Zenan bolup, zenan dünýäsi, zenanyň ýüreginiň täsin güýji hakynda ýazmak, bir tarapdan öz-özüňi taryplamak ýaly görünse-de, bu asla beýle däl. Eýsem, zenany zenandan gowy kim tanar?! Erkek kişiler köp babatda zenanyň diňe daşky keşbine laýyklykda baha berýärler ahyry. Ol baha bolsa, tas elmydama diýen ýaly ýalňyş netije berýär. Diýmek, durşy bilen syra eýlenen zenan dünýäsini açmak, onuň ýekeje jadyly söze näzik göwnüni tapmak hemme erkek kişä başardanok…
Ýogsa-da, siz “Makala üstünlik hakynda bolmaly dälmidi? Awtor gele-gelmäne zenan dünýäsi barada söz açyp başlaberdi-le?” diýýänsiňiz. Gyssanmaň, meniň bu makalam diňe göräýmäge zenan hakynda ýalydyr…
Boýun almak gerek, ilçilikde gowy terbiýeli
maşgalalardan hem başynagidenräk, öýüň
terbiýesinden köçe terbiýesini ileri kabul eden ogullar çykýar. Elbetde, bu ýagdaý maşgalanyň ähli agzalaryny: ene-atasyndan başlap, aga-ýeňňesiniň, daýy-daýzasynyň hem ýüregini agyrdyp, kellesini
döwmäge mejbur edýär. Dürli çykalga agtarýan kelleler hakykatdanam döwülere gelýär. Netijede, köplenç oglany gowy terbiýeli, ýerlikli ýeriň gyzyna öýlendirmek
kararyna gelýärler. Aslynda dogry karar. Siz nähili pikir edýärsiňiz, näme üçin olar öz eýgermedik ogullaryny alaga-da, entek tanamaýan, özlerinden däl bir ýat gyza
ynanmagy göwnejaý hasaplaýarlarka? Men bu soragyň jogabyny her kimiň özüne goýup, makalamy dowam ediberýän.
Üstünlik barada ýazylan birnäçe makalalary okap, men bir zada göz ýetirdim. Biziň gaty köp bölegimiz üstünlik
diýip, öz iş ýagdaýymyza, wezipe basgançaklaryna düşünýän ekenik. Emma haýp! Esasy üstünlik, ilki öz durmuşyňy tertipläp bilmekdir. Öýde senden
seniň aýalyň – maşgalaň süňňi-sütüni närazy bolsa, seniň işdäki gazanan üstünlikleriň düýbi berk bolup bilermi? Işden soň rahat dynç almak üçin öýüňe
geleňde saňa ykbalyny baglan zenanyň senden närazy ýüzünden ertirki etjek işleriňe güýç alyp bilermiň?!
Belki, meniň bu aýdýanlarymyň käbir erkek kişilere ”Aýal-aýaldyr-da! Gülseň güler, ýogsa-da oturar-da!” diýdirmegi-de mümkin. Eger hakykatdanam şeýle
diýýän bolsaňyz, onda ol, bir jümle bilen aýdanyňda, aýagymdan urjak paltam eýýäm elimde diýdigiňizdir…
Meniň bu aýdýanlarym howaýy gürrüň däl. Dünýäniň köp döwletlerinde geçirilen pikir soraşmalaryna, durmuş wakalaryndan çykarylan netijelere, seljerilen hadysalara görä-de, kimde-kim öz aýalyna sowuk
hem-de äsgermezçilik bilen garaýan bolsa, onda üstünlik ol adamdan hemişelik ýüz öwürýär. Çünki zenanyň pikirleniş derejesi erkek kişiniňkiden köptaraplaýyn hem-de has döredijilikli bolup, ol zenana öz ykbalyndan daşary söýgüli ýanýoldaşynyň ykbalyna oňyn täsir etmäge-de şert döredýär. Haçanda aýal öz durmuşyndan, özüne goýlan hormatdan razy, bagtly halda ýaşasa, onda onuň ýanýoldaşynyň işleri şowlap, ýapyk gapylar açylyp, üstünlik hakyt onuň ökjesini sydyrdyp diýen ýaly ony yzarlamaga başlaýar.
Bu ýagdaý zenanyň içki dünýäsinde döreýän ýakymly rahatlygyň, aňrybaş göwnühoşlugyň netijesinde emele
gelip, öz zenanyny şeýle bagtyýar halda ýaşadýan erkek kişiniň şowlulygy we girdejini hut magnit mysaly özüne çekip durmagyna getirýär. Bu ýerde jadynyň ýa doga-tilsimiň ysy ýok. Muny zenan
psihologiýasyny gowy öwrenen bilermenler zenanyň güýçli duýgurlygy, gözbaşy kepemeýän gujurlylygy bilen düşündirýärler, hut şolaryň hasabyna-da,
zenanlaryň edýän pikiri, arzuwy durmuşa tiz ornaşýar.
