Zeýtun ýagynyň bejergi häsiýetlerine baha bermek kyndyr. Ýöne ýerden gadymy grekler oňa ömüriň, saglygyň we sagdynlygyň agajy diýmändirler. Zeýtun ýagynyň häzirki döwür adama we onuň saglygyna nähili peýdasy barka? Zeýtun ýagynyň bejeriş häsiýetlerini ir döwürlerden bäri saglyk bilen deň derejede gözellik üçin hem ullanylýan eken.
Zeýtun ýagy: gysgaça maglumat.
Zeýtun ýagynyň bejergi üçin ähimiýeti örän ýokary bolansoň, ol saglyk üçin iň gymmatly iýmit önümleriniň biri hasaplanylýar. Şeýle-de bolsa, dünýäde harçlanýan ýaglaryň bary ýogy üç göterimi zeýtun ýagynyň paýyna düşýär. Ýogsa zeýtun ýagy, örän seýrek gabat gelýän, adam organizminde ýüz göterim özleşip bilýän iýmitleriň hataryna girýär. Şeýle-de zeýtun ýagy adamyň hamynyň, saçynyň düzümini gowulandyrýar (munuň üçin ony diňe bir iýmite ullanylman, eýsem-de ýüzüňe ýapýan kerm örtüge goşundy höküminde ullanylýar). Hatda horlanmakda we organizmiň maddy alyş-çalyş ulgamynda hem özüniň ýagdygyna garamazdan, zeýtun ýagy uly rol oýnaýar. Diýetologlar zeýtun ýagyny ähli diýetalara goşmagy maslahat berýärler. Sebäbi onuň düzümi, biziň organizimizdaki beýnä dokluk barada signaly berýän maddany işläp çykarýan oleon kislotasyna baý . Şeýlelikde, zeýtun ýagy üstünlik bilen we uzak wagtlyk açlyk duýgymyzy basyp ýatyrýar. Ýokardaky agzalanlar siziň üçin, aşhanaňyzda bir çüýşe hoşboý ysly zeýtun ýagyny edinmäge bahana dälmidir eýsem?
Zeýtun ýagynyň bejergi häsiýetleri.
Häzir bolsa zeýtun ýagynyň adamyň saglygyna berýän peýdasy barada ýakyndan tanyşalyň. Birinjiden, bu iýmit önümi—holesteriniň derejesini peseltmek boýunça rekordsmen hasaplanýar. Diýmek, ateresklerozyň, ýürek-damar keselleriniň, diabetiň, Alsgeýmeriň keseliniň we şoňa meňzeş näsaglyklaryň öňüni almakda oňa taý geljek zat ýok. Zeýtun ýagynyň ýene-de bir bejergi häsiýeti, onuň sowuklamaň öňüni alyş güýjidir, we organizmde bolup biljek islendik sowuklamaň—gripden, anginadan başlap tromboflebit ýa-da aýdaly, jyns infeksiýasy—garşysyna göreşde peýdalydyr. Aşgazan şikeslilere (ýazwa) lukman bejeriş berhizligini maslahat berende, zeýtun ýagy onda ilkinji rol oýnaýandyr.
Zeýtun ýagynda olein we linolin kislotalary bar, şeýle-de ol A,D,E,K witaminlerine baýdyr. Zeýtun ýagynyň esasy bejeriş güýji şulardan ybaratdyr:
iýmiti siňdirmä ýardam, aşgazan-içege keselleriniň öňüni alma we bejerme;
immun ulgamynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak;
organlaryňy we endamyň garramasyny haýallatmak;
akyl taýdan işi kämilleşdirme, ýadyňy gowlama, gaharjaňlygyň öňüni alma;
şikesleriň we ýaralaryň bitmesini tizleşdirmek;
aşgazanda ýara döremegiň öňüni almak;
süňkleriňi berkitmek;
onkologiýa keselleriniň öňüni almak;
Şeýle-de, zeýtun ýagy göwreli aýallara pedaly, täze dünýä injek çagaň beýnisiniň ösüşine oňaýly täsir edýär.
Iň oňat hilli zeýtun ýagyny nädip saýlamaly?
Zeýtun ýagynyň bejeriş häsiýetlerini özüňde doly duýmak üçin, onuň haýsy görnüşiniň adama has ýakymlydygyny bilmek zerurdyr.
Elmydama sowuk sykym (preslenme) arkaly alynan zeýtun ýagyny saýlaň. Etiketkanyň ýüzünde: “Extravirginoliveoil” ýazgy bolmalydyr. Ol, ýag alynanda himiki serişdeler ullanylman, diňe mehaniki güýç, ýagny ýagyň preslenme arkaly alynanyny aňladýar. Hut şu görnüşdäki zeýtun ýagy—rafinirlenmedik, sowuk sykym—iň ýokary ýaramly häsiýetlere eýedir.
Zeýtun ýagy
Täzelikler,
Perishdejik
tarapyndan
7-08-2021, 22:43