Ýeriň togalak şar şekillidigini gadymy alymlar birnäçe gezek subut edip kitaplar, eserler ýazypdyrlar. Ýöne näme tekiz ýerçiler delje subutnama çöpläp şolary bezäp adamlaryň gözüne görkezmäge ýa-da dogrudygy belli bolmadyk ynançlar bilen aňlary gurşap alýan teoriýalary bilen öz haýranlaryny köpeldýändir öýdýändirler. Ýöne ine Seljukly türkmenleriniň iň soňky hökümdary Soltan Sanjaryň köşgünde Obserwatoriýada işlän, ömrüniň köp bölegini ylma bagyşlan alym Bahaweddin Ebu Bekr Muhammet ibn Ahmet ibn Ebu Bişr Hüseýini Harakynyň ''Kitab el Nejm'' atly eserinde Ýeriň togalakdygyny subut edip bilipdir. Eger tekiz ýerçiler bu alyma hem Ptolomeýiň eserlerinden çeşmelenen teoriýadan ugur alypdyr diýip hasaplaýan bolsalar onda tutuş Ylmy obserwatoriýa, tejribeler, Ýyldyzçylyga degişli (Älem) ylymlaryň barysy Bahaweddin Ebu Bekr Muhammet ibn Ahmet ibn Ebu Bişr Hüseýini Haraka nämä gerek bolduka? Ol şol ylmy tejribeleri geçirmän ''Ýer Togalak'' diýäýdimikä?
Ol 7-ä golaý subutnama bilen ''Asmanlaryň we beýleki sada jisimlariň togalakdygyny deliller beýanynda'' aýdyp berýär. Onda tekiz ýerçiler şulary gyssanman okasalar köp zada obýektiw garap başlarlar. Biz bu ýazgylary Atamyrat Saryýewiň gönümel terjimesi boýunça üýtgetmezden ýetirýäris. Alym şeýle diýýär:
1. ''Delilleriň biri biz ýyldyzlaryň gündogarda görünýändiklerini, soňra bolsa gijäniň dowamynda az-azdan ýokary göterilýändiklerini, soňra gijäniň dowamynda az-azdan ýokary göterilýändiklerini we günbatara tarap ýuwaş-ýuwaşdan peselip, iň soňunda gözýetimde ýitip, ýaşýandyklaryny görýäris. Soňra olar ertesi gijä çenli gözümize görünmeýärler. Ertesi gije olar agzalan tertipde hereket edýär. Beýle tertip diňe aýlawly çyzyga görä hereketde görünýär. Eger olar göni çyzyga görä hereket etseler, onda başlangyç nokada dolanyp gelip bilmezdiler we tükeniksiz yza gaýtmaýan hereketde bolardylar.
2. Delilleriň ýene biri - biziň demirgazyk polýusa has ýakyn ýyldyzlary şol bir bellenen nokatda görýändigimizdir. Çünki olar şol bir nokadyň daşyndan aýlanýar. Beýle ýagdaý Jedi (Guzy), Farkadeýn, Benatu Nagş (Ýedigen-Uly Ýedigen) bilen demirgazyk tarapda bolup geçýär. Polýusda göterilmegiň orny näçe beýik bolsa, şonça hem ýyldyzyň görünýän wagty uzak bolýar. Eger polsdan aşak düşse, onda ýyldyzyň ýaşýan wagty görünýän wagtyndan az bolýar. Beýle ýyldyz ýeriň astynda köp wagt gezýär. Günorta polýusda görünýän ýyldyzlar örän azdyr.
3. Delilleriň ýene biri - biz görünýän jisimleri görnüş tapawudy (Ýyldyzy gözegçiligiň gözi bilen birleşdiriji çyzyklar bilen ýeriň ýyldyz bilen gapma-garşy nokatlarynyň arasyndaky burç, parallaks) bilen görýäris. Çünki olaryň göz bilen aralygy üýtgäp durýar we dürli uzaklykda bolýar. Eger ýyldyzlar togalak bolmadyk bolsady, onda olar bilen gözüň arasy şol bir aralyk bolardy. Biz olary demirgazyk polýusda hem, günorta polýusda hem şol bir aralykdan görerdik. Beýle ýagdaýda ýyldyzlaryň bize iň ýakyn wagty olaryň asmanyň ortasynda bolan wagtlary bolardy. Olar asmanyň ortasynda bolan wagtlary biz olary has gowy görerdik. Çünki, olar iň beýik gözýetimden has gowy görünýär.