Şu ýerde erkekleriň arasynda ýoň bolan “Aýallar diýýän bolsa dogrudyr” diýen degişme görnüşli aýtgynyň manysy-da öz-özünden açylyp goýberýär.
Britan kompaniýalarynda geçirilen seljermeler boýunça bolsa, maşgalaly erkek kişiler öz işlerinde görelde görkezip, wezipe basgançagynda ýokary galmakda sallah erkek kişilerden has öňde bolup çykdylar.
Eýse nä, öz tebigaty, ýaradylyşy boýunça gazanç, eklenç etmek buýrulan erkek kişä öz hakyky erkeklik borjuny duýup bilmegi üçin akylly-başly zenan, şol zenan bilen gurlan maşgala, ondan önjek perzentler
gerek. Ol şeýdip, söýgüli ýanýoldaşa, mähriban kaka öwrülmek arkaly durmuş ýodasyndan şowlulyk tigrine münüp, üstünlikden üstünlige sary müşgilsiz
aşyberýär. Çünki onuň öýünde ol hakynda ýagşy dilegler edip, onuň çagalaryny ýelden-Günden gorap, ezizläp oturan söýgüli aýaly bar. Oňa YNANÝAN,
BUÝSANÝAN, GUWANÝAN şol mähribanlary öňküdende begendirmek, öňküden-de bagtly etmek üçin ol üstünlik gazanman, dagy neýlesin! Dogry, taýagyň iki ujy bolşy ýaly, bu aýdylanlar zenan maşgalalara hem degişli. Zenan özüne Alla
tarapyn rowa görülen gyzgyn ýüregi, çäksiz mähri, ýumşak hamraklygy, nepis näzikligi öz maşgalasy, ýanýoldaşy üçin sarp edende durmuşynyň nähili özgerip, maşgalanyň neneňsi bagta eýe bolup
biljekdigine akyl ýetirmegi başarmalydyr we şoňa tarap ymtylmalydyr. Özüňizem pikir edip göräýiň, maşgalaň bilen bir jan, bir ten bolup, üstünlige ýetmek döwlet
üçin hem iňňän peýdaly. Bir maşgala – döwletiň bir bölegi. Onuň abat, agzybir bolmagy döwletiň peýdasyna. Ol maşgaladan görelde alýan maşgalalaryň
köpelmegi bolsa, döwletiň utuşy.
Üstünlik gazanmak üçin sagat näçede oýanyp, haýsy tarapyňa turup hereket etmegiň hem belli bir derejede täsiri bar bolmagy mümkin. Ýöne seni, hatda oýanmaly wagtyňdan ir hem bolsa, gurulgy sagadyň däl-de, öz mähriban aýalyň mylaýym sesi, öz çagalaryň gülküsi
oýarsa nähili gowy! Ol seniň öz iş günüňde üstünlik gazanmaga, özem hökman gazanmaga ýeterlik sebäbiň bardygyny aňladýar…
Men sözümiň soňuny bir tymsal bilen jemlemekçi: bir wagtlar Detroýtdaky elektrik kompaniýasynda bir ýaş
mehanik işleýän eken. Ol hepdede 11 dollar gazanç edipdir. Günde on sagat çeken zähmetinden soňam ol öz öýündäki saraýda ýarygijeden daňa çenli ulag
hereketlendirijisiniň täze görnüşini ýasamak arzuwy bilen ýatman işläpdir. Ony öz kakasy wagtyny biderek ýere giderýän, goňşulary bolsa aklyndan azaşan diýip
hasap edipdirler. Ýaş mehanige onuň aýalyndan başga hiç kim ynanmandyr…
Aýaly kerosin çyrany ýanýoldaşynyň kellesiniň üstünde ýadaman saklap durup, oňa kömek beripdir. Sowukdan
ýaňa aýalyň elleri gögerip, dişleri şakyrdap dursa-da, ol bir minudam ýanýoldaşynyň ýanyndan aýrylmandyr.
Çünki ol oňa şeýle bir ynanypdyr!
Günlerde bir gün şol mehanigiň saraýyndan ulag hereketlendirijisiniň sesi eşidilipdir. Biraz wagtdan bolsa goňşulary ýoldan “aklyndan azaşan” bilen
aýalynyň atsyz arabada gelýändigini görüpdirler. “Aklyndan azaşanyň” adyna Genri Ford diýýän ekenler. Ençeme wagtdan soň bilesigeliji žurnalistleriň biri
Forda şeýle sorag beripdir: “Aýtsaňyz-laň, eger siz dünýä täzeden inseňiz, onda kim bolmak islärdiňiz?”.
Forduň jogaby diýseň düşnükli we kesgitli bolupdyr:
“Tapawudy ýok. Ýanymda aýalym bolsa, bolany!”
Aýgül GARAÝEWA
“Üstünlik münberinde sözi zenana beriň!”
Sorag-jogap,
Nairobii
tarapyndan
21-10-2021, 22:45