Saýtda dinimize bolan gyzyklanmany nazarda tutyp, Yslamy sowallaryň 2-nji bölümini hem taýýarladyk.
Bu gezek azajyk çylşyrymlyrak, kynyrak bolmagy mümkin, oňa garamazdan hemmämiz bilelelikde jogaplary tapmaga urunarys.
Başladyk onda:
1. Pygamberimiz Muhammet s.a.w näçe ogly we näçe gyzy bolupdyr? (Bilseňiz atlaryny hem ýazyp geçäýiň)
2. Yslamda erkeklerden we aýallardan birinji bolup iman getiren kim?
3. Resulullah s.a.w "Magraj" gijesinde asmanda birinji haýsy pygamberi gördüler?
4. H.z Hamzany (r.a) naýza b.n atyp öldüren kim?
5. Nika - şerigatda nähili amal hasaplanylýar?
6.
a) "Juma" sözi nähili manyny aňladýar?
b) "Kyýamat" sözüniň manysy näme?
ç) "Umra" sözüniň manysy näme?
7.
a) Iň köp hadys rowaýat eden SAHABA kim?
b) Iň köp hadys toplan hadysçy alym kim?
8. Näçe mezheb bar we haýsylar?
9. Pygamberimiz (s.a.w) bir hadysynda "Mynapygyň (daşy musulman, içi kapyr) 3 alamaty bardyr.. birinjisi: Wada berse sözünde durmaz; ikinjisi: Amanada hyýanat eder; Üçünjisini siz aýdyň?
10. Eger bilseňiz keminden 5 sany sahabalaryň adyny ýazyň... (4 çaryýarlardan başga)
Yslamy Sowallar №2
Sorag-jogap,
Dark_Wolf
tarapyndan
4-02-2022, 11:55