Ýaşy segsene ser uran Tumar enäni obasynda, hatda goňşy obalarda-da tanamaýan ýokdy. Kimiň başy agyryp, baldyry syzlasa, olara tarap eňibererdi. Oba dagy etekläp oturansoň, bahar aýydygyna garamazdan,
howa salkyndy. Agşamara biraz daşarda köpräk oýnan Nazarjyk ýarygijeden soň, towlanjyrap, aglap başlady. Ejesi ony köşeşdirjek bolup her zat etse-de, gitdigiçe möwjeýärdi. Agtygynyň sesine oýanan Sabyr daýza oglanjygy aýagyna alyp, ony yrap ýatyrjak boldy. Enesiniň aýagynda mähirli hüwdä maýyl bolup, derrew irkilýän çaga ýatarly däldi. Gaýyn-gelin biri-birinden beter aljyrap başladylar. Olar çagany haýal etmän, syrgynlarynyň aýagujunda ýaşaýan Tumar tebibe görkezmegi makul bildiler. Gelin ýanyna uly ogluny ýoldalyk
aldy-da, Nazarjygam kiçijik ýorganyna dolap, tebiplere tarap haýdap gitdiler. Olar bimahal wagty tebip enäniň gapysyny ýaýdanyp kakmaly bolmadylar. Iri-giji diýmän, näsaglary kabul etmäge werziş bolan tebip
derrew olary öz otagyna saldy. Çagany pejiň gapdalynda ýatyrdy-da, emaý bilen sypalamaga başlady. Gözi
bolsa tekjede hatar-hatar edilip goýlan ot-çöpli kagyz gutujyklardyr mata haltajyklardady. Ol hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabynda aýdylýan dermanlyk ösümliklerden demlenip taýýarlanan suwuklykdan çaga birki çemçe içirdi. Iki diş sarymsagy
arassalap, bölüşdirdi-de, üstüne porsaňňyzadan iki çümmük atyp döwdi. Iki çemçe saryýag goşup, mazaly garyşdyrybam, çalmaga başlady. Agyrysy gowşan bolarly, çaga gözlerini süzüp, meýmiräp ugrady. Ynjalan Nazarjygy ýorganyna dolap berdi-de, daňa golaý garyndydan galanyny ýyladyp çalmagy tabşyrdy. Olaryň ýoluna seredip oturan Sabyr daýza tirkeşip gelýän agtygydyr eli çagaly gelnini görüp ynjaldy. Maňlaýjygy nyň derini ýalpyldadyp ýatan çaganyň emi-ýomy şol boldy-da, gutulyp gitdi. Ertesi daňdan horazlaryň sesine oýanan Tumar ene derwezesiniň çalaja kakylýan sesini eşidenden, haýdap bardy. Görse, gulpajygy egnine düşüp duran gyzjagaz bir eli bilen içini tutup, beýleki elini ejesiniň elinden berk gysyp durşuna, ýaşly gözjagazlaryny tebip enä dikip, naýynjar seredýärdi. Tumar ene derrew kiträ azajyk suw guýup, gazda
goýdy. Soňra üzärligiň nohut ýaly düwmesinden bäş-alty sanysyny owradyp, ýarym litrlik çüýşe gaba atdy. Sanjym eder öýdüp gorkup duran gyzjagazy ýatyryp, onuň garnyny sagadyň diliniň aýlanyşy ýaly edip, sypap ugrady. Üzärlikli suw sowaýança, oňa sorag berip başlady:
— Akyllym, sen bu gün näme iýdiň? Howlukma-da aýdyp ber! Çynaryň aşagyndan akýan ýapdan suw içdiňmi? Agzyňa ýuwulmadyk gök-sög-ä salan dälsiň-dä?
— diýenden, gyzjagaz:
— Ene, şu gün baýra gül ýygmaga gitdik. Agam maňa jümjümäniň akja köküni köwläp berdi. Süýjüje eken,
şondan-a iýdim. Gaýdyp barýarkak jübimdäki kempudym elimden gaçdy. Ýöne men ony üfläp, hapasyny
aýryp iýdim-ä. Eriklerem bişip ugrapdyr. Turşuja eken, iki sanyjak iýdim — diýdi.
Ene ýylgyrdy-da:
— Gyzym, bişmedik zatlary iýseň, içiň agyrar. Ýere gaçan zadam agzyňa salnarmy? Gök önümleri örän gowy edip ýuwmaly. Eliňi mazaly sabynlap ýuwman, hiç zat iýmeli däldir — diýdi. Soňra hasany üç-dört gatlap epledi-de, oňa ütük basdy. Üzärlikli suwy hasadan süzüp, ýarty käse çemesini gyzjagaza içirdi. Galanyny ejesine berip, birki çemçeden günüň dowamynda içirmegi hem-de ýagly-ýüzli zatlardan, gök önümlerden
saklanyp, kakan çöregiň üstüne gatyk guýup bermegi sargady. Entek olar gaýtmanka, gapydan giren on-onki ýaşlaryndaky oglanjyk jalbarynyň bir gonjunyň dyzynyň ýanyny eli bilen tutýardy. Ol eneli-gyz öýden çykandan, dyzyndaky ýarany tebibe görkezdi. Ýykylyp, dyzy sypjyrylanda, ýarasynyň kiçijikdigini, iki-üç gün geçenden soň, ulalyp başlandygyny aýtdy. Tumar
tebip:
— Wah-eý, oglum, ýaraňa hapa düşüpdir, iňňe ýaly ýeriň sypjyrylsa-da, ony örän arassa saklamalydyr. Sähel
äsgermezlik etseň, oňa hapa düşer-de, azmak bilen bolar. Ähli derdiň dermany arassaçylykdyr — diýip,
melhem gaýnadýan pitisine bir gysym çopantelpek atyp, gazda goýdy. Ol gaýnaýança, gandeper diýilýän dermanlyk otdan owradyp, üstüne ýag goşup, mäjumlap, ep-eslije melhem ýasady. Mazaly gaýnan çopantelpekli suwuň üstüne gaýnadylyp, sowadylan suwdan goşup, mylaýym suw edip, ýarany emaý bilen ýuwdy.
