Nasreddin Ependi dagbiddinli uly ishan Fathulla ibn Samsakyñ ashpezi bolupdyr. Günlerde bir gün öý eýesi ony ýanyna çagyryp:
___ Ertir Samarkantdan hormatly myhmanlar gelýär. Bazara gidip, iñ oñat iýmit önümlerini satyn alyp, iñ tagamly nahar taýýarla - diýip, oña tabshyrypdyr.
Myhmanlar saçagyñ bashyna geçip, nahar iýmäge bashlanlarynda ähli naharlaryñ sygyryñ dilinden edilendigine göz ýetiripdirler.
Fathulla ibn Samsakyñ gahary gelip:
___ Kelesañlaryñ kelesañy diýsäni. Men saña iñ tagamly, süýji nahar bishir diýipdim ahyryn. Sen bolsa nädäýipsiñ? - diýipdir.
___ Merhemetli ishan, dünýäde, heý, dilden süýji hem zat bolarmy? Adamlar dil arkaly biri-biri bilen mährem gürleshýärler, söýgi hakda söhbet edýäler, doga okap alladan shepagat soraýarlar.
Fathulla ibn Samsakyñ myhmanlary agsham naharynda hem ähli naharyñ dilden taýýarlanandygyna göz ýetiripdirler.
Fathulla ibn Samsak Ependini ashhanadan çagyrypdyr-da:
___ Gargysh siñen! Sen, näme, meni äsgermezlik edýärsiñmi? Men saña ýiti, ajy nahar taýýarla diýipdim ahyryn. Sen bolsa ýene-de dili getirip öñümde goýýarsyñ - diýip, onuñ üstünden dökülip bashlapdyr.
Ependi mysapyrlyk bilen:
___ Heý, dilden ajy, dilden ýiti hem zat bolup bilermi? Dünýäde zakgun ýaly ajy, päki ýaly ýiti dilden erbet zat bolmaz. Adamlar hapa sözler bilen biri-biriniñ üstüni gömýärler, al-arwahyñ adyny tutýarlar.
Bu ýagdaýa myhmanlar geñ galyp:
___ Siziñ ashpeziñiz hakyky filosof - diýipdirler.
Iñ süýji we iñ ajy zat.
Tehnologiýa,
Mähri
tarapyndan
18-08-2021, 09:51