Ýüzdäki düwürtiklerden nädip gutulmaly
1. Hyýardan ýasalan maska.
Bular ýaly önüm adamyň derisine gowy siňýär we sowuklama hem täsir edýär. Ony ýasamak üçin 1 sany hyýary gyrgyçdan geçirip ýüzüňe basyrmaly. 20 minut geçenden soň maskany aýyryp ýüzüňi ýuwmaly.
2. Aloý gülüniň baldagy.
Aloý gülüniň ýapragy köp sanly kosmetologik problemalardan gutulmaga kömek edýär. Ony ýasamak üçin suwda gowy edip gaýnatmaly we bir sagada golaý sowaýança garaşmaly. Soňra onuň suwuny günde ýüzüňize çalyp bilersiňiz.
3. Zweroboý ösümliginiň ýagy.
1 litr banka ýarymyna çenli zweroboý gülünden doldurmaly we gowy edip ýençmeli, soňra üstünden günebakar ýagyny guýup doldurmaly, 10 güne golaý garaňky ýerde goýmaly. Wagt geçenden soň güllerini aýyrmaly emele gelen ýagy günde agşam ýatmazdan öň ýüzüňize çalmaly.
4. Kalenduladan ýasalan serişde.
Bu ösümligiň guran gülüni dermanhanalardan alyp bilersiňiz. Birazragyny (1 çemçe) ýarty stakan gaýnan suwda garmaly we bir sagada golaý sowaryna garaşmaly. Soňra bu serişdäni wagtal-wagtal ýüzüňize çalmaly.
Baha bermegi unutmaň!
Okaň peýdasy deger
Täzelikler,
Perishdejik
tarapyndan
8-08-2021, 17:11