Edebiýat

5061 статья

Ýalñyzlyk

Şatlyk bizi näme etsin, Gaýgy-gussa gapym kakdy. Biwagt gelen köne dostum, Gelip kalba kükürt çakdy. Ýyldyrymyñ tizliginde, Beýnim gözläp tapdy keşbiñ. Işlerimiñ saz gününde, Nirelerden ýada düşdiñ. Öz göwnünini aldan ýürek, Gül jemalyñ unutmandyr. Gursagymy gaplan ýigrenç, Päk söýgüni ýuwutmandyr. Nirede sen halyñ niçik, Aşygyñ alçy gopdumy. Şagal göwnüñ gawun seçip, Aşygyn gözläp tapdymy...

Minor - Experimental drill [terjime]

M1NOR - Experimental drill Bolar sowuk, bu köçede Ýene-de bu tok öçýär Tebigat zäherin saçýar Temperaturamy ölçedim Näme üçindir başym aýlanardy Sebäbini özüm bilerdim Boýun almasamda boýun almazlygymy, No başga zat diýip umyt ederdim Göýä ki köne ülpetlerim Meni çagyrýar köçä Näme bu galýusinasiýamy Ýa-da bir belamy şuňa meňzeýän Ýa-da bularyň ählisi Matrisada Hem-de sistemaň ýalňyşy bolsa nä?

Agyr degdi

Agyr degdi Duýdansyz kalbymdan çakan, Sözleň agyr degdi maňa. Gözlerme naýynjar bakan, Gözleň agyr degdi maňa. Seni şeýle gerekledim, Maňa şeýle gerekmidiň? Özün şeýle gerekleden, Közleň agyr degdi maňa. Gussaň lawly nokadyndan, Çek elimden, çykaýyn men. Indi nädip bakaýyn men? Ýüzler agyr degdi maňa. Bagt guşum uçurdym elin, Gidýaň, gowsun edýär Kerim, Ýene-de ýazaýjak welin, Sözlem agyr degdi

Giç bolan eken

Dostlugyñ içinde söýgüni bukup, Ykbalmydy bizi bagta dözmedik Ýygralyk çygryndan bilmänsoñ çykyp, Yşgyñ syrly matalyny çözmedik. Çagalykda gülüp, oýnap tersleşdik, Açdyk gözümizi mekdep töründe. Kalbyñ düwünçegin çözüp dertleşdik, Geljege bolsady ekipdik şonda. Göz ýetim ýakyn biz, ses ýetmez uzak, Ýürek syryñ aýan edýär gözleriñ. Göwün paltam daşa degip her gezek, Hyýalymda her ýan ýüzdi

Tüýdük

Çyzym-Çyzym, kesim-kesim oýumy, Bir ýüpe düzdüñde, asdyñ boýnumdan. Ýetirdiñ, hasratymyñ eýini, Zäher bolup bedenime ýaýrady, Alamatyn aýdyñ duýdum dünýäniñ, Halys Alla, Sapalagmy baýnadyp, Gitjek boldum goýnuñdan... Dürleriñe melul boldym, Gözümiñ görýänini düýs bildim. Täleýime pal garatýan täleýim. Ýorgudyny oñatlyga ündedi. Myssaryp galsa-da bagtly günler, Ol günleri ynsanlardan gözledim...

Ýatlaýañ gerek?!

Geçmişiñ çolaşan ýumagyn söküp Henizem sen meni ýatlaýañ gerek?! Ýalñyzkañ otagda göz ýaşyñ döküp Armanly günlere ätleýäñ gerek?! Keşbimi küýsäñde suratym jyklap Kalbyñy ýalandan şatlaýañ gerek?! Hyýalyñda ötünç sorap, gujaklap Söýgüde özüñi aklaýañ gerek?! Ömrüme ýakymly ýatlama diýip Menli günleriñi toplaýañ gerek. Aýralygyñ otly donuny geýip Janyñy ataşa oklaýañ gerek. Bir namardyñ ýazgarylsa