Taýýarlap goýan melheminden ýara çalyp, galanyny üç-dört gün çalsa, bitip gitjekdigini aýtdy. Tumar enäniň uly ogullary öýlenip, özbaşlaryna öý-işikli bolup ýaşaýardylar. Körpe ogly hem üç çaganyň atasydy. Ol dynç güni säher bilen huruşlyk bakan bag goýnuny soýmaga başlady. Eli kündükli uly ogly bolsa kakasyna kömekleşýärdi. Daşarda sekiniň üstünde oturan Tumar ene olary synlaýardy. Ogly maly soýup boldy-da, uly jama atylan etleri öýe saldy. Malyň garyn-gajagyny bedrä salyp, alyp gitdi. Ony zyňyp geldide, mal soýlan ýere pil bilen gum sepip ugrady. Ony gören tebip ene:
— Duraweri, oglum. Ilki teläriň aşagyndaky tamdyr towulyk üçin goýlan üzüm çybyklaryndan birki penje getir-de, ataň edişi ýaly, gazan çukurjygyň üstünde ot ýak. Onsoň üstüne piliň bilen gum sepseň bolar. Yskoka, zirzibile gonup ýören siňekler derrew üýşer. Olar gap-gaja gonaýsa, başga dert gerek däldir. Derrew keselçilik başlar. Kesellerden goranmak üçin, ilki bilen, arassaçylygy berjaý etmelidir. Tumar tebip sözüni soňlap-soňlamanka, goňşusy hüňürdäp derwezeden girdi. Ýanynda-da gyzy. Bokurdagynyň mäzleri mazaly galan
bolmaly. Ol zordan ýuwdunýar. Ejesi gaharly gürlemäge başlady:
— Men-ä şulara aýdyp ýadaýan. Eginleri çyplak, sowadyjydan şerbet bolsun, gök önüm bolsun, çykarýarlar-da, şol wagtam içýärler, iýýärler. Ynha-da, netijesi. Gözümden sypdyraýypdyryn-da. Tebip elini sabynlap ýuwdyda:
— Bärräk süýş gyzym,
bokurdagyň-a boljagy bolupdyr. Derrew em etmesek, kösenersiň. Goňşy gelin, üç-dört litrlik pitide üzärlikli
suw gaýnat. Soňra başyny galyňrak zat bilen basyryp, agzyny buga tutsun. Indiki gezek çopantelpek atylyp,
gaýnadylan suwuň buguna dem alsyn. Şol suwdan bokurdagynda saklabrak agzyny çaýkasyn. Soňra gyzgyny
sowamanka, daş ýüzünden mäziň üstüne gyzgyn suwda ýatyrylan almany ikä bölüp, dözer-dözmez et-deýap.
Ol sowandan soň aýyr-da, burçluja unaş içir. Şulary üç gün dowamly gaýtala. Arasynda aýagyny hem üzärlikli gyzgynjak suwda saklap, soňra gowuja basyrsaň, nepi deger. Sowuk zatlardan saklanawersin — diýdi.
Tumar enäniň öýdeş gelniniň dördünji perzendi dünýä indi. Ene bäbegiň ýassygynyň aşagynda bir bölejik
çörek, başujunda birki diş sarymsagy arassalap, elýaglyga düwüp goýdy. Mukaddes çörek çaga ýoldaş bolsa, sarymsagyň ownuk-uşak mörjewlerden goraýandygyny düşündirdi. Gelne bolsa ýaşmagyny berkje ýaşynyp,
kyrk çilesinden çykýança, toýa-tomga gitmezligi, hapa atylýan ýerlere golaýlaşmazlygy sargady. Gaýnyny ünsli diňläp duran gelnine ýaşmagyň ululara bolan sylag-hormatdan başga-da, howadaky ýaramaz tozanlary saklaýandygyny, zir-zibillerden daşda durmak bolsa täze bäbeklän gelniň kakyn-silkinden goranmagynyň ilkinji şertidigini düşündirdi.
«Buşluk habary ganatly bolýar» diýleni. Ol habary eşiden goňşy-golamlar pişme toýuna ýygnandylar. Toýa gelenler naşyja bäbegi ýüzlerine sylyp, ýaşynyň uzyn bolmagyny dileg etdiler. Giňden ýazylan naz-nygmatly desterhanyň daşynda edilen süýji arzuwlaryň yzy Tumar enäniň sargytlaryna utgaşyp gitdi. Endigine görä,
tebip ene märekäniň üýşen ýerinde ynsanyň saglygynyň baş baýlykdygy, saglygyň «piriniň» bolsa, arassaçylykdygy, pamyk ýaly päkizeligiň bolan ýerinde keselleriň ýom-ýok bolýandygy barada gürrüň berýärdi. Tumar tebibiň türkmeniň ata-baba dowam edip gelýän arassaçylyk däpleriniň saglyga edýän ýagşy täsirleri baradakysargytlary oba adamlarynyň ýörelgesine öwrülipdi.
konkurs üçin $45
Täzelikler,
Miss_minnosh
tarapyndan
8-08-2021, 18:40