Eger garşy bolmasaňyz mukaddes päk dinimiz Yslam hakynda, yslam taryhy, yslam dinindäki borçlar (parz,wajyp,sünnet) hakynda kiçiräk sowalnama düzdim. Geliň özümizde test geçirip göreliň, dinimizi nä derejede bilýärkäk...
1. Yslam taryhynda birinji 'tarawa' namazyny başlap beren şahs kim?
2. Pygamberimiz Muhammet (sallallahu aleyhi we sellem) hadyslarynda aýdylşyça "Özi halal, ýöne Allatagalnyň iň ýaman görýän zady" näme?
3. Jemagat bolup okalan namaz, ýalňyz okalan namazdan näçe dereje üstün?
4. Yslam taryhynda birinji bolup ymamlara we azançylara aýlyk hakyny bellän şahs kim?
5. Hijri-Kamary ýyl hasabynyň birinji aýy haýsy?
6. Doga okalanda 'Ämin' (Omyn) diýmeklik haýsy pygamberden galan?
7. Nuh pygamberiň gämisini togtadan dagyň ady näme?
8. Yslam äleminde iň köp jynazasyna adam ýygnanan (1.000.000-den artyk) ynsan kim?
9. Dört Halyfanyň içinde iň baýy kimdi?
10. Öz zamanynda Yslam kuwwaty bolup tanalan şäher haýsy?
Yslamy Sowallar
Sorag-jogap,
Dark_Wolf
tarapyndan
2-02-2022, 19:37