4. Delilleriň ýene biri - asman bilen gözümiziň arasynda suwlarda döreýän Ýeri gurşap alýan buglaryň bar bolmagydyr. Ol buglar biziň gözümiz bilen ýyldyzlaryň arasynda ýerleşýär. Buglar köp bolsa, ýyldyzlar ýaramaz, az bolsa weli gowy görünýär. Munuň özi suwdaky balygyň suw çuň bolsa ýaramaz, pes bolsa gowy görnüşine meňzeşdir.
5. Delilleriň ýene biri - biz ýyldyzlaryň dürli wagtlarda dogýandyklaryny we ýaşýandyklaryny görýäris. Munuň özi biziň dürli ýerlerde ýaşaýandygymyz bilen baglanyşyklydyr. Ýyldyzlar her gije gündogarda dogýar we durnukly oklarynyň we iki polýusynyň töwereginden günbatara tarap hereket edýär. Ol iki polýus şeýle hem Älemiň (Ýeriň) polýuslarydyr. Polýuslaryň biri demirgazykda ýaşýanlara görünýär. Oňa ''Demirgazyk polýusy'' diýilýär. Beýleki polýus bolsa demirgazyklylara görünmeýär. Ol günortadaky ýaşaýjylara görünýär. Oňa ''Günorta polýusy'' diýilýär. Ýyldyzlar gündogardan dogsa, günbatarda ýaşýarlar. Çünki, olaryň günbatarda dogmagy we ýaşmagy gündogaryň tersinedir. Biz muny diňe Aý tutulmasyna gurallardan gözegçilik edenimizde bilip bilýäris. Gün tutulmasynyň dowamlylygy günbatardan gündogara dowamlydyr. Günüň gündogarda dogulmagy günbatarda ýaşmazyndan öň bolup geçýär. Onuň günbatarda ýaşmagy bizde gündogarda ýaşmagyndan öň bolýar. Eger Ýer togalak bolmadyk bolsa, onda Günüň, Aýyň we Ýyldyzlaryň dogmagy we ýaşmagy hemme ýerde birmeňzeş wagtda bolardy.
6. Delilleriň ýene biri - gündogarda hemişe görünýän ýyldyzlaryň käbiri günbatarda görünmeýär. Muňa Suheýl (Kanopus) ýyldyzy mysaldyr. Eger asman togalak bolmasa, onda bu ýyldyz hemme ýerde görünerdi.
7. Delilleriň ýene biri - asman meňzeş sada böleklerden ybarat bolan sada jisimdir. Ol bölekleriň tebigatlary bir meňzeşdir. Munuň ýaly birmeňzeşlik bolsa, diňe togalak zatda bolup biler''.
Ine, alymyň kosmosa çykman, ýönekeý obserwatoriýasynda we ýyldyzçylyk ylmyna degişli bolan gurallarynda Ýeriň togalakdygyny subut edip görkezişi. Bu alym bolsa Illimunati gara güýçlerinden öň ýaşap geçen, bizdenem tas 1000 ýyla golaý mundan ozalky wagtlarda ýaşap geçen...
Indi maňa aýdyň, daşary ýurtlylara aňyny aldyran gadyrdan tekiz ýerçi teoriaçylar! Siziň gatlakly tekiz ýeriňiz subut edilenmi ýa tekiz çörek ýaly Ýeriňiz subut edilen? Ýa düňderilip goýulan gazan ýaly Ýeriňiz subut edilen!?
Özüniňiz aýdyp otursyňyz '' Illimunati şeýdip bizden syr saklaýar, Ýeriň hakyky formasy bizden gizlenýär'' diýip daşary ýurtly Tekiz ýerçileriň tarapyny tutup You Tube roliklerine aklyňyzy aldyrýarsyňyz, siz nireden biljek Tekiz ýerçileriň Illimunata gulluk etmeýändiklerini!? Ilki Ýeriň tekizdigine degişli subutnama diýip gygyryşyp oturman Tekiz ýerçi bolar-bolgusyzlaryň gulluk edýän oppozisiýalaryny anyklap görüň!
Bu hakda aýdyp diýip oturara zat kän. Sözümiň ahyrynda bolsa her bir aýdylan habarlara eserlere ynanyp ýörmäň diýip aýdýanlarym Tekiz ýerçi teoriýaçylara ýanalan nyşanaly sözlerimdir...
Tekiz Ýer teoriýasyny çüýredýän subutnamalar
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
30-05-2021, 17:46