyk beripdirler. Garyplara paýlapdyrlar. Soň Mekgä dolanyp gelipdirler we Käbäniň daşyndan aýlanypdyrlar. Baýramçylyk 7- gün dowam edipdir. Şu döwürde kureýşitler zyýaratçylary mugt iýmit bilen üpjün edipdirler. Bu bolsa olaryň we olaryň soýuzdaşlarynyň abraýyny artdydypdyr. Sebäbi Käbäň açaram olaryň elinde bolupdyr.


Jumadurdy Annaorazow, Hojaberdi Çakanow

GÜNDOGAR ÝURTLARYNYŇ TARYHY

Aşgabat - 2010

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 31-07-2021, 07:47

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler