National Geographic Günorta okeany dünýäniň 5-nji okeany hökmünde ykrar etdi. Bu barada ria.ru maglumat berýär.

Kartograflaryň sözlerine görä, Antarktidany ýuwýan suwlaryň tapawutly aýratynlyklary bar we munuň özi olary aýratyn okean hökmünde bölmäge mümkinçilik berýär. Materialda ýazylyşy ýaly, geograflaryň bileleşiginde bäşinji okeany ýüze çykarmak meselesi ozaldan maslahatlaşylýar, ýöne köpler üçin ol Ýuwaş, Atlantik we Hindi ummanlarynyň dowamy ýaly bolup görünýärdi.
Indi Antarktidany gurşap alýan hem-de günorta giňişlikden 60 gradusa çenli uzalyp, Dreýk aýlagyny we Skoş deňzini özünde jemleýän suwlar Günorta umman adalgasy bilen aňladylar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Men sho tarapyndan 2-08-2021, 16:35

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler