Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow şwesiýaly Karl Albrektsson bilen “Bellator 268” ýaryşynyň çäklerinde duşuşdy.

Bu tutluşykda “Korol” lakamly Karl Albrektsson ýeňiş gazanyp, özüniň ýeňişli ýollarynyň ýene-de bir basgançagyna çykdy. Ol eminleriň biragyzdan kabul eden çözgüdi esasynda ýeňiş gazandy. Eminler topary 29-28, 29-28, 29-28 ballyk netije çykardylar.

Şwesiýanyň metbugatynyň habarlaryna görä, şwed türgenine bu ýarym agram tutluşygynda ýeňiş gazanmak ýeňil bolmady. Her iki türgeniň hem özüniň gowy mümkinçilikleri boldy. 3 döwden ybarat ýaryşyň dowamynda her iki türgen hem ýeňiş gazanmak üçin tagalla etdi.

Iki türgen hem “Bellatoryň” ýeňil agramly synpynyň häzirki wagtda näderejede ýokarydygyny görkezýän täsirini görkezdi.

Ýöne, ýeňiş gynansak-da şwed türgeniň paýyna düşdi. Üç gaty kyn tapgyrdan soň, eminleriň hemmesi 29-28, 29-28, 29-28 sanlary bilen ýeňşi Albrektssona bermegi saýladylar. “King” Karl şeýlelik bilen dört ýeňiş gazandy.

Bu tutluşyk ABŞ-nyň Arizona ştatynyň Finiks şäherindäki «Futprint Sentr» arenasynda geçirildi.

Bilşimiz ýaly, ildeşimiz Döwletjan şu ýylyň aprel aýynda hem “Bellator” ýaryşynyň çäklerinde amerikaly Kori Andersondan hem ýeňlipdi.

Şwesiýaly Karl Albrektsson 15 tutluşyk geçirip, 12-sinde ýeňiş gazanyp, 3 gezke ýeňildi.

Ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow 26 tutluşyk geçirip, 18-sinde ýeňiş gazandy. Ol 7 tutluşykda ýeňlip, 1-inde deňme-deň netije gazandy.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sport, Asyrow_Danco tarapyndan 17-10-2021, 09:42

  • Asyrow_Danco Asyrow_Danco off № 2 17 октября 2021 09:46
    Mona Songz,
    Boks ugry gatykyn bolyar
    Jogap
  • Soho Soho off № 3 17 октября 2021 09:54
    bahbit bolsun, esasy zat masgara bolmandyr...
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 4 17 октября 2021 11:14
    Pöwhelay Ýagsymuradov
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 5 17 октября 2021 11:37
    Hay Atdaş aga bolmady bu gezegem, indiki gezek hokman yeners✊??‍♂️
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 6 17 октября 2021 12:24
    sᴛᴀᴛᴇ,
    Goysanay yenjegine gozim yetmeya
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 7 17 октября 2021 12:24
    Mona Songz,
    Gownun yetenyokmy sona urya
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 8 17 октября 2021 12:39
    sᴛᴀᴛᴇ,
    Howwa atdasyn eken inda wapse gownum yetenok ona
    Jogap
  • SAPALY_BEGENJOW SAPALY_BEGENJOW off № 9 17 октября 2021 12:54
    gordum boyuny gordum dowletjan yyglap yatyr
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 10 17 октября 2021 13:21
    SAPALY_BEGENJOW,
    Hahha asnam komege baramallanmy sen urusmany halayana
    Jogap
  • Asyrow_Danco Asyrow_Danco off № 11 17 октября 2021 15:27
    Siz Turkmenistanyn Abyrayy yokary galsyn diymeyaniz
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 12 17 октября 2021 17:53
    Bolupdyrda hhhhh hehehe Türkmenistanyñ abraýy diñe soña galan daldirow Aşgabatda Döwletjany nakaut edýän oglanlaram bar ýöne olar on ýaly ringden ringe bökjek bolup ýörenoklar
    Jogap
  • Nemoo Nemoo off № 13 17 октября 2021 20:45
    Baybovv diydinov ilki bn onun yzyndan yetsinler
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler