Gujagyñda çagalygym ýatlaýyn,
Eje maña húwdi aýdyp bersene!
Dyzyñda baş goyup biraz uklaýyn,
Eje ýene húwdi aydyp bersene.

Sesiñem durydan şeýle myylayym
Señ mähriñe çoýunaýyn ýylaýyn
Aramyzda sag aman gez ylaýym,
Eje ýene húwdi aýdyp bersene.

Señ òniñde perzent borjun haklaýyn,
Sarpañy elmydam belent saklaryn
Sen hiñlen men caga deýin uklaýyn,
Eje maña hùwdi aýdyp bersene!

Ulalsagam señ gôziñe çaga biz
Has duşindik gara bilen aga biz,
Bagtly biz hùwdi diñlan cagymyz.
Eje maña hùwdi aýdyp bersene!

Ynjytmazdyñ ynjasagam dózmezdiñ,
Biz ùçin mähirli sóygiñi berdiñ.
Yañlanyp dur gulagymda her pendiñ
Mähribanym húwdi aydyp bersene!

Señ òniñde bir ómirlik bergili,
Mydam saña alkyş aýdyp ýórmeli.
Doyman diñlap seniñ húwdileriñi
Käbäm ýene húwdi aýdyp bersene!

Eneler ýamanlyk ýuzin górmesein
Šatlykdan ýúzleri yylgyryp dursyn
Ogluñ ýene aýdymyñy diñlesin
Mãhrem ejem hùwdi aýdyp bersene!.

Söhbet Orazmuhammedow.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Mähri tarapyndan 12-08-2021, 20:44

  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 1 13 августа 2021 03:38
    Huwwa huwwa ýatypdyr
    Mähriş gyzym uklapdyr.
    Sentýabrda okuwa baranda
    Bäşlik baryn alypdyr.
    Allan allan al biter
    Nar agaja gül biter
    18-ýaşyna baranda
    Unwerstedde talypdyr
    Huwwa huw.
    Jogap
  • Mähri Mähri off № 3 13 августа 2021 07:26
    geçip barýaka sowlan,
    Yokarky huwdi gowy eken , sag boluň :)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler