Aslynda asylly gözel gyz bolsañ.
Adamlaryñ köp ýerinde görünme.
Durshuñ bilen kereshmedir näz bolsañ.
Artykmaç näz boljak bolup urunma.
Hemmeler sen gyza bakýanam bolsa.
Yüregiñ gürsüldäp kakýanan bolsa.
Söýgiñ gyzgyn ganda akýanam bolsa.
Yalt-ýalt edip töweregñe garanma.
Egerde diýseler señ söziñ mähir.
Ýada diýýäýseler señ öziñ mähir.
Shonda-da gözleñde oýnasyn gahar.
Men mähirli diýip artyk erenme.
Ýüregiñ ak bolsun diñe gar ýaly.
Ķalbyñda busanjyñ bolsun nur ýaly.
Alyn saçlañ tolkun atsyn mar ýaly.
Ŕakyplaryñ bar ýerinde daranma.
Utanç saklar gyzy her bir beladan.
Cykarma diliñi dishli galadan.
Diñe abyraý bolsun seniñ aladañ.
Basharsañ bolgusyz ýerde görünme.
Täç etgin bashyña söýgili ýary.
Shoña bagyshlansyn gül ömrüñ bary.
Bolsañ goç ýigidiñ namysy-ary.
Zenan bolgun oñ üstine sürünme.
Mertebäñi mydam belent tutjak bol.
Bu durmush oýundyr diñe utjak bol.
Ar-namysy baýdak edip tutjak bol.
Munda biwepalar kändir ýaranma.
Konkurs üçin
Täzelikler,
Mähri
tarapyndan
8-08-2021, 06:30