Häzirki wagtda dündelik durmuşy telewizorsyz göz öňüne getirmek kyn. Belki-de, iň köp ulanylýan öý hojalyk enjamy telewizor bolsa gerek. Dürli temalarda maglumat berýän teleýaýlymlaryň köp bolmagy tomaşaçylara ýygy-ýygydan başga teleýaýlyma geçirmegine mümkinçilik döredýär. Mundan birnäçe ýyl ozal adatça, öýdäki iň kiçi çaga buýrulýan beýleki teleýaýlyma geçirmek işini, indi uzakdan dolandyrylýan ýönekeýje enjam ýerine ýetirýär. Köp adam bu enjamyň oýlanyp tapylmagynyň döredýän rahatlygyny nazarda tutup, onuň oýlanyp tapylmagynyň telewizoryň oýlanyp tapylyşy ýaly ähmiýetlidigini aýdýar. Aslynda, uzakdan dolandyrylýan ilkinji telewizorlaryň taryhy gaty bir uzak hem däl. Muňa garamazdan bu enjamlar, takmynan, 60 ýylyň dowamynda ençeme özgerişleri başdan geçirdi. Şeýle-de bolsa, haýsydyr bir elektron enjamy uzakdan dolandyrmaga degişli açyşlar has ir edildi.
Enjamy kabelsiz uzakdan işletmegiň ilkinji mysalyny 1894-nji ýylda iňlis fizigi Oliwer Loj oýlap tapýar. Ol elektromagnit tolkunlaryny ulanyp, elektrik toguny ölçeýän galwanometri döredýär. Soňabaka adamlarda beýleki enjamlary hem uzakdan dolandyrmak islegi döreýär. Şonuň netijesinde hem uzakdan dolandyrylýan telewizorlar, serginledijiler we beýleki enjamlar peýda bolýar. Şu makalamyzda telewizorlaryň şeýle görnüşiniň taryhy barada gysgaça maglumaty size ýetirýäris:
«Lazy Bones»: telewizorlaryň uzakdan dolandyrylýan ilkinji görnüşi bolup, ol «Zenith Radio Corporation» kompaniýasy tarapyndan döredildi. 1950-nji ýylda işe girizilen bu telewizorlara uzynlygy 6 metr bolan kabel birikdirilen.
«Flash-Matic»: «Zenit elektronics» kompaniýasy 1955-nji ýylda uzakdan dolandyrylýan ilkinji kabelsiz telewizory döredýär. Kompaniýanyň inženeri Ýujin Polli tarapyndan işlenip düzülen «Flash-Matic» diýseň ýönekeý görnüşde işleýärdi. Enjamyň özi aslynda yşyk beriji çyradan ybarat bolupdyr. Dolandyryjydan çykýan çyra telewizorda ýerleşdirilen düwmelere «tutulyp», belli bir nokada ugrukdyrylýardy. Şeýlelikde, çyra arkaly bellenen amal ýerine ýetirilýärdi.
«Infrared Controls»: 1970-nji ýyllaryň ahyryna çenli telewizorlary uzakdan dolandyrmagyň amallary hiç hili üýtgemedi. Emma tehnologiýanyň kämilleşmegi we ulanyjylaryň isleginiň artmagy täzeçe amallaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy. 1980-nji ýylda ilkinji «Infrared Controls» dolandyryjylary peýda boldy. Kanadanyň «Viewstar» kompaniýasy tarapyndan döredilen bu tehnologiýa hersi dürli amallary ýerine ýetirýän birnäçe düwmeler arkaly uzakdan dolandyrylýar.
CORE: 1980-nji ýyllaryň ahyrynda adamlaryň öýlerinde uzakdan dolandyrylýan enjamlaryň sany köpelip başlapdy. «Apple»-iň esaslandyryjylaryndan Stiw Woznýak hem şol ýyllarda «CL 9» atly bir kompaniýa döretdi. Bu kompaniýanyň maksady birnäçe elektron enjamlary dolandyryp bilýän uniwersal uzakdan dolandyryjyny döretmekdi. 1987-nji ýylda kompaniýa öňde goýan maksadyna ýetdi we CORE (Uzakdaky enjamlaryň dolandyryjysy) atly önümini satuwa çykardy. Bu enjam dürli elektron enjamlaryň signallaryny öwrenip, olary dolandyrmaga ukyplydy. Emma bu önüm hem kanagatlanarly däldi.
Häzirkilere meňzeş uzakdan dolandyryjy enjamlar 90-njy ýyllarda kämil derejä ýetip, hemmeler üçin elýeterli boldy. Häzirki wagta çenli uzakdan dolandyrma enjamlary gaty çalt üýtgeşikligi başdan geçirdi. Telewizorlaryň, emeli hemralar arkaly tomaşaçylara ýetirilýän teleýaýlymlaryň we olaryň kabul edijileriniň sanynyň artmagy bilen uzakdan dolandyryjylaryň amallary hem artdy. Mundan başga-da, akylly telefonlaryň ýörite programmalary arkaly telewizora gözegçilik etmek we ony dolandyrmak mümkinçiligi döredi.
Uzakdan dolandyryjy enjamyň ösüşi
Tehnologiýa,
Men sho
tarapyndan
4-10-2021, 15:54