Ölüme barýan...
Ölüme barýan,
Gülüp barýan,
Ömrümiñ biten ýapragyn tändirip,
Ýolup barýan.
Kä sabrym tükedip,
Howlugyp barýan.
Dünýäñ gözelligine ymtylyp barýan,
Nebsime büdüräp dümtünip barýan.
Pul diýip,
Solup barýan.
Ýasama ýasama
Loh-lohlap gülýän.
Öwrenilen adata öwrülip,
Kimiñ kimdigini öwrenip barýan.
Serhoşlygyñ çürbaşyna galyp barýan
(-Näme? Çürbaşy barmy diýsene,
-Lütümi çykaryp, ýyksa eýse nä?)...
Başymdan külümi sowuryp barýan.
Gözellik,
Hezillik,
Şol bir hereket.
Gaýtalanyp dur,
Gaýma-gaýmaşak.
Menem şol gaýmaşakda
Han bolup,
Arkan gaýyşyp.
Ulumsy häsiýete eýeläp
Özümçe özümde döredip kada,
Emma üýtgeşik däl hiç kimden
Adaty adam.
(Ýogsa-da nämäniñ pikirin edýän
Aý, ýöne bir öwrenen endik.
Bolşum şo...)
Üýtgejek bolup,
Her hilijek hilelere baş goşup,
Essimden aýylyp barýan,
Özümden özüm aýrylyp barýan.
Diñe birje zat aýan,
Ölüme barýan...
© REMEZAN MÄMETGURBANOW
Gülüp barýan,
Ömrümiñ biten ýapragyn tändirip,
Ýolup barýan.
Kä sabrym tükedip,
Howlugyp barýan.
Dünýäñ gözelligine ymtylyp barýan,
Nebsime büdüräp dümtünip barýan.
Pul diýip,
Solup barýan.
Ýasama ýasama
Loh-lohlap gülýän.
Öwrenilen adata öwrülip,
Kimiñ kimdigini öwrenip barýan.
Serhoşlygyñ çürbaşyna galyp barýan
(-Näme? Çürbaşy barmy diýsene,
-Lütümi çykaryp, ýyksa eýse nä?)...
Başymdan külümi sowuryp barýan.
Gözellik,
Hezillik,
Şol bir hereket.
Gaýtalanyp dur,
Gaýma-gaýmaşak.
Menem şol gaýmaşakda
Han bolup,
Arkan gaýyşyp.
Ulumsy häsiýete eýeläp
Özümçe özümde döredip kada,
Emma üýtgeşik däl hiç kimden
Adaty adam.
(Ýogsa-da nämäniñ pikirin edýän
Aý, ýöne bir öwrenen endik.
Bolşum şo...)
Üýtgejek bolup,
Her hilijek hilelere baş goşup,
Essimden aýylyp barýan,
Özümden özüm aýrylyp barýan.
Diñe birje zat aýan,
Ölüme barýan...
© REMEZAN MÄMETGURBANOW
[related-news]
[/related-news]
Özüňe wagtynda seretseň bu zatlary pikir etmegem gerek däl. Ýöne adam-da gysga wagtlyk lezzete özüni aldap, galan ömrüni dermanlar bilen geçirmäne razy bolýar.Soňam günäni başga adamlarda,başga zatlardan gözleýä.
Doktaram edil derman öndürýänler ýalyda ne öleniň gerek,ne gutulanyň bir topar derman ýazyp bererdä.
Похожие статьи
{related-news}Новые статьи
Обсуждают
bookloverliker
в посте
bookloverliker
в посте