Myrat maña Begmyrat kapitanyñ öýlerine baryp gaýtmana ýoldaş bolmagymy haýyş etdi. Men onuñ sebäbinem soraman:
-Bolýar dost baryp gaýdaýarys-diýip klasdaşym we iñ ýakyn dostdum Myrat bilen Begmyrat kapitanyñ öýlerine uğradık. Men gapynyñ agzyna baryp,gapyny iküç gezek kakanymdan soñra içerden Begmyrat kapitanyñ sesi geldi:
-Giriberiñ gapy açykdyr.
Men gapyny açyp içeri girmek boldum . Emma Myrat añyrraga çekilip mölirgäp duruberdi. Men Myrada
-Ýör dost öýe girelidä-diýdim. Myrat şonda-da sesini çykarman şol duran ýerinde durdy. Men Myradyñ bolup durşuna gaharlanyp:
-Ýör-dä indi beýdip durmada girjek bolsañ girdä-diýip gygyrdym. Soñ gapyny açdym. Şol wagt Begmyrat kapitan gapa tarap ýöräp gelýärdi. Myrat onuñ gelýänini görip derrew aşhananyñ içine okdurlup girdi. Menem onuñ yzyndan ylhadym. Soñra Begmyrat kapitan ýanymyza ylgap geldi-de Myradyñ ýakasyndan tutup zor bilen özine çekip başlady. Myrat bolsa ýarym-ýaş bolup kapitana dilinden gelenini diýip gargaýardy:
-Göýber haramzada göýber. Bu eden işleriñ bilinmez öýtme haramzada ahyrsoñy biliner bu edenleriñ göýber...
Men nämäniñ nämedigine düşünip bilmän şol bir duran ýerimde durdum. Soñra "Myradybir halas edeýin "diýip aşhana tarap ylgadym.
Barsam gapynyñ agzynda Myrat gözlerine ýaş aýlap öýe girmejek bolup bar güýjini aýaman yza çekilýärdi.Kapitan bolsa;
-Gel jigim saña hakykaty görkezjek gel gel gel diýýân saña hakykaty görkezjek-diýip bar güýji bilen Myradyñ ýakasyndan tutup çekýärdi.Men Myradyñ bilinden soñ kapitanyñ elinden tutup çekip başladym. Ahyry Myrat kapitanyñ elinden sypyp klubyñ içine gaçyp gitdi. Ýöne kapitan bizi kowalajagam bolmady. Ol gapyny içinden gulplap agyr oýa batdy. Şol pursat öýiñ içinden onuñ horkuldap aglaýan sesi eşdilýärdi. Myrat kapitanyñ yzyndan kowalamaýandygyny duýup öýden biraz daşlaşdyda ýörâp başlady. Men onuñ yzyndan ýetip,ýanyndan ýöredim.Men henizem hiç zada düşünmeýârdim. Edil şol wagt Myratdan nâmeleriñ bolýanyny soramana girişdim. Myradyñ ýüzüne seretsem ýüzi jym-gyzyl bolupdyr,ýakasy bolsa biraz ýyrtylypdyr. Soñ men hiç zat geplemedim. Öz içimden "Goý aglap biraz köşeşsin soñurak soraýarynda "diýip öz-özime göwinlik berdim. Şol barmana biz obasebede golaýladyk. Ahyry men özimi saklap bilmân:
-Myrat aýtsana indi nâm boldy size. Biz nâm üçin obasebede barýas?-diýip soradym. Myrat soragyma bir agyz:
-Hâzir bilersiñ-diýdi-de obasebede girip gitdi. Az wagtdan soñ Myrat obanyñ üçasgaboýy bilen gapydan çykdy. Biz üçasgaboýyñ ulagyna münüp Begmyrat kapitanyñ öýlerine tarap ugradym.Men maşynyñ yzynda oturdum. Myrat maşynyñ öñine münüp üçasgaboýa âhli bolan wakalary gürrüñ berip gelýârdi.
* * *
Bu wakanyñ döremegine iki çüýşe arak sebâp bolupdy. Tâze ýyl gijesi arakdan bez bolan serhoş kapitan iñ ýakyn dosdy. Annageldiniñ öýlerine geldi. Öýe girdi. Saçak başyna geçdi. Ahyry arak cüýşâni öñlerine atdylar. Iki ülpet arak başynda degişip-gülişip "hahahaýlaşyp "oturdylar. "Hahahaýyñ"soñy dawa ýazdy. Soñ urşa. Arakdan serhoş bolan alkaşlar özara garpyşdylar. Öý eýesi Annageldi eline ilen pyçagy aldy-da. Begmyrat kapitanyñ üstüne topuldy. Ýöne onuñ öz pyçagy,öz tenine girdi.
* * *
Ahyry biz Begmyrat kapitanyñ öýlerine bardyk. Men indi hasam howatyrlanyp başladym. Üçasgaboý bize:
-Siz maña maşynda garaşyñ-diýip özi seresaplylyk bilen Begmyrat kapitanyñ öýlerine ugrady. Bâş-on minut geçeninden soñ ol lapykeç ýagdaýda yzyna dolandy. Soñra ol bize:
-Baryñ oglanlar siz öýiñize gaýdyberiñ-diýdi. Ýöne biz wakanyñ anygyna ýetmân öýe dolanasymyz gelmeýârdi. Biz hiç zat geplemân üçasgaboýyñ ýüzüne seredip durduk.Ahyry üçasgaboý içini çekip şeýle diýdi:
-Begmyrat özine asypdyr...
Hormatly ildeşler arak içmek âhli erbetikleriñ,helâkçilikleriñ başy hasaplanýar. Goý merhemetli Alla hemmâmizi arakdan we arakkeşlikden uzakda saklasyn. (ÂMIN)
Arakkeşligiñ soñy (hekaýa)
Täzelikler,
Miss_minnosh
tarapyndan
13-08-2021, 09:35